Bitaraplyk — bagtymyz

23 Noýabr 2022
711

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda geçýän 2022-nji ýylda belent mertebeli Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine galýan eziz Watanymyz hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllyk toýuna barýar. Agzybir halkymyz özüniň döwletlilik ýörelgesine eýerip, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna pugta jebisleşip, bu ajaýyp baýramçylygy uly zähmet üstünliklerine besleýär. Geçirilýän dabaralarda ýurdumyzyň gazananlaryna, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli halkara hyzmatdaşlygy öz beýanyny tapýar.

Häzirki wagtda ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz Aşgabat parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Aşgabadyň ajaýyp maslahat merkezlerinde, kaşaň myhmanhanalarynda dünýä syýasatynyň dürli meseleleri, howpsuzlyk, halkara söwda-ykdysady, ylym we bilim, medeni hem beýleki gatnaşyklar boýunça maslahatlar geçirilýär, möhüm çözgütler kabul edilýär.

Amangeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.