"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Gümrük edaralaryna harytlar barada deslapky maglumaty bermek mümkinçiligi döredildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan 2024-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, daşary ykdysady işine gatnaşyjylar we ulag-logistika kompaniýalary üçin Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan ulag serişdeleridir harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, deslapky maglumatlary berlen ulag serişdeleri we harytlar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi hem-de gümrük taýdan resmileşdirilmegi ileri tutma tertibinde amala aşyrylýar. Deslapky maglumatlary serhetýaka gümrük edaralaryna internet torunyň serişdelerini ulanmak bilen islendik çäkden bermek mümkinçiligi bar.

Türkmenistanyň energetika kuwwaty pugtalanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakynda ýurdumyzyň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň degişli gaz guýusynda geçirilen buraw işleriniň netijesinde senagat taýdan ähmiýetli gaz akymynyň alynmagy Türkmenistany dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň birine öwürmek ugrunda yzygiderli alnyp barylýan işlere goşant boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Şunda täze nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, gözleg-agtaryş işlerini geçirmäge, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmaga, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna ibermegiň dürli ugurlaryny döretmäge, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary ulanmaga, guýulary burawlamak we düýpli abatlamak boýunça işleri işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda gaz pudagynda täze ýataklaryň üstüni açmakdan, barlag geçirmekden, ulanmaga bermekden, uglewodorod serişdelerini ibermekden hem saklamakdan başlap, taýýar önümi sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilik işiniň ähli tapgyrlary öňdebaryjy tehnologiýalar esasynd

Ýurdumyzyň buýsandyryjy ösüşleri

Beýik ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetde, gurluşyk senagat pudagynda uly üstünliklere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent maksatlar rowaçlanýar, giň möçberde amala aşyrylýan özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýar. Biz muňa ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän desgalaryň halkara güwänamalaryna eýe bolýandygynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Ýurdumyzy uzak möhletleýin ösdürmegiň strategik maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda durmuşa geçirilýän işleriň halkyň bähbidine gönükdirilendigini görmek bolýar. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň yzygider ýokarlanýandygyny, amala aşyrylýan beýik işleriň ösüşleri üpjün edýändigini beýan edýär.

Ählumumy awiasiýa ýük dolanyşygynyň ösüş depgini 14,7%-e ýetdi

Ählumumy raýat awiasiýasynyň ýük dolanyşygy 2024-nji ýylyň maý aýynda ösüş depginine eýe boldy. Şeýlelikde, Halkara howa ulaglary birleşiginiň (IATA) synyna görä, ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,7%-e ýetdi. Howa ulagy arkaly ýük daşamalaryna isleg yzly-yzyna altynjy aý bäri iki belgili san bilen ösýär: bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende, dekabrda 10,8%-e, ýanwarda 18,4%-e, fewralda 11,9%-e, martda 10,3%-e, aprelde 11,1%-e deň boldy.

Serhetsiz logistika: Aşgabatda Hytaý bilen ýük daşamak pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň wekilleri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şandun prowinsiýasynyň esasy logistika operatory bolan «Shandong Hi-Speed Qilu Eurasia Railway Logistics Co.» logistika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berildi. Hytaý wkiliýetine bu kompaniýanyň Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, şol bir wagtyň özünde hem Gazagystan Respublikasyndaky şahamçasynyň başlygy Lýuý Szýunfen ýolbaşçylyk etdi. Kompaniýa esasan demir ýol we awtoulag ýoly arkaly ýük daşamak bilen meşgullanýar. Onuň wekilhanalary dünýäniň köp ýurtlarynda hereket edýär.

Türkmen — eýran hyzmatdaşlygynda gaz senagatyna möhüm ähmiýet berilýär

Geçen çarşenbe güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi dolandyryş binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Eýran Yslam Respublikasynyň (EYR) wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň bähbidine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň barha pugtalandyrylýanlygy bellenildi. Bu babatda gaz senagatynda alnyp barylýan işler has-da bellärliklidir. Şu gezekki duşuşykda hem türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly EYR-nyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna ibermek boýunça möhüm ylalaşyk gazanyldy. Möhüm çärä gatnaşyjylaryň nygtamagyna görä, türkmen we eýran gatnaşyklary gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar we birek-birege hormat goýmak bilen, häzirki döwürde giň gerimde ösdürilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallasy bilen ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň pudaklarynda uly işler durmuşa geçirildi. Möhüm gaz geçirijiler guruldy. «Mawy ýangyjy» daşarky bazara çykarmakda gazanylan ýokary netijeler dünýä ýurtlarynyň işewürlerini özüne çekýär. Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň netijesinde halkara arenasynda ynamly hyzmatdaş hökmünde öňe çykdy we ykrar edildi. Türkmenistanyň durnukly ösýän döwletdigi, tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy, parahatçylyk söýüjilik syýasaty ugur edinmegi gatnaşyklary pugtalandyrmakda esas

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň baýry edarasy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Ahal gidrogeologiýa ekspedisiýasy Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň baýry edaralarynyň biri hasaplanýar. Ol 1949-njy ýylyň 15-nji maýynda esaslandyrylypdyr. Şol döwürden bäri bu ekspedisiýa dürli atlar bilen geologiýa, gidrogeologiýa we inžener-geologiýa ugurlar boýunça ülkämizde ilatly ýerleriň hojalyk-agyz suw üpjünçiligi, oba hojalyk ýerlerini suwlulandyrmak we maldarçylyk pudagyny suw bilen üpjün etmek, şeýle hem senagat we balneologik ähmiýetli mineral hem-de senagat ýerasty suwlary gözlemek we barlamak, olaryň ulanyş gorlaryny hasaplamak, ýüze çykarylan ýerasty suwlaryň hilini öwrenmek boýunça geologik-gidrogeologik barlaglar bilen baglanyşykly geologiýa-gözleg işlerini amala aşyrmak bilen meşgullanypdyr. 2002-nji ýylda bu ekspedisiýa häzirki, ýagny Ahal gidrogeologiýa ekspedisiýasy diýen adyna eýe bolýar. Adyndan belli bolşy ýaly, ol häzirki döwürde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologiýa-gözleg işleriniň gurluşlar boýunça meýilnamasy esasynda Ahal welaýatynyň çäginde, esasan, şu ugurlar boýunça geologik-gidrogeologik gözleg-barlag işlerini alyp barýar: ýerasty agyz suwlarynyň gözleg we barlag işleri, suw ýataklarynyň ulanyş gorlaryny kesgitlemek hem-de hasaplamak boýunça deslapky we jikme-jik barlag işleri, 1:200 000, 1:50 000 ölçeglerde geçirilýän geoekologik barlaglar, gidrogeologik surat almak işleri, kartalaş

Abu-Dabide geçiriljek forum ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini açyp görkezer

Şu ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum geçiriler. Halkara forumy daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrar we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňelder. Forumyň 4-7-nji noýabrda BAE-niň paýtagtynda nebitgaz, energetika pudaklaryna, täze tehnologiýalara, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara bagyşlanyp geçiriljek (ADIPEС) Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýär.

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň raýatlaryna erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýerleşdirmek maksady bilen «Magtymguly Pyragy» atly täze möhletli goýumyny hödürleýär. «Magtymguly Pyragy» atly möhletli goýumy ýyllyk 11 (on bir) göterim bilen 1 (bir) ýyl möhlete açylýar, şeýle hem goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär. Şertnamanyň hereket edýän möhleti tamamlanandan soňra goýumçynyň talaby boýunça pul serişdeleri nagt ýa-da nagt däl görnüşinde gaýtarylýar.

Türkmenistanda fiziki şahslar üçin niýetlenen «sanly karz» ulgamy ulanyşa giriziler

Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Gämigurluşyk hem-de gämi abatlaýyş işleri kämilleşdirilýär

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gämigurluşyk hem-de gämi abatlaýyş işlerini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagaty ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýerli çig maly önümçilikde, şol sanda gämileri arassalamakda ulanmak hem-de ony daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiliginiň öwrenilýändigi barada aýdyldy.

Hytaý Şençžen-Çžunşan ulag ulgamynyň gurluşygynda 10 dünýä rekordyny goýdy

Hytaýda Şençžen hem-de Çžunşan şäherlerini birleşdirýän köprüleriň we ýerasty geçelgeleriň ulgamy açyldy. Bu özboluşly ulag ulgamynyň gurluşygy 7 ýyl dowam etdi. Bu ulgam özünde emeli adalary hem jemleýär. Olaryň arasynda suwasty geçelgeler çekildi. Adalar gury ýer bilen köprüler arkaly baglanyşýar. Şäherleriň arasyndaky ýoluň umumy uzynlygy 24 kilometre deňdir.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri ECO-93 kysymly awtobenzini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen önümlerini, gruziýaly işewürler bolsa “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük we pagta linti ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 85 million 547 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 28 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyz Respublikasyndan hem-de Gruziýadan gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen awtobenzini, 10 litrlik polietilen bedreleri, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 85 million 547 müň 900 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Gadymy Çyn-Maçynyň häzirki ykdysadyýeti

Dünýä döräp, Beýik Ýüpek ýoly döräp özüni Çyn-Maçyn diýip tanadan Hytaý döwleti bu günki gün dünýäniň söwda bazarynda iri «täjirleriň» biridir. Dünýä bakgallarynyň arasynda «Ilkinji edilen söwdanyň nirede bolany belli bolmasa-da, şol satylan haryt hökman Çyn-Maçynda öndürilen bolmaly» diýen aýtgy bar. Bu günki global ykdysadyýetiň agramly «oýunçylarynyň» biri bolan Hytaý Halk Respublikasynyň üstünlige çenli geçen ýoly nusgalykdyr. Hytaý senagat syýasaty hem-de 5 ýyllyk meýilnamalary öz içine alýan, ösýän, garyşyk, sosialistik bazar ykdysadyýetli ýurt hökmünde bellidir. «Forbes» žurnalynyň ýylyň birinji çärýeginde çap eden sanawyna laýyklykda, ýurt nominal jemi içerki önümi boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan soň 2-nji, satyn alyş kuwwaty babatda bolsa 2016-njy ýyldan bäri dünýäniň iň uly ykdysadyýetidir. Has dogrusy, häzirki wagtda ýurduň nominal jemi içerki önümi 18 trillion 566 milliard amerikan dollaryna, ilatyň jan başyna düşýän JIÖ 13,16 müň amerikan dollaryna, JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini bolsa, 4,2 göterime deňdir. 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduň nominal jemi içerki önümi 5,2 göterim ýokarlanyp, 17 trillion 890 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Ýeri gelende aýtsak, Hytaý 2022-nji ýylda dünýäniň nominal jemi içerki önüminiň 18, satyn alyş güýjüniň 19 göterimini emele getirdi.

5 milliard amerikan dollarlykpaýnama satuwa çykarýar

«Amazonyň» esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Jeff Bezos kompaniýanyň özüne degişli bolan 25 million sany paýnamasyny satmagy meýilleşdirýär. Paýnamalaryň umumy bahasy, takmynan, 5 milliard amerikan dollary töweregindedir. Bezosyň uly mukdardaky paýnamalary satjakdygy baradaky habar geçen hepdäniň sişenbe günündäki birža söwdalaryndan soňra peýda boldy. Şol gün kompaniýanyň paýnamalary rekord derejede gymmatlady. Has takygy, her bir paýnamanyň bahasy 200,4 amerikan dollaryna çenli ýokarlandy. Maglumat üçin, Jeff Bezos şu ýylyň fewral aýynda hem «Amazonyň» umumy bahasy 8,5 milliard amerikan dollaryna barabar bolan paýnamalaryny satuwa çykarypdy.

Aprel-maý aýlarynda iň köp altyn satyn alan döwletler yglan edildi

Bütindünýä Altyn geňeşi 2024-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda iň köp altyn satyn alan döwletleriň sanawyny yglan etdi. Oňa laýyklykda, aprel aýynda Türkiýe (8 tonna), Gazagystan (6 tonna) we Hindistan (6 tonna), maý aýynda bolsa Polşa (10 tonna), Türkiýe (6 tonna) hem-de Hindistan (4 tonna) daşary ýurtlardan iň köp altyn satyn alan döwletler boldy. Sanawda berilýän maglumatlara görä, aprel aýynda dünýä döwletleriniň Merkezi banklarynyň altyn ätiýaçlygy 33 tonna artan bolsa, bu görkeziji maý aýynda 10 tonna deň bolupdyr. Bütindünýä Altyn geňeşi tarapyndan ýaýradylan ýene bir üns çekýän maglumat maý aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Merkezi bankynyň altyn satyn almagyny bes edendigidir. Munuň özi HHR-iň Merkezi bankynyň 18 aýlyk satyn alyş tapgyryny tamamlandygyny aňladýar. Häzirki wagtda HHR-iň Merkezi bankynyň 2 müň 264 tonna altyn ätiýaçlygy bar.

ÝB goşmaça gümrük salgydyny girizer

Ýewropa Bileleşigi 5-nji iýuldan başlap, Hytaýdan import edilýän elektromobiller üçin deslapky goşmaça gümrük salgydyny girizer. ÝB-niň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, deslapky goşmaça gümrük salgydy «BYD» kompaniýasynyň elektromobilleri üçin 17,4 göterime, «Geely» kompaniýasynyň elektromobilleri üçin 19,9 göterime, «SAIC» kompaniýasynyň elektromobilleri üçin 37,6 göterime deň bolar. Şeýle-de ÝB-niň degişli ugurdaky derňewinde hyzmatdaşlyk eden beýleki brendleriň önümlerine 20,8 göterim, hyzmatdaşlyk etmedik brendleriň önümlerine bolsa 37,6 göterim deslapky goşmaça gümrük salgydy salnar.

Türkmen-eýran gatnaşyklary işjeňleşdirýärler

Mälim bolşy ýaly, 1 — 3-nji iýulda paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gaz pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly EYR-nyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna ibermegiň meselelerine garaldy. Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, köp ýyllaryň dowamynda gaz pudagynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýärler. Ýangyç-energetika toplumynyň möhüm binýadyny emele getirýän gaz pudagy, şol bir wagtda, ýurdumyzyň umumy senagat önümçiliginiň esasy bölegini düzýär. Häzirki wagtda tebigy gazyň täze gorlaryny gözlemek we özleşdirmek, taýýar önümi ibermäge, saklamaga, gaýtadan işlemäge, uglewodorod serişdelerini sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilikde öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli tehnologiýalar netijeli ulanylýar. Bu pudak tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň işe girizilmegi esasynda yzygiderli ösdürilýär. Çig maly gaýtadan işlemekde ulanylýan ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak ony ösdürmegiň wajyp ugurlarynyň biridir.

«Ýaşyl» ykdysadyýetde innowasion şäherler

Häzirki zaman jemgyýetinde işewürligiň we önümçiligiň durnukly ösüşini gazanmak üçin hökmany suratda «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerine eýermek zerurdyr. Şoňa görä-de, soňky ýyllarda döwür bilen deň gadam urýan, ösen we ösüp barýan döwletler daşky gurşawyň abadançylygyna gönükdirilen syýasaty alyp barmak bilen, tebigatyň baýlyklaryny we önümçilik serişdelerini rejeli peýdalanmaga ähmiýet berýärler. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçişde iri ilatly ýerlerde we şäherlerde oňaýly, innowasion, ekologik taýdan arassa gurşawy kemala getirmek maksady bilen, «akylly» şäher konsepsiýasy ösdürilýär. Şäherleriň ilat sanynyň yzygiderli artýandygyny nazara alsaň, innowasiýalara daýanyp, daşky gurşaw üçin howpsuz hem-de ýaşaýjylar üçin oňaýly durmuş şertlerini göz öňünde tutýan bu konsepsiýanyň geljeginiň uludygy äşgär bolýar. Bütindünýä derejesinde şäher ilatynyň yzygiderli artmagy häzirki zaman ykdysadyýetine mahsus ýagdaýdyr. Munuň özi, bir tarapdan, ykdysadyýetiň önümçilik däl pudaklarynyň, hyzmatlar ulgamynyň ösüşine, innowasiýalaryň işlenip taýýarlanylmagyna we ornaşdyrylmagyna ýardam berýän bolsa, beýleki tarapdan, daşky gurşawyň abadançylygyny we oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmek bilen baglanyşykly kynçylyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. «Akylly» şäher konsepsiýasy bu kynçylyklaryň oňyn çözgütlerini tapmaga ýardam berýär. «Akylly» şäher diýen düşünje sanly tehnologiýalaryň kömeginden peýdal