"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Tokaýlary goramak üçin 200 million

Eger birdenkä 200 million ýewro utuş gazansaňyz, puly nämä sarp ederdiňiz? Elbetde, bu sowalyň jogaby uzyn bolar. Ýöne, ynha, adyny mälim etmek islemedik bir fransiýaly tebigatşynas «EuroMillions» lotoreýasyndan utan şunça serişdesini siziň pikir etmejek, ýöne tutuş adamzat üçin juda bähbitli işe sarp etdi. Utuşyndan soňky ilkinji beren interwýusynda ol gazanan pullaryny özüniň tokaýlary goramak we gaýtadan dikeltmek hem-de biodürliligi gorap saklamak boýunça «Anyama» gaznasyny ösdürmek üçin sarp etmekçidigini beýan etdi.

Gözellik nury

Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi halkara jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň dünýäniň abadançylygy, global derejede ekologiýa-arassaçylyk çärelerini üpjün etmäge giňden seslenmesi hökmünde kabul edildi. Muny bolsa dünýä ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyna berilýän oňyn bahalar hem aýdyň tassyklaýar. Gözel paýtagtymyzyň bagy-bossan tebigatyny onuň islendik ýerinde görmek, ýakymly howasyny bolsa her ädim ýerinde duýmak bolýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda 145 milliondan gowrak bag nahallarynyň ekilendigi, paýtagtymyzda ähli amatly şertleri göz öňüne tutulan Botanika bagynyň hereket edýändigi we onda köpsanly bag görnüşleriniň ösdürilip köpeldilýändigi hem guwandyryjydyr.

Ählumumy ekologik howpsuzlyga goşant

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary ählumumy derejede giň goldawa eýe bolup, olaryň durmuşa geçirilmegi parahatçylygyň we durnuklylygyň täze ölçegini emele getirdi. Şunda ekologiýa diplomatiýasy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär. Aşgabat şäherine Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi bolsa ýurdumyzda daşky gurşawy goramak hem-de ekologik howpsuzlygyň institusional esaslaryny berkitmek babatda alnyp barylýan işlere aýratyn gyzyklanma bildirilýändigini tassyklaýar. XX asyryň ortalaryndan bäri has derwaýys häsiýete eýe bolan tebigaty goramak we ekologiýa bilen bagly meseleler häzirki zaman halkara syýasatynyň strategik gün tertibinde ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly ählumumy başlangyjy 2019-njy ýylda howanyň üýtgemegi boýunça geçirilen sammitde ýola goýlup, onuň esasy maksady şäherlerde amatly ekologik gurşawy emele getirmekden ybaratdyr. Şunda Aşgabat şäheriniň tebigaty goramak ugurly abraýly güwänama eýe bolmagyny şertlendiren binýatlaýyn tagallalar barada aýratyn durup geçmegi maksadalaýyk hasaplaýarys.

Böwürslen

Günorta-Günbatar Köpetdag ösümliklere örän baýdyr. Olaryň biri-de böwürslendir. Böwürsleniň dünýäde 250 görnüşi bolup, ýurdumyzda 3 görnüşi: garrygala  böwürsleni, anatoliý böwürsleni, gülgüne (gögümtil)  böwürslen duş gelýär.  Garrygala böwürsleni dag derman ösümligi bolup, dag derýajyklarynyň ugrunda ösýär. Miwesi gara, çal örtükli, ýumurtga şekilli bolýar. Böwürslen maý-awgust aýlary gülleýär, iýul-oktýabr aýlarynda miwesi ýetişýär. Ol tohumy, düýbünden çykan ösüntgileri bilen köpelýär. Ösümlik Günorta-Günbatar Köpetdagda, Ýolderede, Hozluda, Tälim hem Güwen jülgelerinde, Sumbarda, Könekesirde, Saýwanda, Gökderede, Arçabilde duş gelýär. Miwesi bişýänçä, özüniň reňkini üç gezek üýtgedýär. Ak, gyzyl, garamtyl, goýy gyrmyzy reňkli bolýar. Miwesi terligine iýilýär we gaýtadan işlenýär. Ondan bal, mürepbe, marmeladlar, şireli suwlar taýýarlanylýar.

Bagym bar — barym bar

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen badalga berlen ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze röwüşde mynasyp dowam edýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet baştutany wezipesine girişeninden soňra ilkinji il-ýurt bähbitli işini bag ekmek çäresinden başlamagynyň özi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 22-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habar barada hasabatyň berilmegi ähli halkymyzyň buýsanjyny has-da goşalandyrdy. Habar berlişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýandygyna şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologiýa h

Kämil hem tämiz şäher

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň at-abraýy, şan-şöhraty Ýer ýüzünde has-da ýokarlanýar. Golaýda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowşandygy baradaky aýdylan habary ildeşlerimiz uly buýsanç, şatlyk bilen kabul etdi. Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabady okgunly ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabada her gezek baranymda, täsin keşbine esewan edeniňde, ak şäherimizde amal edilýän beýik işlere buýsanjyň goşalanýar. Keşbi özgerdilen aýna ýaly tekiz, gijelerine bolsa şuglazar, nurana köçelerini synlanyňda, gözel paýtagtymyzyň beýik ösüşlerine, gür baglyga bürenmegine buýsanmazlyk asla mümkin däl. Ynha, bu gün ak şäherimiz Aşgabat gözel tebigaty, ekologiýa taýdan arassalygy bilen jahana ýaň salýar. Yşyklandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, bezeg işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi, bagçylyk hojalyklarynyň işgärleriniň ýol ugurlaryna oturdýan bezeg agaçlary tutu

Hoşallyk maslahaty

Bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň beýik ösüşleri ýurdumyzyň taryhy sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine girişen gününden başlap, bagy-bossanlyga öwrülen ajaýyp Diýarymyzyň her bir güni hoş habarlara, şatlykly wakalara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrylan ajaýyp ýylymyzyň aprel aýynyň 22-sine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan uly goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowşandygy baradaky hoş habar mynasybetli, ýaňy-ýakynda TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Medeniýet öýünde hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata harby ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary, serkerdeleri we harby talyplary gatnaşdylar. Hoşallyk maslahaty örän guramaçylykly ýagdaýda geçirildi we onda çykyş eden harby gullukçylar ýurdumyzda durnukly ösüşi gazanmak üçin öňde goýlan maksatlara ýetmekde göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmakda möhüm işleriň esasylaryny, dünýäde at-abraýa, şan-şöhrata eýe bolýan ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpd

Ekologiýa terbiýesi — sagdyn durmuşyň gönezligi

Ekologiýa terbiýesi harby gullukçylarda tebigata bolan söýgini döretmekde we ony goramagy üpjün etmekde adamzadyň orny baradaky garaýyşlary kemala getirmekde aýratyn uly ähmiýete eýe. Şundan ugur alyp, maýor Öwezmurat Abdullaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde harby bölümiň serkerdesiniň tyl boýunça orunbasary, maýor Parahat Seýitjanowyň we harby bölümiň lukmançylyk gullugynyň müdiri, lukmançylyk gullugynyň uly leýtenanty Söhbet Gurdowyň guramagynda «Ekologiýa terbiýesi — sagdyn durmuşyň gönezligi» ady bilen ekologiýadan okuw sapagy geçirildi. Bu sapakda tebigaty goramak we ekologiýany ýaramaz netijelere getirýän sebäpleriň öňüni almak boýunça geçirilmeli çäreler barada giňişleýin düşünje berildi. Şeýle-de ýurdumyzda bag nahallaryny yzygiderli ekmegiň we olara ideg etmegiň ýaşaýşyň amatly gurşawynyň döremegine ýardam berip, ilatyň saglygyna oňyn täsirini ýetirýändigi hakynda düşündirildi. Paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, her bir adamyň bu sogap işe goşant goşmagy parzdyr. Diýarymyzyň arassa howa gurşawynyň kemala gelmegini üpjün etmek bolsa ekologiýa terbiýesiniň özeni bolup durýar. Sapagyň ahyrynda merdana harby gullukçylar hem bu ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny beýan etdiler.

Daşky gurşawyň goragy — döwrüň derwaýyslygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çuň mazmunly çykyşlarynda: «Howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolar» diýip belleýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady tutulan ekologiýa syýasatynyň mundan beýläk-de rowaçlyk tapjakdygynyň, ilatyň saglygynyň hem-de ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagynyň güwäsi bolmak bilen, ýurduň durnukly ösüşiniň hatyrasyna ýerine ýetiriljek ägirt işleriň dabaralanmasy bolup ýaň saldy. Ösen ykdysadyýetiň şertlerinde ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramak, «ýaşyl ykdysadyýetiň» gerimini giňeltmek we mümkinçiliklerini kämilleşdirmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolmagynda galýar. Daşky gurşawy goramakda, durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalaryna ýardam bermek Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir. Ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde: «Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen, tebigy baýly

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň maý aýynyň 2-8-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14...+16°-dan +18...+20° aralygynda maýyl, gündizlerine +20...+22°-dan +28...+30° aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13...+15°-dan +17...+19° aralygynda maýyl, gündizlerine +19...+21°-dan +27...+29° aralygynda maýyl bolar.

DAM­JA SUW­DAN TAL ÇY­KAR

23­-nji ap­rel­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň san­ly ul­gam ar­ka­ly IV Azi­ýa — Ýu­waş um­man Suw sam­mi­ti­ne gat­naş­ma­gy, şeý­le-de eko­lo­gi­ýa­ny go­ra­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça 25-nji ap­rel­de BMG-niň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy­nyň «Şä­her­ler­dä­ki bag­lar» at­ly baş­lan­gy­jy­na bag ek­mek çä­re­le­ri ar­ka­ly gol­da­wy we oňa go­şan go­şan­dy üçin Aş­ga­bat şä­he­ri­ne hal­ka­ra Gü­wä­na­ma­nyň be­ril­me­gi daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­mek babatda döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ed­ýän ta­gal­la­la­ry­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­de ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­niň be­ýa­ny­na öw­rül­di. Te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi yn­sa­nyň ru­hu­ny gal­kyn­dyr­ýar, şäh­di­ni aç­ýar. Mer­jen paý­tag­ty­my­za seý­le çy­kaň­da aja­ýyp keş­be eýe bo­lan ýa­şyl bag­la­ryň, şa­dy­ýan tan­sy ýa­dy­ňa sal­ýan suw çüw­dü­rim­le­riň saz­la­şy­gy şä­he­riň gö­zel­li­gi­ne görk goş­ýar. Şo­nuň üçin hem eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty baş şä­he­ri­mi­zi ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­syn­da esa­sy ugur bo­lup, paý­tag­ty­myz­da adam­la­ryň aba­dan dur­mu­şy üçin ze­rur şert­le­ri üp­jün et­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan yzy­gi­der­li çä­re­le­ri şert­len­dir­ýär. Şeý­le giň möç­ber­li iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, Aş­ga­bat­da aja­ýyp gök we to­kaý zo­lak­la­ry dö­re­dil­di, ola­ryň çä­gi bar­ha gi­ňel­dil­ýär. Dü

Ekologiýa we döwür

Bilşimiz ýaly, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň şu ýy­lyň 22-nji ap­re­lin­de ge­çi­ri­len mej­li­si­niň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Že­ne­wa­da­ky eda­ra­sy­nyň ýa­nyn­da­ky he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­syn­dan hoş ha­ba­ryň ge­lip gow­şan­dy­gy ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy­nyň «Şä­her­ler­dä­ki bag­lar» at­ly baş­lan­gy­jy­na bag ek­mek çä­re­le­ri ar­ka­ly gol­da­wy we oňa go­şan go­şan­dy üçin Aş­ga­bat şä­he­ri­ne hal­ka­ra gü­wä­na­ma­nyň be­ril­me­gi her bir türkmenistanlynyň kalbyna buýsanç duýgularyny çaýdy. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny, te­bi­gy gur­şa­wy go­ra­mak, daş­ky gur­şa­wyň aras­sa­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek, üýt­gäp dur­ýan ho­wa şert­le­ri­ne bag­ly­lyk­da ze­rur çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek örän der­wa­ýys me­se­le­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Hut şu mak­sat bi­len, hor­mat­ly Pre­zid­en­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­ny ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek ug­run­da her ýyl­da mil­lion­lar­ça bag na­hal­la­ry otur­dyl­ýar.

Ýer­dä­ki agaç gör­nüş­le­ri we ekologiýa abadançylygy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan işi yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­ny we döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ula­nyp, mun­dan beý­läk-de do­wam et­dirmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Her ýy­lyň ýaz we güýz aý­la­ryn­da ýur­du­myz bo­ýun­ça sa­ýa­ly, pür­li, mi­we­li agaç­la­ry hem-de üzüm na­hal­la­ry­ny ek­mek, bar bo­lan­la­ry­na ideg et­mek asyl­ly dä­be öw­rül­di. Oňa ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň ulu­dan-ki­çi hem­me­si be­lent ru­hu­be­lent­lik bi­len gat­naş­ýar­lar. Bu äh­li­halk çä­re­si ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­si­ri­ne gar­şy gö­reş­me­giň umu­ma­dam­zat işi­ne uly go­şant­dyr.

Gül Watan beslenýär bagy-bossana

Bu gün hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda oba hojalyk pudagy yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzda azyk we ekologiýa howpsuzlygy barha berkidilýär. Diýarymyz ýaşyl zolaklara bürenip, bazarlarymyz arassa azyk önümleri bilen doly üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bimöçber aladalary bilen, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak, şol sanda her ýylda yzygiderli bag nahallaryny ekmek arkaly ýaşyl zolaklaryň çägini giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu ýylky ählihalk bag ekmek dabarasyna Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşyp, ilkinji agaç nahalyny oturdyp, bu sahawatly işe ak pata bermegi eziz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmeginde, halkymyzyň gözel tebigatymyza bolan söýgüsiniň artmagynda, ýaş nesillerde watansöýüjilik duýgularyny ösdürmekde möhüm pursatlar boldy. Toplumlaýyn ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigat bilen sazlaşykly, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen işler bilen utgaşykly durmuşa geçirilýär. Olar ýurdumyzda suw, ýer we biologik serişdeleri rejeli peýdalanmak, biologik köpdürlüligi we tebigaty goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa bilimini ýokarlandyrmak ýaly işlerden ybaratdyr.

«Kim-de-kim bir agaç ek­se ýa­dy­gär...»

Türkmen döwletiniň ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň halkara ykrarnamasy Makalanyň sözbaşysynyň şahyr Gara Seýitliýewiň goşgusyndan alnandygyny okyjylar bilýändirler. Hawa, ýene şahyr sözi bilen aýtsak, «dünýä kitabynda adyňy bar» etmek asan iş däl. Emma ol bu ýerde agaç ekip, öz adyňy ebedileşdirmek pelsepesi arkaly türkmen halkynyň tebigat bilen elmydama bagryny badaşdyrandygyny, Ýeri ýönelige ene saýmandygyny, saýaly hem miweli baglary ekmek arkaly bakylyk kitabynda adyňy goýup bolýandygyny aýan etmek isläpdir. Türkmen aga «Kesewiňi dürtseň hem gögerer» diýýän topragynyň gudratyna şeksiz ynanýar. Şol sebäpli Garagum sährasynyň jümmüşindäki ürgün çägeli çopan goşlaryna baranyňyzda, ak öýüň öňünde adam saýalar ýaly güjüme gabat gelseňiz hem geň görmersiňiz...

Bagy-bossanly ýurdum

Ýakynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama berildi.

Bagy-bossan Aşgabat

Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow: — Köp ýyllaryň dowamynda hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak bag nahaly ekildi. Bu iş ýurdumyzda aýratyn howa zolaklarynyň emele gelmegini üpjün etdi we sebitde arassa howanyň ýokary derejede bolmagyna, tebigatyň abat saklanyp galmagyna goldaw berýär.

Ekologiýa — ýaşaýşyň özeni

Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamasy berildi. Bu şanly, buýsançly habar halkymyzda, aýratyn-da ýaş nesillerimizde daşky gurşawa, tebigata bolan söýgini artdyrýar, ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bag ekmek, daş-töweregimizi gülzarlyga öwürmek, onuň adamlara paýlaýan ruhy lezzetini söz bilen beýan etmek mümkin däl. Ata-babalarymyzdan galan mirasyň biri-de, bag ekmek, daş-töweregimizi bagy-bossanlyga öwürmek işidir. Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyny goramak döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýär. Bu ynsanperwer çäräniň ýurt derejesinde ýola goýulmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bize görkezen nusgawy ýörelgesi halkymyz tarapyndan uly goldawa mynasyp bolup, agzybirlikde üstünlikli dowam etdirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde geçirilýän bag ekmek dabaralaryna eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde ilat köpçüligi uly höwes, joşgun bilen gatnaşýar.

Dünýä nusgalyk beýik ýörelge

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýurdumyzyň ösüş ýoluny şan-şöhrata beslemek biziň el-ele berip, birek-birege düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanjak ýeňişlerimize baglydyr» diýýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Şu ýylyň martynda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk bag etmek dabarasy Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 22-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek dabaralary arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamasy gelip gowuşdy. Munuň özi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilýändigine şaýatlyk edýän ýene-de bir üstünlikdir. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Watanymyz BMG bilen bilelikde Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary, taslamalary üstünlikli amala aşyrýar. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologiýa how

Gözel tebigatymyzy ýangyndan goralyň!

Ýaz paslynda ýaşaýjylaryň gözel tebigatymyzyň dürli ýerlerine gidip, dynç alýanlary köpelýär. Biz olara daglyk, düzlük, sähra we öri meýdanlarynda bolanlarynda, ýangynlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak maksady bilen, şu aşakdaky çäreleriň ýerine ýetirilmelidigini ýatladýarys. Meýdanlarda zerurlyk ýüze çyksa, ot daş-töweregi 15 metr aralykda arassalanan, 50 santimetr çuňlukda gazylan çukurda, ýelsiz howada ýakylmalydyr. Tokaý-seýilgäh zolaklarynda, örülerde we düzlüklerde çilim çekmek gadagandyr. Tebigatyň gözel ýerlerinde awtoulag serişdeleri näsazlyk tapyp, mejbury ýagdaýda bejeriş işleri geçirilende, çalgy ýaglary, ýeňil ýanyjy suwuklyklar siňen matalary taşlap gitmek howpludyr.