Belentligiň binýady (Hekaýa)

9 Aprel 2021
779

Berdili aga ogullarynyň içinde Orazy has üşükliräk görüp, onuň küşt oýnamaga bolan höwesini oňlady. Oraz her gün diýen ýaly, oba dükanynyň ýanyndaky teläriň astynda ikindinara küşt oýnaýan ýaşulularyň arasyndady. Soňky günler-ä ol teläriň esasy oýunçysyna öwrülipdi. Bu ýerde gyzykly küşt oýnunyň oýnalýandygynyň çawy obanyň çygryndan çykdy. Indi goňşy obadanam oýna tomaşa etmäge, küşt tagtasynyň başyna geçip, bagtyny synamaga gelýänler az däldi. Bir günem bu ýere ak ulagly epeý kişi geldi. Onuň goltugynda gabarasy kiçi bolmadyk küşdi bardy. Ol gelşine, öz islegini mälim etdi.

— Salawmaleýkim, adamlar! Rugsat bolsa, men şol küştçi oglan bilen bir döw oýnamakçy. Eger utulsam, şu küşdi oňa berjek — diýdi.

Gylyçmyrat GURBANOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar