Ilkinji möwsümde iki baýrak

28 Dekabr 2023
442

Tamamlanyp barýan ýylyň iýul aýynda ilkinji gezek 10 müň janköýeri özünde jemlän «Arkadag» stadiony geçen ýekşenbede hem tomaşaçylaryň ýerli topary goldaýan seslerine beslendi. Iýuldaky we dekabrdaky iki duşuşygyň meňzeş tarapy — olaryň ikisinde-de «Arkadag» toparynyň geçen ýylyň çempiony «Ahaly» kabul etmegi, tapawutly tarapy bolsa, iýuldaky oýnuň ýoldaşlyk duşuşygy, geçen ýekşenbedäki oýnuň bolsa Türkmenistanyň Kubogynyň final duşuşygy bolmagydyr.

Milli çempionatymyzda ilkinji çempionlygyny yglan eden «Arkadag» futbol topary bu duşuşykda Türkmenistanyň Kubogynyň hem eýesi boldy.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.