Halkara Nowruz gününiň dabaralary

22 Mart 2021
1007

ýagşy umytlaryň, tebigat bilen sazlaşygyň we gadymy däp-dessurlarymyzyň dabaralanmasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylymyzyň 21-nji martynda halkymyz Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlikde dabaralandyrdy. Bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylyp, aýdym-sazly çykyşlara we türkmen halkynyň oňyn däp-dessurlaryna beslenen baýramçylyk dabaralary keremli türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşdy.