"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyklar

7-nji martda paýtagtymyzda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň Awstriýanyň Parlamentiniň agzasy, «Awstriýa — Türkmenistan» parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ewa Ernst-Dziedziç bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmek, degişli komitetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, wekiliýetleriň özara saparlaryny guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman türkmen parlamentiniň işi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi we ekologiýa ýaly ugurlarda alyp barýan syýasaty bilen tanyşdyryldy.

Türkmen-owgan gatnaşyklary berkidilýär

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisini synlamak üçin Söwda-senagat edarasyna geldi. Gahryman Arkadagymyz sergi bilen tanyşlygy Owganystanyň gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan daşlary gazyp alýan kompaniýasyna degişli diwarlyklary synlamakdan başlady. Bu ýerde hünärmen kompaniýanyň alyp barýan işleri, onuň çykarýan daşlarynyň görnüşleri, aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Baş maksat ― önüm bolçulygy

4-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

7-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjy ýurduna öwürýär. Alnyp barylýan beýik işler merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin amatly şertleri döredýär. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde zähmetsöýer zenanlaryň hem paýy uludyr. Ýaş nesillerimizi ata Watanymyza we merdana halkymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent adamlar edip ýetişdirmekde kalby mähirden doly eneleriň örän uly hyzmaty bardyr. Mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza laýyk edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde olar bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýärler. Eziz perzentlerinde ynsanperwerlik, ahlaklylyk, lebzihalallyk, zähmetsöýerlik häsiýetlerini kemala getirýän, ýürekleri mähirden hem-de buýsançdan doly, yhlasly zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýyny belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän ýokarydyr. Merdana ata-babalarymyzyň türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýup, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň bagtyýar geljegini kepi

Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk

7-nji martda paýtagtymyzda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň Awstriýanyň Parlamentiniň agzasy, “Awstriýa — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ewa Ernst-Dziedziç bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmek, degişli komitetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, wekiliýetleriň özara saparlaryny guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman türkmen parlamentiniň işi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi we ekologiýa ýaly ugurlarda alyp barýan syýasaty bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we ähli gelin-gyzlaryna

Eziz eneler!Mähriban gelin-gyzlar! Sizi göwünlere ylham berýän bahar paslynyň ilkinji günlerinde dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Başymyzyň täjine deňeýän enelerimize, ýüzümiziň tuwagy bolan gelin-gyzlarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, durmuşyňyzyň gül-gülälekli, hoştap howaly mylaýym bahar ýaly owadan bolmagyny arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjy ýurduna öwürýär. Alnyp barylýan beýik işler merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin amatly şertleri döredýär. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde zähmetsöýer zenanlaryň hem paýy uludyr.

Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk

Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň Awstriýanyň Parlamentiniň agzasy, “Awstriýa — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ewa Ernst-Dziedziç bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmek, degişli komitetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, wekiliýetleriň özara saparlaryny guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman türkmen parlamentiniň işi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi we ekologiýa ýaly ugurlarda alyp barýan syýasaty bilen tanyşdyryldy.

Dialog — üstünlikli diplomatiýanyň kepili

Ýurduň içerki we daşarky syýasatynda durnuklylygyň bolmagy, sebitde, dünýä ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegi ugrunda yzygiderli tagallalaryň durmuşa geçirilmegi — munuň özi Bitarap Diýarymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde emele gelen kanunalaýyklykdyr. Şol syýasat netijesinde bu günki gün Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary uly üstünlik bilen alyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagy üstünliklere beslenýän daşary syýasatymyzda möhüm ähmiýete eýe boldy. Üçünji Antalýa diplomatiýa forumynyň gün tertibine ählumumy wehimler we çökgünlikler, howanyň üýtgemegi, migrasiýa, dünýä söwdasyndaky dartgynly ýagdaýlar, emeli aň ýaly şu günüň derwaýys meseleleri girizildi. Köptaraplaýyn diplomatiýanyň netijeli meýdançasy hökmünde dünýä meşhurlygyna eýe bolan Antalýa diplomatiýa forumy 2021-nji ýylda «Innowasiýa diplomatiýasy: täze döwür, täze çemeleşmeler», 2022-nji ýylda bolsa «Bilelikde pikirlenmek, bilelikde hereket etmek» mowzuklarynda geçirildi. Şu ýylky forumyň çäklerinde geçirilen 50-den gowrak çekişmede dünýäniň görnükli syýasatçylary häzirki döwrüň wajyp meseleleri babatda pikir alyşdylar.

Bagtyýar durmuşymyz — Watanymyzyň beýikliginiň, mukaddesliginiň hakyky mazmuny

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  mukaddes Watanymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan zähmet üstünlikleri göwünlerimize ganat berýär. Garaşsyz  Watanymyzyň durmuşyndaky şanly wakalar, gazanylýan zähmet üstünlikleri hemişelik Bitaraplygymyzyň çuň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Ýurdumyzyň durmuşyndaky buýsançly taryhy wakalar hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde: «Watanyň beýikligi, mukaddesligi hakyky mazmunynda açylanda, öňde goýlan maksat durmuşa geçýär» diýen paýhasyny hakydamyza getirýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky ÇYKYŞY

(Antalýa şäheri, 2024-nji ýylyň 1-nji marty) Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary we agzalary!

Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine

Häzirki wagtda Türkmenistan Bitaraplygyň özboluşly türkmen nusgasyny döredip, dünýäde abadançylygyň we durnukly ösüşiň nusgalyk ýoluny alyp barýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde durnukly ösüşi gazanmakda, geosyýasy we geoykdysady meýillere salgylanmak esasynda ýurtlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm binýat hökmünde çykyş edýär. Döwletimiz bütin adamzady tolgundyrýan gaýragoýulmasyz meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Türkmenistan bu meselelere jogapkärli çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Dünýäniň çalt depginde globallaşmagy netijesinde daşary syýasatyň we diplomatiýanyň dürli maksatly gurallary barha derwaýys häsiýete eýe bolýar. Bu babatda dünýä hem-de sebit syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça yzygiderli öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary Türkmenistany sebitiň ylalaşdyryjy merkezi, dünýäde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge goşant goşýan esasy döwletleriň biri hökmünde ykrar edilmegine getirdi. Munuň şeýledigini şu ýylyň 1-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden ýurdumyzyň Ählumumy Gü

Dünýäniň diregi, zeminiň görki

Türkmen zenanlarynyň mertligi, belent mertebesi, ýar ojagyna wepasy hakynda gojaman taryhyň gatlarynda rowaýata öwrülen hakykat ýatyr. Ata Watanymyzy ösdürmekde aýal-gyzlarymyz uly güýçdür. Edermen gelin-gyzlarymyz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin halk hojalygynyň dürli pudagynda ruhubelent zähmet çekýärler. Bu günki gün olar halkymyzyň öňden gelýän asylly ýörelgelerine laýyklykda, döwleti dolandyrmakda, önümçiligiň dürli pudaklarynda mynasyp orny eýeläp, täze türkmen jemgyýetini gurmaga işjeň gatnaşýarlar. Ýaýlalarymyza ýaşyl don ýapyp, toý-baýramlaryň buşlukçysy bolup ata Watanymyza  bahar geldi. Mübärek gadamy bilen düşlän bahar paslynyň ilkinji günlerinde görküni güllerden alan mähriban käbelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň baýramçylygy bolan  8-nji mart — Halkara zenanlar güni giňden bellenilip geçilýär. Biz hem ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryny, ak saçly enelerini baýramçylyklary bilen gutlap, dürli kärde zähmet çekýän zenanlaryň buýsançly sözlerini halkymyz bilen paýlaşýarys. Çynar DAŞGYNOWA,Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, kapitan:

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Nurjahan RAHMANBERDIÝEWA,Gökdepe etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň mugallymy: — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda adam hakdaky alada ilkinji orunda durýar. Bazarlarda azyk bolçulygynyň döredilmegi, döwrebap binadyr desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrundaky tagallalardan nyşandyr. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky Karara gol çekmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek ugrundaky oňyn çözgütleriň biridir.

Zenan — ýaşaýşyň ýaraşygy

Türkmen jemgyýetiniň döwrebap derejede ösmeginde, milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda we olary nesilden-nesle geçirmekde zenanlarymyza aýratyn orun degişlidir. Enäniň sesinde söýgi, mähir bar. Şonuň üçin hem enäniň — zenanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan işleriň dünýä gözellik çaýjakdygyna ählimiz ynanýarys. Zenan — Zeminiň görki. Tutuş maşgalanyň aladasy, geljekki nesliň terbiýesi zenanlaryň gerdenine düşýär. Olaryň esasy aladalarynyň biri-de, maşgala agzybirligidir. Haýsy maşgalada agzybirlik höküm sürýän bolsa, şol maşgalanyň işi rowaç, ruhy belent, kalby diňe ýagşylyga, belentliklere ymtylýandyr. Geçirimliligi, duýgurlygy, mylaýymlygy, edep-ekramlylygy, ýumşak häsiýetliligi, gözelligi, wepalylygy bilen dünýä nusgalyk türkmen zenanlary hormat-sarpanyň eýeleridir.

Öýleriň bezegi

Ata Watanymyzyň islendik edara-kärhanalarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem zenan harby gullukçylarymyzyň birnäçesi asylly zähmet çekýärler we ýurdumyzyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde öz mynasyp goşandyny goşýarlar. Zenanlar döwletimiziň asudalygyny,  kanunçylygyny gorap saklamakda örän guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.  Bu günki gün Halkara zenanlar güni mynasybetli egni harby lybasly zenanlarymyza hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyndan pul sowgatlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy harby gullukçylaryň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy.