"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Belentligiň binýady (Hekaýa)

Berdili aga ogullarynyň içinde Orazy has üşükliräk görüp, onuň küşt oýnamaga bolan höwesini oňlady. Oraz her gün diýen ýaly, oba dükanynyň ýanyndaky teläriň astynda ikindinara küşt oýnaýan ýaşulularyň arasyndady. Soňky günler-ä ol teläriň esasy oýunçysyna öwrülipdi. Bu ýerde gyzykly küşt oýnunyň oýnalýandygynyň çawy obanyň çygryndan çykdy. Indi goňşy obadanam oýna tomaşa etmäge, küşt tagtasynyň başyna geçip, bagtyny synamaga gelýänler az däldi. Bir günem bu ýere ak ulagly epeý kişi geldi. Onuň goltugynda gabarasy kiçi bolmadyk küşdi bardy. Ol gelşine, öz islegini mälim etdi. — Salawmaleýkim, adamlar! Rugsat bolsa, men şol küştçi oglan bilen bir döw oýnamakçy. Eger utulsam, şu küşdi oňa berjek — diýdi.

Tebigat

Akşin ALIÝEW (Azerbaýjan) Penjiräň öňünde durup synlaýan,Tupan ähli zady gitjek goparyp.Pudaklaň ýapragy ýele galgaýar,Olar otyr ýere çuňňur kök urup.

Aşgabadym

Binalary uzar göge,Ak mermerli Aşgabadyň.Bäs edýär ak garly daga,Ak mermerli Aşgabadym. Baglary bezeýär baýry,Behişt deý saýasy goýry,Şagalaň-şatlykly goýny,Ak mermerli Aşgabadyň.

Bedene obasynyň bilbili

Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda köptaraply ylmy we ajaýyp eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy. Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşdy» diýen sözleri geçmişde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň özgermegi, ylmy düşünjesiniň artmagy üçin öz adyny taryha baky ýazan şahsyýetler hakynda söhbet açmaga ýardam edýär. Şeýle söz ussatlarynyň biri-de öz çeper döredijiligi we ylmy taglymatlary bilen taryhda yz goýan söz ussady Enweridir. Enweri şahyryň edebi lakamy bolup, onuň doly ady Owhadeddin Aly ibn Wahydetdin Muhammet ibn Ishak Abywerdidir. Enweri ilki Abywerd şäherinde, soňra Tusdaky Mansuriýa medresesinde okapdyr. Ýaşlygyndan ylym dünýäsine aralaşyp, matematika, astranomiýa, filosofiýa ýaly ylymlary öwrenip, meşhur şahyr, sazanda, filosof bolup ýetişipdir. Bu ugurda oňa Abu Magşar, Faraby, Ibn Sina, Omar Haýýam ýaly ussatlaryň döredijiligi köp zatlary öwredipdir. Aýyň tutuljak wagtyny öňünden kesgitläp bilenligi, Ýeriň dartyş kanuny hakyndaky ylmy garaýyşlary oňa uly at-abraý getiripdir.

Dowamdyr bular

Bagşy aýdym aýtsyn dutaryn çalyp,Bedewler kişňesin çarpaýa galyp,Owazlary bütin äleme dolup,Beýik milletime döwrandyr bular. Halylar dokalsyn, kakylsyn darak,Kalbymyň nurudyr, buýsanýar ýürek,Tamdyrlarda bişsin mukaddes çörek,Beýik türkmenime dowamdyr bular.

Paýhas siňen setirler

Durmuşyňda eden arzuwlaryň wysal bolmagy bagtlylygyň açarydyr.Nikolas Sparks. * * *

Bedew

Arkadagyň taýsyz waspyn ýazany,Äleme bellidir türkmen bedewi.Şahyrlaryň goşgusy hem gazaly,Alma deý gözlüdir türkmen bedewi. Ýyldyrym deý süýnüp aýlawy baglan,Ne ajap gudrat sen, kalplary çaglan,Halkymyň guwanjy, bezegi ýaýlaň,Kalplara söýgüdir türkmen bedewi.

Magtymguly,ile ýaýdym nesihat

Döwlet — jemgyýetçilik ösüşiniň önümi. Adamzat jemgyýetiniň kämilleşmeginiň kesgitli basgançagynda, ykdysady, durmuş, ahlak, psihologik we beýleki ösüşlerinde döwlet onuň esasy dolandyryjy ulgamy bolup durýar. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesinde adam mertebesi, ynsanperwerlik, dostanalyk, parahatçylyk söýüjilik ýaly ugurlar baş gymmatlyk hökmünde öňe sürlüpdir. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni döwletiň we döwrüň milli ýörelgesi hökmünde kesgitledi. Milli Liderimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda Şükür bagşynyň keşbi arkaly, dünýä halklary bilen dostlaşmagy, ähli meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmegi ündeýär. Döwlet Baştutanymyzyň abraýly halklara guramalarynyň belent münberinden öňe sürýän taryhy teklipleri dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda özbaşdak döwlet, özygtyýarlylyk, agzybirlik, asudalyk, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy, berkarar döwleti gurmak baradaky pikirler öňe sürülýär.

Şygryýet

Söz parlak Gündür, ol ýüreklerde dogup, asyrlary ýagtyldýandyr. — Gowy adamlaryň hemmesiniň ýazyjy-şahyr bolmagy hökman däl, ýöne ýazyjy-şahyrlaryň ählisiniň gowy adam bolmagy hökmanydyr.

Ýurt küýsegi (hekaýa)

Uçar menziliniň merkezi binasynyň diwaryna berkidilen, dürli ugurlara gidiş-geliş tertibini görkezýän, ullakan maglumatlar enjamyna seredip durşuna, Merdan içinden: “Ýene iki sagat. Allajanlarym, onça wagtlap men nämä güýmensemkäm? Bir zat edib-ä wagt geçirmeli bolar” diýip, pikir etdi. Onuň uçmaly wagty howa şertleri sebäpli, indi ikinji gezek yza süýşürilýärdi. Birinji gezeg-ä üç sagat, indem iki sagat. Bu ýagdaýa hiç kim günäkär bolmasa-da, Merdan öz ýanyndan gahar etdi. Wagtynda uçan bolanlygynda, ol bu wagta öýünde, çagalarynyň arasynda oturmalydy. Gowy ýeri, uçar menziliniň binasynyň içi sowuk däl. Daşarda bolsa howa gaty sowuk. Merdan Orsýediň ýowuz gyşlary barada okapdy, telewizorda-da görüpdi, ýöne edil beýledir öýtmändi. Merdan bir gyrada duran goşlarynyň ýanyna baryp oturdy. Birsalym dürli aladalar bilen eýläk-beýläk geçýän adamlara syn etdi. Olaryň häsiýeti, edýän kärleri, edil şu wagt näme alada bilen barýandyklaryny çaklady. Goltuk jübüsinden ýandepderçesi bilen galamyny çykardy-da, surat çekmäge başlady. Esasy käri şol bolmasa-da, ol suraty erbet çekmezdi. Şular ýaly içi gysan wagtlary surata güýmenmek häsiýeti onda çagalygyndan bäri bardy.

Gaýtarylan söwda (erteki)

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda alaja garga bolup, ol örän işeňňir hem zähmetsöýer eken. Onuň baga bürenip oturan melleginde örän üýtgeşik tagamly üzümler hem ýetişipdir. Alaja garganyň üzümleri örän datly eken. Şonuň üçinem ol bazara eltip bildigi, derhal hyrydar tapylar eken. Bir gün bazarda oňa täjir horaz gabat gelip, üzümlerinden dadyp görüpdir-de:

Bähbit (hytaý tymsaly)

Bir hytaýly daýhan ömrüni zähmet çekip geçirse-de, üýtgeşik toplan baýlygy bolmandyr. Ýöne akyl-paýhasy bilen uly abraýa eýe bolupdyr. Ol ogly bilen ertirden-agşama ekin bilen başagaý bolup geçer eken. Bir gün onuň ýanyna ogly ylgap gelip: — Kaka, işimiz gaýtdy, ýabymyz ýitipdir — diýip, hamsygyp habar beripdir.

Körpelere okap beriň!

Ýazyň güni Al-asmandaTopbak bulut.Görner sygyrÝaly bolup.

Meniň halypam (hekaýa)

Heniz mekdep okuwçysy döwrüm ýazyp başlan hem bolsam, ýazan hekaýalarymy redaksiýalara eltmäge çekinerdim. Hamala diýersiň ol ýerde hekaýamy okap, meni tankyt edäýjekler ýalydy. Bilemok näme üçindir, men eserime ediljek bellikden şeýle bir gorkýardym. Şol gorkam redaksiýalaryň gapysyndan barmaga böwet bolýardy. Ýöne “ýazgytdan çykma ýok” diýleni, hekaýamy eltmäge ýaýdanyp ýören redaksiýalarymyň birinde çap ediji bolup işe başlamaly bolsam nätjek?! Häzirki ýaly ýadymda, täzeräk işe başlan günlerimde işgärleriň arasynda ýetip gelýän baýramçylyk mynasybetli çeper eserleriň bäsleşigi yglan edildi. Kärim çap ediji bolansoň kärdeşlerimiň ählisi diýen ýaly elde ýazan eserlerini maňa kompýuterde çap etmäge getirýärler. Megerem şol sebäplidir, kärdeşlerimden galmajak bolup menem “Düşündiriş” atly bir hekaýa ýazdym. Ýöne çekinjeňligim sebäpli kärdeşlerimiň hiç birine-de görkezmän, bölüm müdirimiz bolan Keýik gelnejäniň iş stolunyň üstünde goýdum. Ýöne soňky sahypasyna öz adymy ýazmagy unudanlygym sebäpli, Keýik gelneje iş otagymyza geleninden, işgärlere ýüzlendi:

Mekdep gülleri (oýlanma)

Başlangyç synpy tamamladym. Meniň ýadyma düşüşine görä, bäşinji synpa geçipdim. Sapaga girmezden öň ählijämizi mekdebiň howlusyna ýygnadylar. Emma meniň ünsüm çog gyzyl geýnen gyzlarda, täzeje ak köýnek geýnen synpdaşlarymda däldi. Meniň bar ünsüm mekdepdäki reňbe-reň açylan güllerdedi. Olaryň adyny bilmeýärdim. Şonuň üçin olara öz ýanymdan “mekdep gülleri” diýip at goýdum. Güllere seredişimde men ýeke däldim. Olaram maňa nämedir bir zat diýip çawuş çakýan ýalydylar. Olaryň dürli reňkdedigi has hem haýran galdyrýardy. Güllerde nähilidir bir özüme golaýlyk duýýardym. Göwnüme bolmasa, olar meniň geljekki arzuwlarym ýaly bolup görünýärdi. Arzuwlaryňy köýdürmezlik üçin bolsa erjellikmi, yhlasmy, bir zatlar-a gerekdi. Ýöne edil häzir men bular ýaly pikirlerden daşdadym. Gülleriň şeýle özüne çekmesine men uzak ýyllardan soň düşünip galdym. Öň şeýle güller diňe biziň mekdebimiziň howlusynda ösýändir öýderdim. Nähili gamgyn hem bolsa özümiň sadalygyma diňe şonuň üsti bilenem ýene bir ýola göz ýetirenimi aýdaýyn.

ARZUW

Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Ownujak zatlary agzap durmalyň, Aýlar geçip, ýyllar aýlanyp dursun. Toýlar toýa, ýaslar ýasa meňzesin, Ak Gün depämizden sallanyp dursun.

Şekspiriň parasatly sözleri

Howlukmaklyk edil haýallyk ýaly betbagtlyga getirýär. *  *  * 

Duýguly dünýä

PYRAGY Dür setirleň göýä paýhas ummany,Sežde kylyp, togap edýän, Pyragy!Şygyrlaryň okap, çykarýas many,Ussadymyz Magtymguly Pyragy.

Baharda

Gyşyň perdesini syryp ýüzünden,Gadym dünýä garşylaýar bahary.Göýä tebigat hem hoşal özünden,Baglar gülläp, ýazyň joşan mahaly. Säheri mylaýym, ýaz ýeli melhem,Garly gyşy arka atan älemiň.Bahar çabgasyndan möwç alýar ylham,Ýaz ýelinden ganat baglan ýaly men.

Şygryýet çemeni

BAGT NÄME? Bagt näme?Bu sowala her kimiňÖzüçe bir jogap bermegi mümkin.Ýaşaýşyň özi hem bagtdyr welin,Bahasy bolmaýar ýüzdäki gülkiň.