«Arkadag» topary çempion

27 Dekabr 2023
427

Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň ilkinji möwsüminde Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolmagy sport janköýerlerinde uly seslenme döretdi. Golaýda tamamlanan Türkmenistanyň çempionatynda hem garşydaşlaryndan uly hasap bilen üstün çykyp, çempion bolan «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Kubogynyň 30 ýyllyk taryhynda oňa mynasyp bolan 11-nji topar hökmünde taryha girdi.

Aşgabadyň «Köpetdag», «Altyn asyr», «Ýedigen», «Nisa», Balkanabadyň «Nebitçi», Änewiň «Ahal», Marynyň «Merw», Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» we Daşoguzyň «Turan» toparlary bu Kubogyň eýeleri bolupdylar.

«Daşoguz habarlary».