Meniň halypam (hekaýa)

8 Aprel 2021
784

Heniz mekdep okuwçysy döwrüm ýazyp başlan hem bolsam, ýazan hekaýalarymy redaksiýalara eltmäge çekinerdim. Hamala diýersiň ol ýerde hekaýamy okap, meni tankyt edäýjekler ýalydy. Bilemok näme üçindir, men eserime ediljek bellikden şeýle bir gorkýardym. Şol gorkam redaksiýalaryň gapysyndan barmaga böwet bolýardy. Ýöne “ýazgytdan çykma ýok” diýleni, hekaýamy eltmäge ýaýdanyp ýören redaksiýalarymyň birinde çap ediji bolup işe başlamaly bolsam nätjek?!

Häzirki ýaly ýadymda, täzeräk işe başlan günlerimde işgärleriň arasynda ýetip gelýän baýramçylyk mynasybetli çeper eserleriň bäsleşigi yglan edildi. Kärim çap ediji bolansoň kärdeşlerimiň ählisi diýen ýaly elde ýazan eserlerini maňa kompýuterde çap etmäge getirýärler. Megerem şol sebäplidir, kärdeşlerimden galmajak bolup menem “Düşündiriş” atly bir hekaýa ýazdym. Ýöne çekinjeňligim sebäpli kärdeşlerimiň hiç birine-de görkezmän, bölüm müdirimiz bolan Keýik gelnejäniň iş stolunyň üstünde goýdum. Ýöne soňky sahypasyna öz adymy ýazmagy unudanlygym sebäpli, Keýik gelneje iş otagymyza geleninden, işgärlere ýüzlendi:

Käbe SARENKO,
“Watan” radioýaýlymynyň işgäri.
Beýleki habarlar