"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Asylly ýörelgelere eýerip...

Ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine dabaraly badalga bermek däbe öwrüldi. Bu möwsümlerde ýurdumyz boýunça köp mukdarda miweli, saýaly agaç nahallary oturdylýar, ozal bar bolanlaryna ideg edilýär. Netijede bolsa, täze-täze tokaý zolaklary, seýilgähler emele gelýär. Sähra ýerlerinde sazak, daglyk ýerlerde arça, derýa boýlarynda dürli agaçlaryň emeli tokaý zolaklary döredilýär. Adam eli bilen döredilýän tokaý zolaklary howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek, biodürlüligi gorap saklamak, şeýle hem adamlara ýaşamaga, dynç almaga amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda, ilatymyzy ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli ter miweler bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. «Ýaşlygynda nahal ekmedik garranynda kölegede oturmaz» diýen ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerine eýerip, hormatly Prezidentimiz kisloroda baý howany emele getirýän baglaryň, gülleriň, ösümlikleriň köpeldilmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, olary gorap saklamak, ekologiýa taýdan amatly şertleri döretmek, tokaýçylygy ösdürmek hem-de bu babatda ylmy-barlag işlerini alyp barmak we beýleki çözgütleri durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» kabul edildi hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tas

Arkadagyň ylmy genji-hazynasy

ýa-da «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyň XIII jildi hakynda Häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň ösüşine, ynsanyň uzak ömrüne, sagdyn ýaşaýşyna ylmy esas boljak, dünýä tejribesinde ilkinji gezek milli äheňde ylmy lukmançylyk sungatyna düýpli çemeleşilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyň 13-nji jildini hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban türkmen halkyna peşgeş berdi.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 3-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +17... +19° maýyl bolar. Çyglylygy 55 — 75%.

Tebigatyň gözelligi

Milli medeniýetimiziň genji-hazynasy bolan milli folklor eserlerimizde mukaddes toprak, ýer bilen baglanyşykly dürdäneler köpdür. Tebigat biri-biri bilen özara baglanyşykly bolan zatlaryň, janly-jandarlaryň, gapma-garşylyklaryň, hadysalaryň, wakalaryň iňňän çylşyrymly toplumydyr. Adamzat şol çylşyrymly dünýäniň bir bölegi bolandygy sebäpli, ol tebigatsyz asla oňup bilmeýär, ýöne tebigat hem adam zähmeti bilen has gözel görnüşe gelýär. Adamzat pikirlenip, döredip, öndürip, özgerdip, yz galdyryp bilmäge ukyply. Ynsan, ilki bilen, tebigata seredip, ondaky gözelliklere begenýär. Adam ogly gözelligiň goýnunda kemala gelip, şol gözellik bilen hem ýaşaýar. Ynsan öz neslinde, ilkinji nobatda, tebigata bolan söýgini döretmeli. Tebigaty aýawly saklamagy, ondan ýerlikli peýdalanmagy öwretmeli. Ine, hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, ata-babalarymyzdan galan beýik ýörelgä esaslanylyp, häzirki wagtda bedew batly depginler bilen ösýän, özgerýän Diýarymyzda ýaş nesillerimizi zähmete, tebigata, arassa ekologiýa bolan söýgi bilen terbiýelemek baş maksatlaryň biri bolup durýar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi diňe bir öz ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem-de, bütin dünýäde hem umumadamzat derejesindäki beýik tutumlar hökmünde ykrar edilýär. Bu gün Türkmenistan ata Watanymyz öz milli ýol-ýörelgesine esaslanýan umumadamzat bähbitli teklipleri bilen dünýäniň iň abraýly münberinden sesl

Amyderýada — güýz gözelligi

Siz güýz günlerinde Jeýhunyň ýakasyndaky jeňňelliklerde bolup gördüňizmi? Olaryň goýnuna bir siňseň, kalbyň müň bir duýga gaplanar. Baglaryň tylla teňňelerini döküşi, tomusky howruny azaldan Günüň olaryň depesinden jyklaýşy, häli-şindi görnüp gidýän dürli haýwanlar... Ine, tebigatyň täsin sazlaşygy! Gaýtalanmajak bu gözelligi diňe Jeýhunyň ýakasyndaky Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda synlap bolýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 2-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Rysgally çeşmäm, güýzüm!

Tebigatyň her pasylda özboluşly üýtgeşik ýakymy bar. Tyllaýy güýzde, şemal oýnan ýapraklaryň geň-enaýy towsuşy adam oglunyň ýüregini çuňňur hem pelsepewi oýlara iterýär. Gülleriň ysyna serhoş bolan seleň sähralar, mylaýym şemala beýhuş bolan açyk meýdanlar ýylda bir gezek rysgaly bilen dolup-daşyp gelýän «hasylly güýz» atly arzyly myhmanyna giňlik bilen gujak açýarlar. Men güýzüň ajaýyp günleriniň birinde dünýä inipdirin. Güýz paslynyň tebigy gözelligini synladygymça: «Güýz, sen tebigatyň ussat suratkeşi» diýesim gelýär. Sebäbi ýapraklaryň öz şahasyndan aýrylasy gelmeýän ýaly, assaja gaýmalaşyp gelşi göwnüme gozgalaň salýar. Baglaryň ýapraksyz galmagy ýalňyzlygyň, tukatlygyň nyşany däl ahyryn. Gaýta,bu täzelenişiň alamaty. Köňül duýgularymy edil güýzüň sypatyna siňen agraslyga ýugurmaga çalyşýaryn. Çünki gowşagrak söz diýesim, ýeňil duýgulara ýan beresim gelmeýär.

Tebigatda üýtgeşik bir gudrat bar

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, bizi gurşap alan tebigat diňe bir ýaşaýyş gurşawy bolman, eýsem, dörediş gurşawydyr. Şonuň üçinem biz mähriban tebigatymyzy gözlerimiziň göreji ýaly goramaga borçludyrys. Ekologik ulgamlary gorap saklamak boýunça döwletimiziň ekologiýa syýasatynda hem hut şeýle maksatlara eýerilýär. Tebigata aýawly çemeleşmek ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň gözel tebigatymyza bolan belent sarpasyndan we söýgüsinden gözbaş alýar. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olaryň üstüni ýetirmek ýaly watançylyk hereketi has ýokary derejä göterildi. Çogly güneşli, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan tebigatymyza bolan garaýyşlar has kämilleşdi. Tebigat biziň saglygymyzyň we maddy durmuşymyzyň esasy çeşmesidir. Tebigatda üýtgeşik bir gudrat bar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işi türkmen tebigatynyň hut şu gudratyny bize takyk ýetirýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 2nji noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 35 — 55 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 2-nji noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 35 — 55 %.

Bambuk tokaýlygy

Zeminiň ýüzüni synlanyňda, jadylaýjy täsir galdyrýan tebigy künjeklere diýseň baýdygyna göz ýetirýärsiň. Şolaryň biri hem «Sagano» diýlip atlandyrylýan bambuk tokaýlygydyr. 16 inedördül kilometr giňişlige ýaýylyp gidýän bu tokaýlyk Ýaponiýanyň Kýoto şäheriniň 10 kilometrlik günbatarynda, Araşiýama tebigy zolagyň çäginde ýerleşýär. Beýikligi 33 metre golaýlaýan ýaşyl bambuklaryň gür ýerleşen tokaýlygynyň içinden 500 metrlik ýoda geçýär. Bambuk agajy, esasan, Günorta we Demirgazyk Amerika, Aziýa, Afrika yklymlarynda duş gelip, ini 80 santimetre, beýikligi 38 metre çenli ýetýär. Onuň 1200-e golaý görnüşi bolup, käbirleri biri-birinden düýpgöter tapawutlanýar. Çydamlylygy we berkligi bilen tapawutlanýan bu agaçlardan adamyň durmuşynda köp peýdalanylýandygyny hem bellemek gerek. Heniz boý almadyk nahallary iýmit, käbir görnüşleri dermanlyk hökmünde ulanylýan bambuk gurluşykda, dokmaçylykda, öý goşlaryny ýasamakda hem çig mal bolup hyzmat edýär.

Daşky gurşawy gözellik gurşanda...

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň giň gerimli aladalary bilen, ata Watanymyzda tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Munuň şeýle bolmagynda ýurdumyzda kabul edilýän kanundyr kararlaryň, maksatnamalaryň, şu ugra gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň uly ähmiýetiniň bardygy mälimdir. Şu ýylyň iýun aýynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli Liderimiziň Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny we ony ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak baradaky Karara gol çekmegi bu babatda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Belli bolşy ýaly, bu resminamalaryň esasy maksady Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň tutýan meýdanyny giňeltmekden, olaryň ozaldan bar bolanlaryny rejeleşdirmekden, gorap saklamakdan, tebigatymyzyň biologik köpdürlüligini artdyrmakdan, ekologiýa taýdan amatly şertleri döretmekden, bu ugurda ylmy barlaglary geçirmekde degişli edaralaryň, ylmy merkezleriň işlerini kämilleşdirmekden, onda halkara hyzmatdaşlygy ygtybarly ýola goýmakdan we beýleki wezipelerden ybaratdyr. Şeýlelikde, ata Watanymyzyň tebigatynyň, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň has-da baý hem-de gözel bolmagy ugrundaky çärelere giň ýol açylýar.

Garagum sährasynyň täsinlikleri

Türkmen tebigatynyň täsinlikler dünýäsini özünde jemleýän Garagum sährasy hiç bir adamy biparh goýmaýar. Çar tarapy gözýetime çenli uzaýan sähranyň keşbinde ynsan kalbyna ýakynlyk bar. Döwlet Baştutanymyzyň Garagum sährasynyň howasy hem-de çölüň ekologiýa ýagdaýy bilen içgin gyzyklanmagy we «Bereketli Garagum» goraghanasyny döretmek barada taryhy Karara gol çekmegi asty hem üsti genji-känli Garagum sährasynyň biodürlüligini gorap saklamakda möhüm ädim boldy. Milli Liderimiziň Garagum sährasy baradaky aladalary ynsan bilen gözel tebigatymyzyň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň subutnamasydyr. Garagum sährasy özüniň biologik köpdürlüligi boýunça tapawutlanýar. Bu ýerde gülli ösümlikleriň 750-den, guşlaryň 200-den gowrak görnüşi duş gelýär. Garagum sährasynyň dermanlyk ösümlik dünýäsi baradaky ylmy garaýyşlar hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda giňden beýan edilýär. Şol kitapda Garagum sährasynda ösüp ýetişýän 100-den gowrak dermanlyk ösümlikler barada maglumat berilmegi hem munuň subutnamasydyr.

Arça — bezeg agajy

Ýurdumyzda köp ekilýän agaçlaryň biri hem arçadyr. Ol boýy 50 santimetrden 20 metre çenli bolan berk agaçdyr. Onuň sütüni köp şahaly bolýar. Pürleri teňňe şekilli bolup, uzyndan inçe we ujy ýitiden gataňsydyr. Tut, garagaç, derek, kerkaw, maklýura we beýleki agaçlardan tapawutlylykda, arça agajy elmydama gök öwsüp oturýar. Ol gurakçylyga çydamly, toprak dandamaýan ösümlikdir. Arça örän gelşikli agaç bolany üçin bezeg ösümligi hökmünde köp ulanylýar. Arçanyň medenileşdirilen görnüşlerini şäherlerde, şäherçelerde, ýollaryň gyralarynda seýilgählerde köp ekýärler.

Bagban baga, bürgüt daga sereder

Her bir adamda käre bolan söýgi ýaşlykda döreýär. Garabiliň pesinde, gojaman Murgap derýasynyň kenarynda ýerleşýän bagbanlar obasynda bagbançylyk käri asyrlarboýy dowam edip gelýär. Hut şonuň üçin hem bu oba il arasynda “Bagbanlar obasy” diýilýär. Bu obada segsen ýaşap geçen Maksut aganyň bagbançylyk kärini dowam etdiren bäşinji ogly Bäşim Maksudow hem ogullary Agamyratdyr Ýagşymyrady bagt tapan arzyly ýoluna ugrukdyrdy. Bagbanlaryň edähedine görä, maşgalada dünýä inen çaga, bir ýaşa ýetende miweli bag nahaly oturdylýar. Bagban Bäşim Maksudow ilki baglary suwdan gandyrýan suwçy, ýaş nahallary ýetişdiriji bagban bolsa, ol soňra bagbanlar toparynyň topar ýolbaşçylygyna bellenilýär. Çärýek asyra golaý wagt Tagtabazar etrabynyň “Sandykgaçy” daýhan birleşiginde topar ýolbaşçysy bolup işlän Bäşim aganyň ady bagbanlar obasynda hormat bilen tutulýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 1-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Güller gözelligi

«Gülleriň şasy» adyny alan bägüller ähli döwürde-de adamlar tarapyndan halanypdyr. Islendik tebigy şertlere uýgunlaşýandygy sebäpli, bu ajaýyp güller dünýäde iň kän ýaýran hem-de ýaşyl zolaklarda, seýilgählerde bezeg üçin köpçülikleýin ekilýän ösümlikdir. Bägüller görnüşi taýdan-da, ysy babatda-da köpdürli güldür. Ýyllaryň dowamynda gülçüler seçgiçilik arkaly, bägülleriň bir-birinden reňki, gurluşy, tebigy şertlere durnuklylygy, ysy taýdan tapawutlanýan müňlerçe görnüşini oýlap tapypdyrlar. Osiria

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 01-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 30-njy oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 30-njy oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 45 — 65%.