Bedene obasynyň bilbili

8 Aprel 2021
1068

Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda köptaraply ylmy we ajaýyp eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy. Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşdy» diýen sözleri geçmişde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň özgermegi, ylmy düşünjesiniň artmagy üçin öz adyny taryha baky ýazan şahsyýetler hakynda söhbet açmaga ýardam edýär.

Şeýle söz ussatlarynyň biri-de öz çeper döredijiligi we ylmy taglymatlary bilen taryhda yz goýan söz ussady Enweridir. Enweri şahyryň edebi lakamy bolup, onuň doly ady Owhadeddin Aly ibn Wahydetdin Muhammet ibn Ishak Abywerdidir. Enweri ilki Abywerd şäherinde, soňra Tusdaky Mansuriýa medresesinde okapdyr. Ýaşlygyndan ylym dünýäsine aralaşyp, matematika, astranomiýa, filosofiýa ýaly ylymlary öwrenip, meşhur şahyr, sazanda, filosof bolup ýetişipdir. Bu ugurda oňa Abu Magşar, Faraby, Ibn Sina, Omar Haýýam ýaly ussatlaryň döredijiligi köp zatlary öwredipdir. Aýyň tutuljak wagtyny öňünden kesgitläp bilenligi, Ýeriň dartyş kanuny hakyndaky ylmy garaýyşlary oňa uly at-abraý getiripdir.

Aýgözel ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar