Ekologiýa terbiýesi — sagdyn durmuşyň gönezligi

4 Maý 2022
1317

Ekologiýa terbiýesi harby gullukçylarda tebigata bolan söýgini döretmekde we ony goramagy üpjün etmekde adamzadyň orny baradaky garaýyşlary kemala getirmekde aýratyn uly ähmiýete eýe. Şundan ugur alyp, maýor Öwezmurat Abdullaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde harby bölümiň serkerdesiniň tyl boýunça orunbasary, maýor Parahat Seýitjanowyň we harby bölümiň lukmançylyk gullugynyň müdiri, lukmançylyk gullugynyň uly leýtenanty Söhbet Gurdowyň guramagynda «Ekologiýa terbiýesi — sagdyn durmuşyň gönezligi» ady bilen ekologiýadan okuw sapagy geçirildi.

Bu sapakda tebigaty goramak we ekologiýany ýaramaz netijelere getirýän sebäpleriň öňüni almak boýunça geçirilmeli çäreler barada giňişleýin düşünje berildi. Şeýle-de ýurdumyzda bag nahallaryny yzygiderli ekmegiň we olara ideg etmegiň ýaşaýşyň amatly gurşawynyň döremegine ýardam berip, ilatyň saglygyna oňyn täsirini ýetirýändigi hakynda düşündirildi. Paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, her bir adamyň bu sogap işe goşant goşmagy parzdyr. Diýarymyzyň arassa howa gurşawynyň kemala gelmegini üpjün etmek bolsa ekologiýa terbiýesiniň özeni bolup durýar. Sapagyň ahyrynda merdana harby gullukçylar hem bu ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny beýan etdiler.

Agajan ORAZOW,
leýtenant.