Türkmen kalbynyň owazy
Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyraga goýulýan belent hormat-sarpanyň beýany bolup, ajaýyp döwrümize buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Munuň özi beýik söz ussadynyň dünýä dolan abraý-mertebesiniň ykrarnamasydyr. Türkmen edebiýatyny Magtymgulusyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň akyla we nakyla öwrülen, pähim-parasata, çuňňur filosofiýa, watançylyga ýugrulan şahyrana döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä ýüzündäki şöhratyny artdyrdy. Onuň dür dänesine deňelýän şygyrlary dost-doganlyga, parahatçylyga çagyryş bolup dabaralanýar. Halkymyzyň ýüreginde baky orun alan akyldaryň çuňňur pikirleri, ynsanperwer garaýyşlary bütin adamzat üçin ýörelgä, gymmatly hazyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, «Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen kalbynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar».