Düzme bäsleşiginde zehinliler ýeňiji boldy

24 Noýabr 2022
675

Sarahs etrabyndaky 1-nji orta mekdepde okuwçy ýaşlaryň arasynda düzme ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmen dili dersinde geçirilen düzme bäsleşigine etrapdaky orta mekdeplerden okuwçylar gatnaşdy.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik ýaşlara zehin-başarnygyny açyp görkezmäge mümkinçilik berdi. Onuň netijesinde düzme ýazmakda aýratyn tapawutlanan zehinli okuwçylar kesgitlendi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan bäsleşikde 1-nji orta mekdebiň okuwçylaryy A.Guwanjowa birinji, A.Toýlyýewa ikinji, 14-nji orta mekdebiň okuwçysy H.Hoşgeldiýewa üçünji orna mynasyp boldular.

Sülgün BEGMYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Sarahs etrap Geňeşiniň işgäri.