Her birimiziň borjumyz

24 Mart 2021
1042

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilýän sepgitler, gazanylýan belent üstünlikler ildeşlerimiziň buýsanjyna buýsanç goşýar. Dünýä ülňülerine laýyklykda gurulýan, durky düýpli täzelenilýän köçelerdir ýollarymyz ýol-ulag düzüminiň yzygiderli kämilleşdirilmegine we ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmaga mynasyp goşant bolýar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýörite resminama gol çekmegi bilen, köçelerimizde we ýollarymyzda hereketiň howpsuz bolmagyny mynasyp wagyz-nesihat etmek üçin, her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen biraýlyk çäreler toplumy geçirilýär. Biraýlygyň dowamynda obadyr şäherlerimiziň, şäherara ugurlar boýunça öňden bar bolan we täze gurlup, ulanylmaga berilýän köçelerdir ýollarynda hereket etmegiň düzgün-kadalary, ulaglaryň sürüjileriniň we pyýada ýolagçylaryň hereketiniň sazlaşygyny gazanmak babatda ýokary netijeli işler amal edilýär.

Myrat ORAZLYÝEW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.