"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Belent sepgitlere ruhlanyp

Häzirki wagtda oba hojalyk önümçiligini bazar gatnaşyklaryna geçirmek, ýeriň hakyky eýesini tapmak, pudaga hususy eýeçiligi giňden çekmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, daýhanlaryň netijeli zähmeti üçin amatly şertler üpjün edildi. Bu ugurda alnyp barylýan işler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz beýanyny tapýar. Amala aşyrylýan işleriň netejesinde, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan, bolelin, eşretli durmuşyna gönükdirilen beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna hususy ulgamyň wekilleri-de saldamly goşant goşýarlar. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ykdysadyýetiň hususy böleginiň ornuny ýokarlandyrmakda, telekeçilige ýardam bermekde uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli oba hojalygynyň iri kärhanalary, tutuş senagat zolaklary, döwrebap ýyladyşhana toplumlary, önümçiligiň we gaýtadan işlemegiň bitewi ulgamyny öz içine alýan guş toplumlary, maldarçylyk we balykçylyk hojalyklary, miweli baglar döredildi.

Sazlaşykly tagallalar

2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki günlerinde meýdan işleriniň depginini güýçlendirmek babatda yhlasly zähmet çekýän Kaka etrabynyň oba zähmetkeşleri ýaz ekişine aýratyn jogapkärli çemeleşýärler. Olar şu günler gowaça hasylyndan boşan gektarlarda sürüm işlerini alyp barmak bilen, işiň hiline uly üns gönükdirýärler. Etrap boýunça sürüm geçiriji tehnikalaryň 60-sy bu işe gatnaşýar. Etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary özlerine berkidilen sürüm geçiriji traktorlaryň saz işlemegini gazanýarlar. Olaryň gündelik sürüm geçirilýän meýdanlarynyň hatarynyň barha artmagy bu möhüm çäräniň irki möhletlerde tamamlanmagyna şert döredýär.

Alyn der — altyn zer

«Dürden gymmat deri bilen dünýäni daýhan ekleýär». Söz ussadynyň şu setirleriniň döremegine ene ýere bagry badaşan, halal zähmeti bilen başgalara görelde bolmagy başarýan babadaýhanyň sebäp bolandygy öz-özünden düşnükli. Dogrudanam datly nygmatlar desterhan-saçaga ýetýänçä toprak goýnuna daýhanyň alyn deri, azap-yhlasy siňmeli. Şeýle işleri amal edip, bütin düýrmegi-durky bilen topraga hyzmat edýän daýhana duşsaň, şahyryň ýokarky setirleri biygtyýar ýada düşýär. Halallygy hemra edinip, päk zähmetden bagtyny tapan, ene topraga ykbalyny baglan daýhanlarymyzyň bitirýän işleri kämil goşgy-gazallara, aýdym-mukamlara mynasyp. Ene ýer gözbaşy egsilmeýän bereket arygy. Şol çeşmäniň mydama dolup-daşyp, desterhan-saçaklara rysgal-berekediň akyp durmagy daýhan zähmetine baglydyr. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde ýaşaýan, zähmet çekýän daýhanlaryň gazanýan zähmet üstünliklerini eşideniňde buýsanjyň artýar.

Oba hojalyk habarlary

Taýýarlyk işleri ýokary depginde Geçen ýyl döwlete «ak altyn» tabşyrmakda welaýatymyzda ilkinjileriň hatarynda meýilnamany üstünlikli berjaý eden Boldumsaz etrabynyň «Guýanagyz» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlarynyň şu ýyly hem zähmet üstünliklerine beslemek baş maksady bolup durýar. Bu ýerde şu günler ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak işleri geçirilýär. Hojalykda 200 gektardan gowrak meýdanda şüdügär sürümi, 160 gektar ýerde tekizleme işleri geçirildi. Daýhan birleşiginiň Saparberdi Begjanowyň, Döwran Allabaýewiň ýolbaşçylyk edýän 1,2-nji kärendeçiler toparlarynda bu işler doly geçirilip gutaryldy.

Toprak — bereket çeşmesi

— Ekerançylykda özüne ussat diýdirmegi başarýan, eýeçiligindäki ýere siňdiren alyn derinden bereket tapýan daýhanlar hojalygymyzda az däl. Şolaryň biri hem zähmetsöýer daýhan, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Döwran Täçmyradowdyr — diýip, Serdar etrabynyň «Paraw» daýhan birleşiginiň başlygy Aşyr Geldinazarow ýaşyl maýsaly meýdanyň gyrasyndan egnine pilini atyp, dogumly ýöräp gelýän ýaş ýigide tarap garap durşuna buýsançly gürledi. — Geçen ýylyň galla oragy möwsüminde daýhan birleşigimiz boýunça 2152 tonna guşgursak dänäni Watan harmanyna tabşyryp, uly üstünligiň eýesi bolduk. Şeýle ajaýyp netijäni gazanmagymyzda 5 gektar kärende ýeriniň her gektaryndan 42 sentner hasyl alan şu ussat kärendeçi gallaçynyň hem goşandy az bolmady — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Hawa, kärendeçi daýhan Döwran Täçmyradow halal zähmet çekip, rysgal-döwletiň, berekediň eýesi boldy. Ol — halal baýamaklygyň ýoluny daýhançylykdan tapanlaryň biri. Arly ýyllar çekilen irginsiz zähmet, ene topraga siňdirilen yhlas kiçigöwünli, pespäl ynsana şan-şöhrat getirdi. Örküni topraga baglap, daýhançylyk kesbini ýetginjeklikden dowam edip gelýän ýigidiň päk yhlasyny onuň ýetişdirýän boldumly hasylynyň mukdarynda-da, ýokary hilinde-de aýdyň görmek bolýar. «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýleni. Daýhan ýigidiň aýdyşy ýaly, ýere yhlas bilen ýapyşsaň, ondan bol hasyl alyp bolýar.

Daýhanyň ygtybarly daýanjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimizde oba hojalyk pudagy belent sepgitleri eýeledi. Daýhana zähmet çekip toprakdan bol hasyl almak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda daýhanyň ygtybarly daýanjy hasaplanýan tehnikalaryň birnäçe tapgyrlary ýurdumyza getirilýär. Olar kuwwatly, ýokary iş öndürijilikli bolup, daýhanyň ýakyn ýardamçysyna öwrülýärler. Şu günler hem ýerlerde ak ekini iýmitlendirmek, täze ekilmeli hasyl üçin sürüm, tekizleşik işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Bu işleri ýerine ýetirmekde tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň tehnikalary hem giňden ulanylýar.

Tehnikalar taýýarlyk hatarynda

Ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen birlikde oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Pudaga ýolbaşçylyk edilişiniň kämilleşdirilmegi, daýhan birleşikleriniň giňden goldanylmagy, ýer eýeleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi netijesinde ene toprakdan alynýan önümleriň möçberleri düýpli artdyryldy. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ilaty zerur azyk önümleri bilen üpjün etmek wezipesi üstünlikli çözülýär. Hormatly Prezidentimiz pudagyň meselelerine uly döwlet syýasatynda ilkinji derejeli üns bermek bilen, möhüm çözgütleri kabul edýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere tehnikalary we iş gurallaryny satyn almak üçin banklardan ýeňillikli, uzak möhletli karz serişdeleri uly möçberlerde berilýär. Şonuň netijesinde oba hojalygyna tehniki taýdan hyzmat edýän kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň tehnika parky düýpli täzelenýär. Bu bolsa kuwwatly tehnikalaryň daýhanlaryň hakyky daýanjyna öwrülmegini şertlendirdi. Hut biziň welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda hem ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Gollandiýanyň, Türkiýäniň we dünýäniň senagat taýdan ösen beýleki döwletleriniň meşhur kompaniýalarynda öndürilen ygtybarly we ýokary öndürijilikli tehnikalaryň güýjünden giňden peýdalanylýar. Ýeri gelende olara wagtly-wagtynda tehniki hyzmat etmek, abatlamak işleriniň üstünlikli ýola goýulýandygyny bellemek

Limonyň bereketli hasyly

Türkmen topragynda açyk asmanyň astynda, şeýle-de ýyladyşhana şertlerinde miweli baglaryň dürli görnüşleri yzygiderli ekilip, olardan bol hasylyň alynmagyna aýratyn üns gönükdirilýär. Bu ugurda welaýatymyzyň hojalyklarynda alnyp barylýan işler has-da guwandyrýar. Ak bugdaý etrabynyň Türkmenistanyň Gahrymany M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň zähmetsöýer bagbanlary hem saçagymyzyň bereket-bolçulygyna özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Olar miweli baglaryň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, indi ençeme ýyllardan bäri ýyladyşhana şertlerinde limon baglaryny hem ýetişdirýärler.

Sahawatly topragyň nygmaty

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek baradaky strategiýasy bilen baglylykda, Türkmenistanda oba senagat toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, pudagyň ähli ulgamlaryna iň döwrebap tehnikalary giňden ornaşdyrmak, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, oba senagat toplumynyň tehniki binýadyny täzelemäge uly möçberde maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Häzirki wagtda bu toplumyň üsti dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň döwrebap traktorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary we enjamlary bilen ýetirilýär. Obasenagat toplumyny tehnika we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, azyk howpsuzlygyny berkitmäge, ýokary hilli önümleri çykarmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu wezipeler Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy esasynda, hil taýdan täzeçil usulda ýerine ýetirilýär.

Üstünlik yhlasa bagly

Gyş paslynyň dowam edýän şu günlerinde Babadaýhan etrabynyň ekin meýdanlarynda hem gyşky meýdan işleri gyzgalaňly dowam edýär. Häzir etrabyň bugdaý meýdanlarynda ýaşajyk maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu işde etrapda öňdebaryjy hojalyklaryň biri bolan «Täze ýol» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer gallaçy kärendeçileri has-da işjeňlik görkezýärler. Şu ýylyň galla hasyly üçin daýhan birleşigi boýunça jemi 4200 gektar meýdanda ekilen bugdaýyň ýaşajyk maýsaly atyzlaryna hojalyk boýunça däneçilik toparynyň 25-sinde ideg edilýär. Ideg işlerinde daýhan birleşiginiň Saparaly Annamyradow, Baýramsähet Narow, Orazmyrat Akorazow, Jeýhun Çaryýew, Orazmämmet Baýramgeldiýew, Daňatar Öwezow dagy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparlaryň zähmetsöýer gallaçy kärendeçileri has-da tapawutlanmagy başarýarlar. Üstünligiň yhlasa baglydygyna oňat düşünýän daýhan birleşiginiň zähmetsöýer gallaçy daýhanlary uly ösüşlere beslenip geçen 2020-nji ýyly hem zähmet üstünlikleri bilen jemlediler. Olar Watanymyzyň bereketli harmanyna guşgursak ak bugdaýyň 8565 tonnasyny tabşyryp, bu baradaky döwlet tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. — Şu ýylyň hasyly üçin ak bugdaýyň «Batko», «Bagrat» we «Kalim» diýen görnüşlerini ekdik. Haýsy ekin bolsa bolsun, tapawudy ýok, ondan bereketli hasyl almak üçin turuwbaşdan oňat ideg etmeli, her bir agrotehniki çäräniň öz wa

Mallar dok we ýyly gyşladylýar

Mälim bolşy ýaly, gyş pasly janypkeş maldarlar üçin jogapkärli synag döwri hasaplanýar. Munuň şeýledigine oňat düşünýän lebaply dowardarlar bu möhüm möwsüme hemmetaraplaýyn ykjam taýýarlykly geldiler. «Oty köpüň — maly dok» diýen pähimden ugur alyp, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynyň agzybir işgärleri, çopandyr çoluklary dowarlar üçin ot-iýmleri taýýarlamakda bar bolan kaşarlarda we agyllarda göwnejaý abatlamak işlerini ýerine ýetirdiler. Ýerlerdäki guramaçylykly amala aşyrylýan işleriň netijesinde şu güne çenli welaýat boýunça bar bolan 8 sany maldarçylyk hojalyklarynda dürli görnüşli otlaryň 14 müňden gowrak tonnasy taýýarlandy. Bu bolsa borçnamalaýyn tabşyrygyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini aňladýar. Taýýarlanylan şonça otuň 105 tonnasy ýorunja bedesi, 3267 tonnasy meýdan otlaryň bedesi, 10101 tonnadan gowragy iri baldakly otlar, 1337 tonnadan gowragy bolsa samanlardyr. Mundan başga-da, mallar üçin möhüm iýmit bolan arpanyň 59 tonnasy taýýar edildi. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşmesiniň maldarçylyk boýunça hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, taýýarlanan ot-iým gory maldarçylyk hojalyklarynda ideg edilýän 222,5 müňden gowrak dowary dok we ýyly gyşlatmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem gyş döwründe mallary abat, ýitgisiz we ýyly saklamak üçin welaýat boýunça ýyly kaşarlaryň 370-den gowragy, agyllaryň hem 113-si gözden geçirildi.

«Pendiniň» limony

Oba hojalygynyň girdejili pudaga öwrülmegi üçin işleri täzeçe gurap, diňe bir pagtaçylykdan, gallaçylykdan däl, eýsem, beýleki ekinlerden hem bol hasyl almagyň zerurdygyna Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ymykly göz ýetiren Tagtabazar etrabynyň «Pendi» daýhan birleşiginiň ýolbaşçylary 1996-njy ýylda öňki ekýän ekinleriniň ýany bilen ýyladyşhana şertlerinde limon ýetişdirmäge hem synanyşyp görmegi ileri tutýan ugurlarynyň hataryna goşdular. Bölünip berlen ýerde limon ýetişdirmäge bolsa, daýhan birleşiginde iň bir zähmetsöýerleriň biri hökmünde özüni tanadan Gurbangeldi Jumagylyjow we onuň maşgala agzalary döwtalap boldular. Limonyň iň hasylly, geçginli sortundan saýlanyp, seçilip alnan 110 düýp nahala gowy garaşyk edilensoň, gününi sanap ösdi. Basym hasyla durdy.

Şalyçylykda adygan

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýaty bolan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etraby pagta, bugdaý, gök we bakja önümleri bilen bir hatarda şalynyň hem bol hasylyny ýetişdirýär. Şaly ösdürip ýetişdirmek boýunça etrabymyzyň «27-nji oktýabr», S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşikleri has-da tapawutlanýarlar. Bu hojalyklar ýylyň-ýylyna şalynyň bol hasylyny öndürip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şaly öndürmek boýunça baý tejribe toplan ussat kärendeçiler etrabymyzda barmak büküp sanardan kän. Olaryň hatarynda «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Toýly Halmyradowy aýtmak bolar. Bu kärendeçi özüniň 26 gektar kärende ýerinde 16 ýyldan bäri şalyçylyk işi bilen meşgullanýar. Ol özüniň baý iş tejribesi bilen ýylyň-ýylyna şertnamalaýyn borçnamany artygy bilen berjaý edýär. Geçen ýyl ol özüniň kärende ýerinde şalynyň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan «Elenga», «Müňbaş» sortlaryny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ekip, ekilen şaly meýdanynda tekiz, oňat gögeriş gazanmagy başardy. Elbetde, şaly ösdürip ýetişdirmek, ýokary netijeleri gazanmak aňsat iş däl. Bu ugurda kärendeçiniň maşgala agzalary ýakyndan ýardam berýärler. Esasan hem, körpe ogly Ahmet hemişe kakasynyň ýanynda bolup, iş tejribesini artdyryp, kakasy ýaly ezber şalyçy bolup ýetişmek üçin ekişe taýýarlykdan başlap, hasyl ýygymyna çenli aralykda ähli zerur

Ýuwuş suwunyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullary

Şorlaşan toprakda ýuwuş suwuny ýeriň gowy tekizlenen ýagdaýynda geçirmek akar suwlary tygşytly ulanmagyň we ýuwuş suwunyň hiliniň ýokary bolmagynyň esasy şertleridir. Gowy tekizlenen ýerde ýuwuş suwy geçirilende, ekinler üçin zyýanly duzlaryň ýuwulmagy 1,5-2 esse çaltlanýar we berilmeli suwuň möçberi hem tygşytlanýar. Şonuň bilen birlikde ýerleri gurplandyrmak üçin organiki hem-de mineral dökünleri ýeterlik derejede bermeli. Organiki we fosfor, kaliý dökünleriniň bir bölegi ýuwuş suwunyň öňüsyrasynda sürümiň aşagyna berlende, gowy netije berýär. Sürümiň aşagyna özünde çig tebigy fosfory, kükürdi we köp mukdarda mikroelementleri saklaýan dökünleýji meliorantlar berlende, ýuwuş suwunyň hiline oňaýly täsir edýär.

Saryja goýnuň ýüňi

Biziň ýurdumyzda milli buýsanjymyz bolan el halylaryny dokamak üçin, esasan, saryja goýnuň ýüňi ulanylýar. Ýarym irimçik, ak reňkli, uzyn sütükli, ýumşak, çeýeligi ýeterlik bolan saryja goýunlaryň ýüňi haly dokamak üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Dünýä belli türkmen halylarynyň berkligi, reňk aýratynlyklary, nagyşlarynyň aýdyňlygy gös-göni saryja tohumly goýunlaryň ýüňüniň hiline baglydyr. Türkmen halylary saryja goýnuň ýazky ýüňünden dokalýar. Uzak ýyllaryň dowamynda halk seçgiçiliginiň netijesinde döredilen saryja tohumly goýunlar özünde gymmatly biologiki hem hojalyk ähmiýetli aýratynlyklary jemleýär.

Gök ekinleriň ýaprak köwüjisi

Ýokary hilli hasyl almak üçin ekinleri zyýanberijilerden gorap saklamak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Gök ekinleriň ýaprak köwüjisi hem zyýanberijileriň biri bolup, ol ösümlikleriň 50 görnüşine, esasan, ot-iýmlik ösümliklere, aýratyn hem ýorunja, gawuna zyýan ýetirýär. Siňegi ownuk garamtyl sary bolup, ol 1,3 – 2,3 millimetr uzynlykda bolýar. Bu zyýanberijiniň bir ýaşyndaky gurçugy ilkibaşda reňksiz bolup, soňra ol açyk sary reňkden mämişi reňke geçýär. Gundak döwründe gyşlaýar.

Saman bäsleşigi

Ýaponiýa diňe bir tehnologiýa taýdan ösen ýurt bolup, onuň ilaty dürli görnüşli robotlary ýasamak bilen çäklenmän, eýsem, olar döredijilik bilenem meşgullanýarlar. Her ýyl Niigatanyň we Kagawanyň meýdançalarynda saman heýkelleriniň bäsleşigi geçirilýär. Ýaponiýanyň oba ýerlerinde şaly hasyly ýygnalandan soň, galan sypallar maldarçylyk hojalyklaryna ugradylýar. Birnäçe wagtdan soňra ugurtapyjy maldarlaryň kömegi bilen ondan dürli görnüşli ägirt uly haýwanlaryň heýkelleri ýasalýar. Ýapon daýhanlary bu pikiri şeýle bir goldadylar welin, döredijilik eserlerini görkezmek üçin tutuş bir baýramçylyk bäsleşigini guradylar. Bu bäsleşige ýylsaýyn Ýaponiýanyň dürli künjeginiň wekilleri öz eserlerini görkezmek üçin gatnaşýarlar. Munuň netijesinde dünýäniň dürli künjeklerinden jahankeşdeler döredilen ajaýyp heýkelleri görmek üçin bäsleşige gelýärler.

Goýun guzusyny almasa...

Dowardarçylyk bilen meşgullanýan adamlara körpejiň nämedigini düşündirip oturmagyň hajaty ýok. Körpeç — gyşyň ahyrynda, ýazyň başynda doglan owlak-guzulary sowukdan goramak üçin agylyň içinden gazylýan döle şekilli çukur. Onuň içine gijelerine ýaşajyk owlak-guzular salnyp goýulýar. Ýöne agylyň içinde körpeçden başga diňe bir goýun sygar ýaly gazylýan çukurlar hem bolýar. Oňa goýun körpeç ýa-da almazak çukur diýilýär. Käbir ýerlerde oňa egele, öwser, tüm hem diýilmesi bar. Almazak çukura guzusyny almaýan goýun guzusy bilen bile salynýar. Goýun dar ýerde guzusyny mejbury emdirmeli bolýar. Bir gije-gündiz çemesi wagt bile duransoňlar guzy bilen goýnuň ysy gatyşýar. Köplenç şondan soňra goýun guzusyny tanaýar we alýar.

Türkmen gawuny

Türkmen gawunlarynyň şan-şöhraty äleme meşhur. Olaryň halkara sergilerinde we ýarmarkalarynda ençeme ýokary sylaglara mynasyp bolmagy bu gadymy nygmatyň bakja ekin ýerlerinde dowamat dowam bolup gelýändigine aýdyň subutnamadyr. Güneşli Diýarymyzda suwarymly, sürümli, ýarym düme, düme, oýtak we sowma usullarda ýetişdirilýän türkmen gawunlary özleriniň hoştap tagamy bilen tapawutlanýarlar.

Abatlaýyş kärhanasynyň döwrebap işleri

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça düýpli çäreler amala aşyrylýar. Şeýlelikde, bu ugra dahylly edara-kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, önümçiliginiň kämilleşdirilmegi baradaky giň gerimli aladalar oňat netijeleri berýär. Bu bolsa olaryň pudagyň ösüşine goşant goşmakda öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmeklerine oňaýly şertleri döredýär. Häzirki günlerde bu kärhanalarda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýaz ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekişde ulanyljak tehnikalary, ätiýaçlyk şaýlaryny abatlamak işleriniň hem depginigüýçlendirilýär.