Ekologiýa — ýaşaýşyň özeni

27 Aprel 2022
1159

Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamasy berildi. Bu şanly, buýsançly habar halkymyzda, aýratyn-da ýaş nesillerimizde daşky gurşawa, tebigata bolan söýgini artdyrýar, ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Bag ekmek, daş-töweregimizi gülzarlyga öwürmek, onuň adamlara paýlaýan ruhy lezzetini söz bilen beýan etmek mümkin däl. Ata-babalarymyzdan galan mirasyň biri-de, bag ekmek, daş-töweregimizi bagy-bossanlyga öwürmek işidir. Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyny goramak döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýär. Bu ynsanperwer çäräniň ýurt derejesinde ýola goýulmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bize görkezen nusgawy ýörelgesi halkymyz tarapyndan uly goldawa mynasyp bolup, agzybirlikde üstünlikli dowam etdirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde geçirilýän bag ekmek dabaralaryna eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde ilat köpçüligi uly höwes, joşgun bilen gatnaşýar.