"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi Türkmenistan bilen Gazagystanyň medeni, taryhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanyp, hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirendiklerini, onuň häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara düzümleriň, GDA-nyň giňişliginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetine aýratyn üns çekildi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ketrin Rasselden hat geldi. Onda: “Hanym Jalpa Ratnany ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hökmünde Size tanyşdyrmak hormatyna eýediris. ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde hanym Jalpa Ratna BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistanda alyp barýan işi üçin umumy jogapkärçilik çekýär. Ol öz üstüne ýüklenen wezipäni milli hyzmatdaşlar bilen ýakyn gatnaşykda ýerine ýetirer” diýlip bellenilýär. ***

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. ÝUNISEF-niň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, soňky ýyllarda ençeme bilelikdäki möhüm taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz!

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan, Size we Siziň üstüňiz bilen doganlyk türkmen halkyna hijri-kamary senenamasy boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

Resmi habar

Türkmenistanyň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga, kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi hem-de ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Oba hojalyk ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Ykdysady ösüş — ygtybarly geljek

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy; 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak;

Ählumumy parahatçylygyň bähbidine

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz uly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklarynyň geriminiň giňelmeginde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Golaýda Gazagystanyň paýtagty Astanada Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) 24-nji liderler sammiti geçirildi. Döwletleriň 16-synyň gatnaşmagynda geçirilen bu sammite türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hormatly myhman hökmünde gatnaşdy hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada çuň mazmunly çykyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitindäki çykyşynda: «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän we onuň bilen işleşýän halklar we döwletler bilen biziň ýurdumyzy çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan goňşuçylyk, umumy gymmatlyklar, dünýägaraýyş baglanyşdyrýar. Bu gün bolsa oňa ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara bähbitler hem goşulýar» diýip nygtamagy milli diplomatiýamyzyň özeninde ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar.

Berkarar döwletimiziň bedew bady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Beýik özgerişler, belent maksatly işler diňe parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanýan ýurdunda agzybir, jebis ýaşaýan zähmetsöýer halk bilen bilelikde amala aşyrylýar. Türkmen halky hem gadymyýetden bäri merdanalyk, tutanýerlilik, zähmetsöýerlik häsiýetleri bilen şöhratlanýar we täze taryhy döwrümizde-de mynasyp zähmet ýeňişlerini gazanyp gelýär» diýip belleýär. Şol maksat bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyna bedew bady bilen öňe barýar. Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür. Şu ýyl bereketli türkmen topragyndan bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasyly ýygnalyp, hasyl ussatlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bular barada şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy. Mejlisiň barşyn

Bagtyýar çagalar — Watanymyzyň geljegi

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan edermen gallaçylarymyz bereketli topragymyzdan bol hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Merdana gallaçy daýhanlarymyz sahawatly türkmen topragyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrdylar. Bu bolsa gallaçy daýhanlaryň döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikden peýdalanyp, ýurdumyzyň durnukly ösmegi ugrunda öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny görkezýär. Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan ajaýyp zähmet üstünlikleri mynasybetli 12-nji iýulda Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde bejergi alýan, saglyklaryny berkidýän çagalar özleri hakynda edilýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Rowaçlygy hem bagtyýarlygy üpjün edýän beýik işler

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilip, ýurdumyz ösüşleriň, rowaçlyklaryň ak ýoly bilen öňe barýar. Muňa 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem aýdyň göz ýetirmek boldy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşylan, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenilen mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Mejlisde ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habaryň aýdylmagy her bir türkmenistanlyny buýsandyran, guwandyran waka boldy. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynyň önümçilik meýilnamalarynyň, kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişini seljermegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Ekologik talaplar — milli ýangyç-energetika toplumyndaky özgertmeleri kesgitleýän möhüm görkeziji

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda üstünlikli amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, dünýä bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler babatdaky talaby kanagatlandyryp, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri görmegi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hijri-kamary senenamasy boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Size berk jan saglyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin: