Magtymguly,ile ýaýdym nesihat

8 Aprel 2021
805

Döwlet — jemgyýetçilik ösüşiniň önümi. Adamzat jemgyýetiniň kämilleşmeginiň kesgitli basgançagynda, ykdysady, durmuş, ahlak, psihologik we beýleki ösüşlerinde döwlet onuň esasy dolandyryjy ulgamy bolup durýar.

Türkmeniň döwletlilik ýörelgesinde adam mertebesi, ynsanperwerlik, dostanalyk, parahatçylyk söýüjilik ýaly ugurlar baş gymmatlyk hökmünde öňe sürlüpdir. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni döwletiň we döwrüň milli ýörelgesi hökmünde kesgitledi. Milli Liderimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda Şükür bagşynyň keşbi arkaly, dünýä halklary bilen dostlaşmagy, ähli meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmegi ündeýär. Döwlet Baştutanymyzyň abraýly halklara guramalarynyň belent münberinden öňe sürýän taryhy teklipleri dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda özbaşdak döwlet, özygtyýarlylyk, agzybirlik, asudalyk, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy, berkarar döwleti gurmak baradaky pikirler öňe sürülýär.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, ýuridiki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar