"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Zähmetiň joşýan ýerinde

Ahmet Berdiýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Ýolöten etrabynyň „«Ýeňiş» daýhan birleşigi etrapda öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda tanalýar. Hojalykda ak ekiniň idegi, gant şugundyryny ýygnamak, gowaça ekmeli ýerleri ekişe taýýarlamak işleri yzygiderlilikde alnyp barylýar. Daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň orak möwsümini üstünlikli tamamlap, ýerlerini ekişe irgözünden taýýarlap goýdular. Şeýlelikde, güýz paslynyň ilkinji günlerinde 1100 gektar ýere «Biriň müňlesin!» diýen ýagşy umytlar bilen topraga tohum sepdiler. Ekişden soň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda suw tutmak, iýmitlendiriş işlerini geçirmek işlerini yzygiderlilikde ýerine ýetirýärler. Şonuň netijesinde bu günki günde meýdan ýaşyl mahmala bürendi.

Gyş aladalary

Çillede ýagan gar, ata-babalarymyz aýtmyşlaýyn, ýere dökün bolsa-da, maldar üçin käbir kynçylyklary döredýär. Sebäbi ol Nowruz gary ýaly aňsat eräp gidibermeýär. Öri meýdanlaryny, hatda iri çöplerine çenli örten gar ýene-de asmana garap, «entäkler gitmerin» diýip dur. Şonuň üçin Lebap welaýatynyň Garagumda we Gyzylgumda mal bakýan çopan-çoluklaryna goşmaça adam güýçleri we tehnikalar berkidildi. Welaýat maldarçylyk birleşigine degişli bolan 8 sany maldarçylyk hojalygynyň hasabynda jemi 222 müňe golaý dowar bolmak bilen, olaryň 100 müňden gowragy ene goýunlardyr. Eýýäm agralyp başlan ene goýunlar ýyly kaşarlara geçirildi. Gyşdan öň kemsiz abatlanyp, ätiýaçlyk otlar bilen üpjün edilen 373 sany kaşardyr agyl mallary ýyly gyşlatmagy üpjün edýär. Meýdan otlaryndan taýýarlanan küdelerde kaşarlaryň ýakynynda ýerleşdirilipdir. Gury oty köp iýen malyň suwa bolan talaby-da güýçli bolýar. Şonuň üçin her gün mallar guýynyň ýyly suwundan gandyrylýar. «Lebapörisuw» kärhanasynyň hünärmenleri bolsa ähli guýulara wagtly-wagtynda aýlanyp, olaryň kadaly işlemegi üçin tagalla edýärler. — Gyşyň häzirki ýaly doňaklyk döwründe guýynyň ýyly suwy, aýratyn-da, ene mallar üçin zerurlyk. Suwy wagtynda bermän, gijikdirseň, mallar doňan gary ýalap başlaýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, bogaz mala zyýan edýär — diýip, guýy ussasy Jumamyrat Ahmedow gürrüň berýär. Hakykatdan-da, 40 — 50 metr çuňlukdan çyk

Halal zähmet — rysgal-döwlet (Şa ser­pa­ýy­nyň eýe­si)

Rysgal-döwleti ene topraga hyzmat edip tapýan daýhanlaryň zähmet tejribesi, görüm-göreldesi halkymyzda gadymy kär bolan daýhançylyk kärini dowam etdirjek ýaş nesillerimize nusga, ýörelge bolup durýar. Biziň gürrüňini etjek zähmetsöýer daýhanymyz hem şeýle adamlaryň biri. Oňa Ýagmyrgeldi Bagşyýew diýýärler. Ol Babadaýhan etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi. Bäş gektara ýaýylyp ýatan ýaşajyk maýsaly atyzlara mähirli nazaryny gönükdiren Ýagmyrgeldi ýigrimi bäş ýyl mundan öňki ömür pursatlaryny ýatlatdy. Ol kär meselesinde ýaýdanyp durmandyr. Garawekil obasynda ýerleşýän 4-nji orta mekdebi tamamlandan soň, obada galyp, daýhançylyk bilen meşgullanmak maksadynyň bardygyny aýdanynda on bir çagany ösdürip, terbiýeläp kemala getiren ejesi — Bike eje-de, kakasy Bagşy aga-da garşy bolman, gaýta ikelläp goldapdyrlar. Ogluny ünsli diňlän Bagşy aga şonda:

Ekin dolanyşygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, agrosenagat pudagyna aýratyn üns berilýär. Çünki oba hojalyk pudagyny ösdürmek döwletimiziň ykdysady binýadyny berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler, oýlanyşykly kabul edilýän çözgütler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de sahawatly topragymyzda öndürilýän ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Oba hojalygynda ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygy talabalaýyk we ekinleriň görnüşlerine görä ýola goýlanda gowaçadan, bugdaýdan, şalydan, gök-bakja we beýleki ekinlerden ýokary hasyl almaga mümkinçilik döredýär.

Işler ýaýbaňlandyrylýar

Ýaz ekişi geçiriljek meýdanlarda irki möhletlerde sürüm işleriniň geçirilmegini gazanmak möhüm daýhançylyk çäreleriniň biridir. Şundan ugur alýan Bäherden etrabynyň oba zähmetkeşleri şu günler gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini guramaçylykly alyp barmak bilen, onuň agrotehniki möhletlerde tamamlanmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda etrap boýunça 12 müň 550 gektar meýdanda gowaça ekişini geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle bolansoň, häzirki günlerde meýdan işleriniň depginine we hiline uly üns gönükdirilýär. Bu işe etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tejribeli mehanizatorlarynyň işjeň çekilmegi sürümiň ýaýbaňlandyrylan depginde dowam etmegine şert döredýär.

Bagbanlaryň gyş aladalary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda uly ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz oba hojalygyny tehnika, tohum we dökün bilen üpjün etmek, önümleriň öndürilişini artdyrmak, daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, möhüm çözgütleri we il-ýurt bähbitli taryhy ähmiýetli kararlary yzygiderli kabul edýär. Ýurdumyzyň toprak-howa şertleri miweli baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge amatlydyr. Diýarymyzyň güneşinden ganan miwelerimiz datlylygy, göze ýakymlylygy bilen tapawutlanýar. Miweli baglardan bol hasyl almak üçin olara wagtly-wagtynda agrotehniki talaplara laýyklykda ideg etmek zerurdyr. Gyş aýlary miweli baglaryň sütünlerini agartmak, daş-töwereklerini, hatararalaryny haşal otlardan arassalamak, sürüm, agaçlaryň aşaklaryny el güýji bilen agdarmak, agaçlary kesip timarlamak, gyş suwuny tutmak işleri geçirilýär.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Hasyl ýygnalýar Gadamy batly, geljege ynamly barýan Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlarda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda hem belent sepgtlere ýetilýär. Ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýerden bol hasyl almaga çalyşýarlar.

Rowaçly tutumlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygy pudagynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, ony düşewüntli pudaga öwürmek we häzirki zaman kämil tehnikalaryň hasabyna onuň tehniki binýadyny pugtalandyrmak ugrundaky tagallalar şol özgertmeleriň içinde möhüm orun eýeleýär. Pudagy döwrebap ösdürmek maksady bilen, seleksiýa işinde innowasion tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagyna, ýer-suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna uly üns berilýär. Oba hojalyk pudagyny suw bilen doly üpjün etmek üçin, suw desgalary, akabalar gurulýar, suw göterijiler, şeýle-de suw tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Oba hojalygynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna gönükdirilýän işler oňyn häsiýete eýe bolýar. Bu ugurdaky tagallalar tamamlanan şanly ýylda oba hojalygynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetmäge şert döretdi. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda belleýşi ýaly, merdana daýhanlarymyz galla we pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etdiler. Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan hem köp guşgursak bugdaý, 1 million 250 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrmagy başardylar.

Bäherden etrabyndan gowşan habarlar

Maldarlaryň gyş aladalary Etrabyň maldarlary gyşyň häzirki aýazly günlerinde jemgyýetçilik mallarynyň dok we ýyly gyşladylmagyny gazanýarlar. Möwsümiň öň ýanynda agyllaryň, kaşarlaryň, sygyr we düýe ýataklarynyň abatlaýyş-bejeriş işlerine jogapkärli çemeleşilmegi, ýeterlik mukdardaky ýorunja bedesiniň, ýandagyň, meýdan otlarynyň, samanyň, şireli otlaryň, şeýle-de arpa, kepek, sarun ýaly güýçli iýmleriň taýýarlanyp, mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşalmagy bu babatda uly ähmiýete eýe boldy. Mallaryň doly derejede dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün edýär.

OBA HOJALYGY: işler utgaşykly barýar

Halal işläp, haýyr tapan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Milli Liderimiziň saýasynda daýhanlaryň zähmeti, ýaşaýyş-durmuş şertleri üns-alada bilen yzygiderli gurşalýar, çeken zähmetine mynasyp baha berlip, Watan harmanyna tabşyran hasyly üçin hasaplaşyk işleri wagtynda geçirilýär. Özleri barada aladalanylýan her bir kärendeçi daýhanlara berilýän mümkinçiliklere jogap edip, jogapkärli zähmet çekip, bol hasyl ugrunda aladalanýar. Şeýle kärendeçileriň biri hem Çarymyrat Nurmämmedowdyr.

Hywaçyoýdaky bag

Ýurdumyzda oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda bagçylygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Etrabymyzda bagbançylyk işini kemsiz ele alyp, dürli miwe önümleriniň bereketli hasylyny ýetişdirýän bagbanlar näçe diýseň bar. Şular ýaly tejribeli bagbanlaryň hatarynda Akgala geňeşliginiň Hywaçyoý obasynda ýaşaýan Bazarbaý Kamalowy görkezmek bolar. Bazarbaý aga diňe bir daýhan birleşiginde däl, eýsem, etrapda tejribeli agronom, öňdebaryjy gallaçy kärendeçi, şeýle hem bagban hökmünde tanalýar. Bazarbaý aga birleşigiň 11-nji kärendeçiler toparyna degişli 3 gektar ýerde bagçylyk bilen meşgullanýar. Bu baga baryp synlanyňda, Bazarbaý aganyň bagyň şu derejä ýetmegi üçin köp zähmet siňdirendigine göz ýetirmek bolýar. 3 gektar kärende ýerinde erigiň 4, almanyň 3, saýaly agaçlaryň 4 görnüşini ösdürip ýetişdirmek bilen, bagdan bereketli hasyl alyp, halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmakda irginsiz zähmet çekýär. Ýaşy 60-dan geçen bagban bagbançylyk işiniň inçe tärlerini ogly Bagtyýar Kamalowa öwredýär. Bagtyýar kakasynyň ýakyn ýardamçysy. Her ýyl bahar, güýz aýlarynda bagda täze miweli agaçlaryň dürli görnüşleriniň ekilmegi netijesinde bag meýdanlarynyň çägi barha giňeýär.

Bolçulygyň mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen daýhanlarynyň toprakdan bol hasyl almaklary üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Bir söz bilen aýdanyňda, türkmen topragy — keramatly, sahawatly, bereketli toprak. Her gysym gumy zere-düre deňelýän bu toprak daýhanyň yhlasyna görä berekedini eçilýär. Ata-babalarymyz öz rysgyny hemişe ene toprakdan tapypdyr. Pederlerimizden galan bu ýörelge häzirki wagtda-da oba zähmetkeşleriniň durmuş ýörelgesiniň baş ugrdyr. Ösüşlere beslenýän Diýarymyzda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin kuwwatly binýady döretmäge mümkinçilik berdi. Şunda ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyna hem uly orun berilýär. Oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy, yzygiderli goldawy bilen ýurdumyzda bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde, dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinde öndürilen döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary, olar üçin ätiýaçlyk şaýlary hem-de beýleki zerur serişdeler yzygiderli satyn alynýar.

Işeňňirler işde belli

Murgap etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanasy welaýatdaky ugurdaş kärhanalaryň arasynda öz işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmagy başarmakda, öwgä mynasypdyr. Onuň bir ýylda jemi 90 müň tonna — 60 müň tonna orta süýümli, 30 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bar. Şonuň üçin häzir bu ýerde her günde 60 — 70 tonna pagta gaýtadan işlenilýär. Özara bäsleşikde kärhahanyň ussalary Azat Allakowyň, Güýç Akyýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlary aýratyn tapawutlanýarlar.

Baglaryň «dilini tapýan» bagban

Lezzetli miwelerini şahalarynda güjeňleýän baglary synlanyňda, olara yhlasyny siňdirýän bagbanlaryň zähmetine «Aperin!» diýýärsiň. Şeýle bagbanlaryň biri hem Köýtendag etrabynyň «Köýtendag» daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy, alym-agronom Narbaý Hamitowdyr. ol 2 gektar kärende ýeriniň 1 gektarynda gyşky alma, 0,4 gektar meýdanynda armyt we beýi, galan 0,60 gektarynda bolsa gyzyl alma ösdürip ýetişdirýär. Topraga hyzmat etmek, bag nahallaryny oturtmak diýen düşünjeleri Narbaý aganyň ykbalyndan aýra göz öňüne getirmek mümkin däl. Baglar tejribeli, zähmetsöýer bagbanyň yhlasy bilen hasylly bolýar. Narbaý aganyň kakasy Hamit Abdyllaýew oglunyň çagalykda baga bolan höwesini ikelläp goldady. Şonuň üçin ol oglunyň oba hojalyk ugrundan ýokary bilim almak hakyndaky arzuwyna özünden beter begendi. Narbaý aga 1993-nji ýylda almany gurçuk keselinden goramagyň usullary boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny ýazyp gutarýar we oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejäni alýar.

Oba hojalygynda «Dafaconnect» programmasy

2020-nji ýylyň tomsundan başlap, «Telematika» ulgamy bilen enjamlaşdyrylan ähli oba hojalyk tehnikalary üçin «Dafaconnect» programma ulgamy hereket edip başlady. Öňler dürli kysymly oba hojalyk tehnikalaryny ulanýan daýhanlar her bir kysym üçin aýratyn programma üpjünçiligini gurnamaly ýa-da öndürijiniň webportalyny peýdalanmaly bolýardylar. Indi «Claas», «John Deere» we dünýäniň beýleki öňdebaryjy önüm öndürijileri bu ugurda tagallalaryny birleşdirdiler. Şeýlelikde, daýhan hojalyklary sanly ulgamy ulanmak arkaly özüne degişli bolan ähli tehnikalaryň häzirki işleýän ýerlerine we öň işlän ýerlerine, tehniki ýagdaýyna, hereketleniş tizligine, ýangyç üpjünçiligine «Dafaconnect» programmasy arkaly gözegçilik edip bilerler.

Atyň bedenine buýan köküniň täsiri

Buýan köküniň adam saglygyna peýdaly täsiri barada örän köp we gyzykly maglumatlar bar. Biz hem onuň atyň bedenine edýän täsirini öwrenmegi öz öňümizde maksat edip goýduk. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin Halkara ahalteke atçylyk-sport toplumyna degişli bolan 2019-njy ýylda doglan 10 baş ýaş atlary analog usuly boýunça saýlap aldyk. Ylmy-hojalyk tejribesiniň usulyýetine laýyklykda saýlanyp alnan taýlar iki topara — birinji barlag we ikinji tejribe toparyna bölündi. Barlag toparynyň taýlary dürli otlaryň garylmagy bilen taýýarlanylýan ýorunja bedesi, bugdaý ununyň kepegi we arpa dänesi bilen iýmitlendirildi. Ikinji tejribe toparynyň taýlary hem edil şol görnüşli we şol bir mukdardaky ot-iýmler bilen, ýöne bir üýtgeşikligi, ol hem olara gündelik berilýän 0,3 kilogram bugdaý ununyň kepegi buýan köküniň şiresiniň 2 göterimli ergini bilen garyşdyrylyp berildi. Ýaş atlar buýan köküniň şiresi bilen garyşdyrylan kepegi işdämenlik bilen kabul edýärler. Biziň pikirimize görä, onuň esasy sebäbi buýan köküniň şiresiniň süýjümtik tagamly bolmagy bilen baglydyr. Tejribedäki taýlary täze berilýän ot-iýmlere öwrenişdirmek işleri 2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda, ylmy-hojalyk tejribesi bolsa 20-nji iýulynda başlandy.