Gözellik nury

11 Maý 2022
1258

Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi halkara jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň dünýäniň abadançylygy, global derejede ekologiýa-arassaçylyk çärelerini üpjün etmäge giňden seslenmesi hökmünde kabul edildi. Muny bolsa dünýä ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyna berilýän oňyn bahalar hem aýdyň tassyklaýar. Gözel paýtagtymyzyň bagy-bossan tebigatyny onuň islendik ýerinde görmek, ýakymly howasyny bolsa her ädim ýerinde duýmak bolýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda 145 milliondan gowrak bag nahallarynyň ekilendigi, paýtagtymyzda ähli amatly şertleri göz öňüne tutulan Botanika bagynyň hereket edýändigi we onda köpsanly bag görnüşleriniň ösdürilip köpeldilýändigi hem guwandyryjydyr.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
žurnalist.