Gül Watan beslenýär bagy-bossana

29 Aprel 2022
1414

Bu gün hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda oba hojalyk pudagy yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzda azyk we ekologiýa howpsuzlygy barha berkidilýär. Diýarymyz ýaşyl zolaklara bürenip, bazarlarymyz arassa azyk önümleri bilen doly üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bimöçber aladalary bilen, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak, şol sanda her ýylda yzygiderli bag nahallaryny ekmek arkaly ýaşyl zolaklaryň çägini giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu ýylky ählihalk bag ekmek dabarasyna Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşyp, ilkinji agaç nahalyny oturdyp, bu sahawatly işe ak pata bermegi eziz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmeginde, halkymyzyň gözel tebigatymyza bolan söýgüsiniň artmagynda, ýaş nesillerde watansöýüjilik duýgularyny ösdürmekde möhüm pursatlar boldy.

Toplumlaýyn ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigat bilen sazlaşykly, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen işler bilen utgaşykly durmuşa geçirilýär. Olar ýurdumyzda suw, ýer we biologik serişdeleri rejeli peýdalanmak, biologik köpdürlüligi we tebigaty goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa bilimini ýokarlandyrmak ýaly işlerden ybaratdyr.

Bäşim ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy.