"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Bag — gözellik

Ilimizde agaç nahallaryny oturtmak, bagy-bossanlygy döretmek asylly iş hasaplanýar. «Bagym bar, barym bar» diýen ajaýyp aýtgy hem bagyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda eýeleýän ornuny aýdyň ýüze çykarýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bag ekmek ýaly asylly ýörelgä berk eýerilip, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek we tokaýlaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň möçberli meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Adam eli bilen döredilen bu bagy-bossanlyk halkymyzyň zähmetiniň miwesidir» diýmek bilen, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, daş-töweregimizi gurşap alan tebigatymyzy aýawly saklamaga her birimiziň öz şahsy goşandymyzy goşmalydygymyzy aýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk çagyryşyna ýaşlar uly hyjuw we höwes bilen seslenýärler hem-de asylly işe mynasyp goşandyny goşýarlar.

Suwçynyň mirasyndan

Ata-babalarymyzdan miras galan ekerançylyk tärleri, suwy tygşytlamak we akar suwuň ýok ýerlerinde hasyl almak babatdaky usullary häzirki wagtda giňden ulanylýar. Şolaryň birnäçesi hakda durup geçmek diýseň täsirlidir. Üzümi oturtmak. Ownuk şahly mallaryň öri meýdanlarynda ýazlaga çykylýan ýerindäki süýji suwly guýylaryň golaýynda ýer saýlanyp alynýar. Munuň üçin üzüm agajy gyrkylanda onuň şahasynyň iň uzyny gyrkylman goýulýar. Soňra üzüm oturdylýan güýz-gyş möwsüminde üzüm agajyny uzyn şahasy bilen köwkenip alynýar. Daşyndaky gabygy gowy arassalanýar. Oturtmak üçin üzümiň töňňesi bilen ýörite goýlan şahasy uza boýny ölçenilýär. Boýuna görä çuň çukur gazylýar. Ýerasty suwlaryň derejesinden 50 santimetr ýokarda bolar ýaly edilip gömülýär. Gömülende üzümiň töňňe bölegine köpräk ders berlip, suwarylýar, galan bölegine toprak bilen ders garylyp gömülýär.

Daýhan aladasy

Şanly senelere, wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň gowaça hasylynyň binýadynyň berk tutulmagy ugrunda degişli çäreleri görýän Babadaýhan etrabynyň zähmetsöýer kärendeçileri öňde duran jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk görýärler. Babadaýhanly «ak altyn» ussatlary şu möwsümde etrap boýunça 27700 gektar meýdana gowaça ekmegi meýilleşdirýärler. —Gowaça ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda öz wagtynda geçirmek täze hasylyň binýadynyň berk bolmagynyň şerti bolup durýar. Şonuň üçin-de biz bosagada duran möhüm möwsüme taýýarlyk işlerini etrabymyzyň tehniki hyzmat ediş kärhanasy bilen sazlaşykly alyp barýarys. Nesip bolsa, şu möwsümde gowaça ekiljek atyzlara traktorlaryň hem-de ekijileriň 71-sini çykarmagy maksat edinýäris. Gowaça ekişinde işlediljek traktorlaryň, ekijileriň we beýleki tehnikalaryň birkemsiz taýýarlanylmagy etrabyň daýhan birleşikleriniň 8-de hem-de daýhan hojalyklarynyň 2-sinde möhüm möwsümi ýokary hilli, bökdençsiz geçirilmegini üpjün eder. Kärhanada zähmet çekýän her bir işçi-hünärmen daýhanlara bol-bereketli hasyl ýetişdirmäge möwsümleýin, tapgyrlaýyn geçirilmeli agrotehniki çäreler üçin zerur bolan dürli tehnikalaryň, gurallaryň hemişe abat ýagdaýda taýýar bolup durmalydygyna oňat düşünýär. Şonuň üçin-de şeýle maksatlar üçin kärhanada mallaryň, boronalaryň, hatarara bejerijileriň, dökün berijileriň, dökün pür

Ýazky ekişe taýýarlyk

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda ýazky ekişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlarda gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak we ýuwuş suwuny tutmak hem-de pagta öndürijiler üçin zerur bolan gowaça tohumlaryny taýýar etmek işleriniň dowam etdirilýändigi bellenildi.

Gül ysly mazy

Türkmeniň bereketli topragynda ýetişýän ajaýyp bakja önümleriniň biri-de, dulda dursa gül ysy bilen burk urup göwünleri göterýän, ele alsaň, bal ysy süňňüňe ýaýraýan mazydyr. Mazynyň pazyly ýere ýazylyp ösmek bilen, baldaklarynyň şekili togalak ýa-da dört gyraňlydyr. Miwesi eliň aýasynda ýerleşjek ululykda, togalak we tüýjümek, daşy nagyşlyja, gyzgylt-goňras reňkli bolýar. Mazy Diýarymyzyň ähli ýerinde diýen ýaly ösýär. Onuň miwesi iýilmeýär, ysgamak we bezeg üçin ulanylýar. Mazyny ysgap doýup bolmaýandygyny söz ussady Magtymguly Pyragy şeýle beýan edipdir: «Güli, destembili ysgap doýunmaz». Onuň ady türkmen halk döredijiligi eserlerinde hem orun alýar: «Gawun gowusy — mazy», «Ene — mazy, ata — kazy».

«Takyk ekerançylyk»

«Takyk ekerançylyk» ulgamynyň düýp manysy — oba hojalygynda tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ösdürilmegi pudaga hil taýdan täze önümçilik derejesine ýetmäge, oba hojalygynyň öndürijilerine daşary ýurt kärhanalary bilen bäsleşmäge mümkinçilik berýär. Oba hojalygynda tygşytlaýjy tehnologiýalaryň esasy elementlerinden biri «takyk ekerançylyk» ýa-da takyk oba hojalygydyr. «Takyk ekerançylyk» medeni ekinleriň ösýän ýerleriniň meýdan üýtgeýşini göz öňünde tutup, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrýar. Munuň esasy maksady oba hojalygynyň önümçiligini kadalaşdyrmak, ykdysady we tebigy baýlyklary tygşytlamak bilen, girdejileri köpeltmekden ybarat bolup durýar. Bu bolsa ýokary hilli önüm öndürmek we daşky gurşawy goramak üçin giň mümkinçilikleri berýär.

Altynsow pagta

Ýurdumyzyň pagtaçylyk pudagyny ösdürmekde gowaçanyň täze sortlaryny döredip, önümçilige ornaşdyrmak biz — seçgiçi alymlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Pagta diňe bir görnüşleri bilen, ýagny orta we inçe süýümliligi bilen däl, eýsem, reňkleri boýunça hem tapawutlanýarlar. Häzirki döwürde ekilýän gowaçanyň pagta hasyly, esasan, ak reňkli. Emma gowaça hasylynyň birnäçe reňkli görnüşleri hem bar. Olar goýy mele, ýaşyl we açyk ýaşyl, goňur reňkli pagtalardyr. Alymlarymyz ösümligiň tebigy polifenol himiki birleşmesiniň pagta süýümine tegmil (pigment) ýaly reňk berýändigini we bakterisid häsiýetiniň ýüze çykmagyna sebäp bolýandygyny anykladylar.

Ýuwuş suwy tutulýar

Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen bir hatarda Daşoguz welaýatynda hem gowaça ekişine ýokary derejede guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyna degişli bolan S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde şu ýyl 7300 gektar meýdanda gowaça ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda öňdebaryjy pagtaçylyk hojalygy hökmünde tanalýan paýdarlar jemgyýetinde gowaça ekiljek ýerlere ýuwuş suwuny tutmak işi gyzgalaňly dowam edýär.

3 müň tonnalyk sowadyjy ammar

Ilatymyzy ýylyň ähli paslynda ter gök-bakja önümleri, miweler bilen üpjün etmek ugrunda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalar, ýöriteleşdirilen ammarlar gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle desgalaryň biri-de, biziň welaýatymyzdaky «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň gök-bakja, miwe önümlerini kabul etmäge we saklamaga niýetlenen ammarydyr. Umumy göwrümi 3 müň tonna barabar bolan bu ammar 2016-njy ýylda işe girizildi. Bu ýerde her möwsüme laýyklykda, öňde goýlan wezipeler berjaý edilip, zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Daýhan hojalyklar, kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşyldy, olardan dürli gök önümleri we miweler satyn alnyp, ammarda ýerleşdirildi. Döwrebap, kämil enjamlar ornaşdyrylan bu ammarda önümi kabul etmek, saklamak we bellenilen ýerlere ugratmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Kärhanada 10-a golaý ýük awtoulagy önümleri getirmäge we bellenilen ýere eltip bermäge hyzmat edýär. Daşoguz «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigi geçen ýyl daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň ençemesi bilen, şeýle-de aýry-aýry kärendeçi ýer eýeleri bilen özara şertnama baglaşyp, olaryň ýetişdiren önümlerinden birnäçe tonna ýeralmany, sogany, käşiri, kelemi, pomidory, almany, üzümi şeýle hem dürli görnüşli bakja önümleriniň 232 tonnasyny satyn aldy. Satyn alnan önümleriň hasaplaşyklary öz wagtynda doly geçirildi.

Mallar weterinar gözegçiliginde

Tagtabazar etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynda hem mallaryň gyşdan abat we sagdyn alnyp çykarylmagy dogrusynda günübirin alada edilýär, maldarlaryň durmuşy we ýaşaýşy bilen içgin gyzyklanyp, olaryň mal bakýan öri meýdanlaryna barylýar. Ýakynda biz etrap «Maldar» maldarçylyk hojalygynda bolduk. Gyş üçin iri baldakly otlaryň we dürli görnüşdäki samanlaryň, küde, bedeleriň boýy asmana ýetýär. Bu ýerde depe-depe otlary göreniňde, gözüň dokunýar. Mallary abat we dok saklamak üçin 7793 tonna arassa ot, 568,8 tonnadan gowrak arpa taýýarlanyp, mallaryň gyşladylýan kaşarlaryna eltilipdir. bu bolsa owlak-guzy möwsüminiň hem talabalaýyk geçiriljekdiginiň alamatydyr.

Goç berdaşly bolsa...

Ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleriň arasynda toýlaryň bezegine öwrülen milli oýunlar, däpler, olarda ýerine ýetirilýän birnäçe aýratynlyklar bar. Şolaryň biri-de, toý-baýramlarda goç süsüşdirmekdir. Goç süsüşdirmek üçin idedilýän goçlar, esasan, garaköli tohumyndan saýlanyp alnypdyr. Munuň esasy sebäbi-de garaköli goçlar süsüşende çydamlylygy, berdaşlylygy bilen tapawutlanýarlar. Olaryň gowy bakylanynyň agramy 100 – 120 kilograma çenli ýetýär. Goç süsüşen wagty şahyna şikes alsa, tä bitýänçä süsüşdirmändirler. Süsüşdirmek üçin idegi ýetirilen goçlara hökman at goýupdyrlar. Süsmek, süsüşmek goçlaryň zandynda, ganynda bar. Süsüşende agyrlygyň ähmiýetlidigine garamazdan, agramy ýeňilräk goçlaryň özünden 20 kilogram agyrlykdaky goçlary ýeňýän pursatlaryna-da duşmak bolýar. Süsüşdirmek üçin niýetlenilen goçlar bir ýaşandan ýüpe öwrenişdirilip, üç ýaşdan süsüşdirilip başlanýar. Ýaş taýdan kiçi goçlara goçgar diýlipdir. Süňňi sagat goçlary 7-8 ýaşa çenli, kähalatlarda bolsa 9 ýaşa çenli süsüşdiripdirler. Ýöne bu seýrek gabat gelýän ýagdaý. Toý-baýramlarda süsüşdirmek üçin idediljek goçlary saýlanlarynda, ilki olaryň 5-6-syny bir ýerde saklap, bir-biri bilen süsüşdirip, içinden has çydamlysyny alypdyrlar.

Piramida ýyladyşhanalary

Soňky ýyllarda ýüze çykan piramida şekilli ýyladyşhanalar oba hojalykçylaryň ünsüni barha özüne çekýär. Ýyladyşhanalaryň bu görnüşi gözbaşyny geçen asyryň ýetmişinji ýyllaryndan alyp gaýdýar. Olary amerikaly oba hojalykçy Bill Warren oýlap tapypdyr. Müsür piramidalaryny ýadyňa salýan ýyladyşhanalaryň ilkinji nusgalary 24 inedördül metr meýdanda ýerleşýärdi. Bill Warren onda pomidor, kädi, noýba, burç ýaly ekinleri ösdürip ýetişdirdi.

400 ýaşly kompaniýa

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu Hempşir Ştatynda ýerleşýän «Tuttle’s Red Barn» kompaniýasy häzirki wagtda iň irki kompaniýalaryň biridigine garamazdan, mekgejöwenden we miweleriň dürli görnüşlerinden önüm öndürmegini ýokary depgin bilen dowam etdirýär. Kompaniýa ýene 11 ýyldan 400-nji ýaşyny bellär. Ol häzir Ýer ýüzünde hereket edýän iň irki bäş kompaniýanyň biridir.

Mallar dok, başy tükel

Maldarlaryň aladasyna gutarma ýok. Hemişe mallaryň bakysyny ýetirmeli. Maldarçylykdaky möwsümleri talabalaýyk geçirmeli. Elbetde, bu irginsizligi, köp zähmeti talap edýär. Gyş pasly bolsa maldarlar üçin uly synagdyr. Mallaryň baş sanyny köpeltmek, önümliligini artdyrmak köp babatda şu möwsümiň talabalaýyk geçirilişine baglydyr. Bu babatda Türkmenbaşy etrabyndaky «Balkan» maldarçylyk hojalygynda möhüm çäreler görlüpdir. Şu gyşam gaýly, çapgyn şemally günler azlyk etmedi, garam ýagdy. Otuň ätiýaçlyk gorunyň bolmagy, ýyly kaşarlardan peýdalanylmagy mallary gyşdan dok we tükel alyp çykmaga täsirini ýetirýär.

«Tolkun atan rysgal ummany, bugdaý!»

Hormatly Prezidentimiziň meşhur şygryndan alnan şu ýekeje setir bugdaýa mahsus aýratynlygy doly beýan edýär. Bu şygryň beýleki setirlerinde nygtalyşy ýaly, bu «umman», «Ýeriň mährinden, Arşyň rehmetinden, jepakeş iliň zähmetinden» döreýär. Onsoň biziň halkymyzda hoş sözüň, gül meňziň bugdaýa deňelmegi ýönelige däl. Farap etrabynyň ekin meýdanlary Amyderýanyň sag kenaryndan başlap, gündogardaky ümmülmez giňişliklere çenli uzaýar. Şu günler olaryň käsinde täze hasylyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görlüp ýörülse, käsinde eýýäm ekişe girişilendir. Beýleki bir atyzlardaky ýaşyl maýsalar bolsa heniz fewral tamamlanmanka, ýaz ýakymyny bagyşlaýar. Bu işjeňlik etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde hem göze ilýär.

Etrabyň batly gadamlary

Golaýda Daşoguz welaýatynyň Bagtyýar zaman obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Iň gowy etrap diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri Türkmenistany 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwarynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Rowaçlanýan özgertmeler

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen üstünliklere beslenen “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlandy. Bu ýyl Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanly toýunyň dabarasy bilen taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen döwlet ähmiýetli, halk bähbitli ägirt uly işler durmuşa geçirildi. 2020-nji ýylda halk hojalygyny durmuş ykdysady taýdan ösdürmekde belent üstünliklere eýe bolundy. 2021-nji ýyly uly şatlyk, dabara bilen garşy alan merdana türkmen halkymyz, täze ýyla ýokary ruhubelentlik, uly ynam, aýdyň maksatlar bilen gadam basdy. Mähriban halkymyz döredijilikli zähmeti bilen ýurdumyzyň kuwwatyny has-da artdyrmakda uly işleri durmuşa geçirmegi maksat edinip, belent sepgitleri nazarlaýar. Üstümizdäki ýylda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilenine 30 ýyl dolýar. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi taryhy wakalara, toý-dabaralara beslener. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyz uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar.

Daýhanyň ygtybarly daýanjy

Şu günler ähli ýerlerde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem golaýlap gelýän gowaça ekişine taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Şoňa görä, tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda tehnikalary abatlamak, gözden geçirmek işleri talaba laýyk guralýar. Baýramaly etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda- -da tehnikalary we olaryň gurallarynyň — gowaça ekijileriň, kultiwatorlaryň ekiş möwsümine doly taýýar edilip goýulmagy üçin irginsiz aladalar edilýär. Bu ýerde kärhananyň baş hünärmeni Nurmuhammet Goşaýew, bejeriji ussalar Şadurdy Taganow, Begenç Ataýew, Berdi Bazarow, Rahman Guljaýew, Kyýas Mämmedow, Begnazar Täçliýew, Merdan Joraýew dagy gije-gündiz irginsiz zähmet çekýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän tehnikalarynyň daýhanlaryň ygtybarly daýanjydygyna örän oňat düşünýärler. Şoňa görä hem bejeriji ussalar iş depginlerini gowşatmaýarlar.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem ak ekine ideg etmek işleri giň gerimde ýaýbaňlanýar. Ýolöten etrabynyň «Momotaý» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Güljan Gurbanowa hojalykda ýylyň-ýylyna bereketli hasyl öndürmegi başarýan kärendeçileriň biri. Ol Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň bugdaý hasylynyň ýokary bolmagy üçin yhlasly aladalanýar. Kärendeçi zenan her bir alyp barýan işinde gaýynatasy Ýazmuhammet aganyň berýän maslahatlaryna eýerýär.

Jogapkärli wezipeler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz daýhanlaryň, maldarlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, möhüm çözgütleri we il-ýurt bähbitli taryhy ähmiýetli kararlary yzygiderli kabul edýär. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzy maldarçylyk önümleri bilen üpjün etmegi has-da ýokarlandyrmagy göz öňünde tutup, ýurdumyzyň maldarlarynyň öňünde mallaryň baş sanyny artdyrmagy wezipe edip goýdy. Şu wezipäni berjaý etmek üçin dowardarçylykda olaryň baş sanyny tükel hem abat saklap, gowy ideg edilmegini gazanmak gerek.