Mekdep gülleri (oýlanma)

8 Aprel 2021
975

Başlangyç synpy tamamladym. Meniň ýadyma düşüşine görä, bäşinji synpa geçipdim. Sapaga girmezden öň ählijämizi mekdebiň howlusyna ýygnadylar. Emma meniň ünsüm çog gyzyl geýnen gyzlarda, täzeje ak köýnek geýnen synpdaşlarymda däldi. Meniň bar ünsüm mekdepdäki reňbe-reň açylan güllerdedi. Olaryň adyny bilmeýärdim. Şonuň üçin olara öz ýanymdan “mekdep gülleri” diýip at goýdum. Güllere seredişimde men ýeke däldim. Olaram maňa nämedir bir zat diýip çawuş çakýan ýalydylar. Olaryň dürli reňkdedigi has hem haýran galdyrýardy.

Güllerde nähilidir bir özüme golaýlyk duýýardym. Göwnüme bolmasa, olar meniň geljekki arzuwlarym ýaly bolup görünýärdi. Arzuwlaryňy köýdürmezlik üçin bolsa erjellikmi, yhlasmy, bir zatlar-a gerekdi. Ýöne edil häzir men bular ýaly pikirlerden daşdadym. Gülleriň şeýle özüne çekmesine men uzak ýyllardan soň düşünip galdym. Öň şeýle güller diňe biziň mekdebimiziň howlusynda ösýändir öýderdim. Nähili gamgyn hem bolsa özümiň sadalygyma diňe şonuň üsti bilenem ýene bir ýola göz ýetirenimi aýdaýyn.

Aýjemal OMAROWA.
Beýleki habarlar