Kämil hem tämiz şäher

4 Maý 2022
1190

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň at-abraýy, şan-şöhraty Ýer ýüzünde has-da ýokarlanýar. Golaýda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowşandygy baradaky aýdylan habary ildeşlerimiz uly buýsanç, şatlyk bilen kabul etdi. Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabady okgunly ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabada her gezek baranymda, täsin keşbine esewan edeniňde, ak şäherimizde amal edilýän beýik işlere buýsanjyň goşalanýar. Keşbi özgerdilen aýna ýaly tekiz, gijelerine bolsa şuglazar, nurana köçelerini synlanyňda, gözel paýtagtymyzyň beýik ösüşlerine, gür baglyga bürenmegine buýsanmazlyk asla mümkin däl. Ynha, bu gün ak şäherimiz Aşgabat gözel tebigaty, ekologiýa taýdan arassalygy bilen jahana ýaň salýar. Yşyklandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, bezeg işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi, bagçylyk hojalyklarynyň işgärleriniň ýol ugurlaryna oturdýan bezeg agaçlary tutuş ak şäherimiziň gözelligine nur çaýýar. Bularyň ählisi, ilkinji nobatda, paýtagtlylaryň we ak şäherimiziň myhmanlarynyň abadan durmuşyndan gözbaş alýar.

Paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde, Köpetdagyň eteklerinde, Giňdiwaryň gerişlerinde, baýyrlyklarda ösýän tokaý zolaklaryndaky arçadyr tuýa, sosna ýaly ýylyň bütin dowamynda gök öwsüp duran agaçlary göreniňde, ynsan saglygy üçin arassa howany bölüp çykarýan, tebigatyň has jana ýakymly bolmagyna oňyn täsir edýän baglary göreniňde bu ugurda bitirilýän beýik işlere bolan buýsanjyň goşalanýar.

Guwanç BAÝRAMOW,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Bilim bölüminiň hünärmeni.