Abadançylygyň we ösüşleriň ýoly

30 Noýabr 2022
612

Häzirki döwürde hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk ýoly hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer daşary syýasatynyň netijesinde hil taýdan täze derejä eýe boldy. Baky Bitaraplygyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýeti artdy. Agzybirligiň, jebisligiň netijesinde durnukly ösüşlere beslenýän Türkmenistanyň baky Bitaraplyk gününiň — 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip BMG-niň ýörite Rezolýusiýasy bilen ykrar edilmegi halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň aýdyň nyşanydyr.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny dünýä giňişliginde ösdürmek we ilerletmek geljek otuz ýylda ýurdumyzyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.