Dizaýnyň çeperçilik beýany

7 Iýul 2024
405

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024

XXI asyr­da adam­zat ýa­şaý­şy­nyň köp­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­nde iň köp ula­nyl­ýan söz­le­riň bi­ri «di­zaýn» sö­zi bo­lup dur­ýar. Onuň se­bä­bi ýa­şaý­şyň hem­me gör­nü­şin­de: is­le, dur­muş­da ula­nyl­ýan iň ýö­ne­keý zat­lar­dan baş­lap, daşky gur­şaw­da, adam­za­dyň iş ýe­rin­de, öý­de hem­me­ta­rap­la­ýyn gurşap al­ýan zat­lar önüm­çi­lik­de ön­dü­ri­len ýo­ka­ry hil­li di­zaýn önüm­le­ri bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki za­man yl­myn­da «di­zaýn» sö­zi iň­lis di­lin­den ter­ji­me edi­len­de «tas­la­ma» ýa-da «tas­la­ma­laş­dyr­mak» di­ýen ma­ny­la­ry­ aň­lad­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, iň­lis di­lin­de bu söz hem at, hem iş­lik hök­mün­de ula­nyl­ýar. Şol esas­da hem, ol bir di­ýen­de hem baş­la­ma­gy, hem-de ta­mam­la­ma­gy, işiň do­wam­ly­ly­gy­ny we ahyr­ky önü­mi aň­lad­ýar.

Se­lim RA­SU­LOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň talyby.