Terbiýeçileriň hünär ussatlygy

28 Fewral 2021
1137

AK BUGDAÝ. Etrapdaky 18-nji çagalar bagynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Ony etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi bilelikde gurady.

Ýurdumyzyň ussat terbiýeçileriniň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna etrapdaky mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işgärleri gatnaşyp, onuň degişli şertleri boýunça çykyş etdiler.