"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Ak hem gara işmesi...

Ak, gara reňkler örän oňat sazlaşýar we nepis alajany döredýär. Bu sapaklaryň goşulmagyndan ýasalan nepislige «alaja» diýilýändigi hemmä belli hakykat. Ak hem gara reňkleriň tebigy sazlaşygynda gije bilen gündizi görýäris. Çagalykda öwrenen zatlaryň ýadyňda, gören-eşidenleriň hakydaňda galýar diýleni. Ejem maňa çagalygymda el işleriniň aglabasyny, ýagny tikin işlerini, keçe basmagy, haly dokamagy, keşde çekmegi, örüm işlerini öwrederdi. Däp-dessurlara, yrymlara, milli ýörelgelere, el işlerine ýüzlenmeli bolsam, ilki bilen, ejemiň öwreden zatlary göz öňüme gelýär. 3-nji synpdakam elime iňňe-sapak alanym, ejemiň köýnegimiň ýakasyna alaja bagjyk işmegi yhlas bilen öwredişi şu günki ýaly ýadymda.

Hala örklenen ykbal

Alym Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ajaýyp halylarymyz, olaryň aýratynlyklary hakynda gyzykly gürrüňler berilýär. Kitapdaky: «Gül-gunçasy gara gözüňe, gara daglary daýanjyňa, ýelleri sabanyň nepesine, çölüniň çägesi zer dänesine, mukamdyr aýdym-sazlary älemiň sedasyna meňzeýän eziz Diýarymyzyň her ertiri meniň kalbymy heýjana getirýär» diýen şahyrana setirler kalbyňy joşdurýar. Asly kärim mugallymçylyk bolsa-da, meniň üçin halyçylyk sungaty-da ýat hünär däl. Obamyzyň, ýagny Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Börme obasynyň ähli gelin-gyzlary diýen ýaly haly dokaýar. Meniň ejem, aýal doganlarym, daýzalarym haly dokaýar. Ejemiň ulugyz wagty haly dokanda ulanan synnysy, keseri, daragy häzir hem öýümizde arzylanyp saklanýar. Ejem: «Ulugyzlar durmuşa çykmanka, öz sepini özi dokamaly, öz bukjasyny öz elleri bilen taýýarlamaly» diýip, hemişe sargaýardy.

TOÝA BESLÄN HÜNÄRIM

Öý şertlerinde el hünäriniň dürli görnüşlerini ýola goýan Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Aýjemal Öwezmyradowa bilen bolan gürrüňdeşligimiz türkmen zenanlarynyň el işlerine ähli yhlas-başarnygyny, zehinini we mährini siňdirýänliginiň mysalydyr. «Bikärden Taňry-da bizar» diýilýär. Wagta sarpa goýýan, her gününi ykbalyň peşgeşi hasaplaýan bu gelniň öz edýän işleri barada uly hyjuw, çäksiz buýsanç bilen berýän gürrüňleri göwnüňi göterýär. «Bu işe uýalarym Ogulgerek, Näzli, Aýjahan, ejem Soltan we onuň jorasy Gülnar dagy hem uly höwes bilen goşuldylar. Olaryň kömegi bilen ýüňden saçak dokamagy, olary elde bezemegi, alajalaryň dürli görnüşlerini örmegi, gelin-gyzlarymyzyň toý lybaslaryny owadan gaşlar, hünjüler, monjuklar, el keşdeleri, nagyşlar bilen bezemegi ýola goýduk. Her güni toý-baýrama beslenýän ajaýyp ýurdumyzda biri-birinden owadan baýramçylyklarymyz bar. Biz her baýramçylygyň öz manysyna görä-de dürli-dürli sowgatlyklary ýasaýarys. Ynha, bu günler bolsa hemmelere şatlyk paýlaýan Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda çagalara sowgat paýlaýan Aýazbabanyň sowgatlyk haltajyklaryny tikýäris. Täze ýyl arçalarymyzy bezemek üçin dürli oýunjaklaryň şekillerini ýasaýarys».

Änew — şöhratly geçmişiň, geljegiň nury

Uly üstünliklere beslenip, tamamlanyp barýan ýylymyzda ata Watanymyza şan getiren, pederleriň ýoluna ygrarly halkymyzy guwandyran, hyjuwlandyran wakalar kän boldy. Şol buýsançly wakalaryň biri Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinden Türki döwletleriniň medeni paýtagtynyň göçme nyşanynyň getirilmegidir. Şeýle-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet öýünde «2024-nji ýylda Änew Türki dünýäniň medeni paýtagty» ady bilen dabaraly maslahatyň geçirilmegidir. Änew şäheri türkmen topragyny ak bugdaýyň Watany hökmünde dünýä äşgär eden medeni ojakdyr. Bu ýerde geçen asyryň başlarynda, ýagny 120 ýyl mundan ozal, amerikan geology we arheology Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky topar ikinji ekspedisiýasyny gurap, gazuw-agtaryş işlerini geçirýärler. Olar çig kerpiç bölekleriniň ýüzünde däneli ekinleriň, kömür ýaly garalyp galan bugdaý dänejikleriniň, olaryň gylçyklarynyň we gabyklarynyň üstünden barýarlar. Alym özüniň «Meniň ýatlamalarym» atly terjimehal görnüşli kitabynda ylmy taýdan delillendirip, Änewi ak bugdaýyň dörän ýeri hökmünde görkezýär. Onuň bu açyşyny ХIХ asyr türkmen edebiýatynyň nusgawy wekili Annagylyç Mätäjiniň «Ekip kemala getiren, // Kimdir seni başdan, bugdaý?» diýen şahyrana setirlerine ylmy taýdan esaslandyryp beren jogaby diýsek-de ýalňyşdygymyz bolmasa gerek.

Bagtyýarlygyň röwşen nury

2023-nji ýyl Türkmenistan dünýä giňişliginde uly üstünliklere eýe bolýan, halkara abraýynyň has-da ýokarlanýan ýyly boldy. Şu ýyl Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýyly dabaraly bellenilip geçildi. Ýurdumyz bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamakda, ösdürmekde hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny dünýä wagyz etmek maksadyndan ugur alyp, ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi 2023-nji ýylyň buýsandyryjy wakalarynyň biri hökmünde taryha girer. Köpetdagyň eteginde döwrüň täsin gudraty bolup dörän Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagy bolsa diňe birinji ýarym ýyllygyň däl, eýsem, garaşsyz ösüşiň bütin taryhynyň iň şanly wakalarynyň biri hökmünde hem nygtalmaga mynasyp. Bu ýyl hormatly Prezidentimiziň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek hakynda Permana we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň meseleleri hakynda Karara gol çekmegi atşynaslygy sungat derejesine ýetiren ata-babalarymyzyň seýisçilige, çapyksuwarlyga siňdiren milli paýhaslaryny has-da çuňňur öwrenmäge täze mümkinçilikleri açdy. Şu okuw ýylynda täze Arkadag şäherinde Aba Annaýew ad

Ildeşimiz — bäsleşigiň ýeňijisi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň soňky günleri dürli medeni çäreleriň, bäsleşikleriň guralmagy bilen utgaşýar. Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Täze Galkynyş döwri we milli miras» diýen şygar astynda ýurdumyzyň muzeý işgärleriniň hünär bäsleşigi geçirildi. Oňa welaýatymyzdan hem hünärmenleriň 2-si gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda sahna oýnuny görkezmekde we şu eserden bir goşgyny labyzly okamakda, taryhy desgalar we ýadygärlikler hakynda maglumatlary toplap, ylmy makalalary ýazmakda, wirtual muzeýe syýahat etmek boýunça şekilli görnüşleri taýýarlamakda, öz alyp barýan işi barada sowal-jogap alyşmakda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Ogulgerek Agajanowa bäsleşigiň ähli şertlerini dürs we takyk ýerine ýetirip, birinji orna mynasyp boldy. Ildeşimizi Täze ýyl baýramynyň bosagasynda gazanan uly ýeňşi bilen gutlap, oňa geljekde-de uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

Farabyň Gyzgalasy

Arheologik ýadygärlikler taryha, syrly maglumatlara baý. Geçmişiň şöhratly wakalaryny gujagynda ýygşyran ýadygärlikleriň käbirleri gojaman Jeýhunyň sag we çep kenarýakalarynda ýerleşýär. Şolaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky «Farap» şypahanasyna barýan ýoluň ugrunda uzakdan seleňläp görünýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň biri — Farabyň Gyzgalasy hem bar. Ylmy maglumatlarda beýan edilişi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň Farapdan Köneürgenje uzaýan şahasynyň ugrunda Gadymgala, Soltan Bibi ene, Ostygala, Nergyzgala, Gyzgala ýaly orta asyr ýadygärlikleri gojaman Jeýhunyň kenaryna seteran düzülipdir. Munuň özi bu halkara kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşýän oturymly ýaşaýyş ýerlerinde suw üpjünçilik ulgamynyň kämil derejede gurlandygyny, ikinjiden, bu ýadygärlikleriň halkara söwda ýolunyň ugrunda ýerleşen düşelge — söwda merkezleri bolandygyny äşgär edýär.

Türkmenistan — dünýä medeniýetiniň gadymy ojagy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Eziz Watanymyzda milli taryhy-medeni mirasy gorap saklamak we öwrenmek, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek, her bir raýatyň kalbynda milli medeniýetiň gymmatlyklaryna bolan çäksiz söýgini kemala getirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Eziz Watanymyz dünýä siwilizasiýasynyň esasy ojaklarynyň biri bolmak bilen, müňýyllyklaryň dowamynda uly ähmiýetli öwrülişikleriň bolup geçen merkezleriniň biridir. Bulary ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň mysalynda has aýdyň görmek bolýar. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasatynda öz beýanyny tapmak bilen, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarydyr.

Wepadar dostuny hemdemi saýan

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Ýagtylyk geňeşliginde ýaşaýan Şaguly Taganlyýew köp ýyllar bäri türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirýän, olary aýawly idedip, sanyny köpeltmekde göreldeli işleri bilen adygan halypa itşynaslaryň biri. Bu asylly iş altmyş ýyldan gowrak wagt bäri onuň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şaguly aga şu mahala deňiç ýetişdiren alabaý itleriniň ählisiniň atlaryny bir-bir sanaýar, hersiniň häsiýeti, durmuşynda galdyran täsirli pursatlary barada hem emgenmän aýdyp berýär. Ussat itşynas bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň binalar toplumynyň öňünde duşuşmak, tanyşlyk açyp, gürrüňdeş bolmak nesip etdi. Ol bar ünsüni bir ýere jemläp, bu toplumyň her bir binasyny guwançly synlaýardy.

Akyldardan nakyllar

Türkmeniň taryhyny, ahlak sypatlaryny, beýik häsiýetlerini döredijiliginde wasp edip, geljekki nesillere ýetirmekde, türkmeni türkmen hökmünde dünýä halklaryna tanatmakda ussatlyk görkezen şahyryň eserleri öwrenilmäge mynasyp. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde nakyllara aýratyn uly orun berilýär. Munuň özi şahyryň eserleriniň has-da «şireliligini» artdyryp, okyja ýakymly duýgulary bagyşlaýar, onuň ruhy älemine siňýär. Çünki atalar sözleridir nakyllar halkymyzyň durmuşyny, pähim-paýhasyny, pelsepesini, dünýägaraýşyny, synçylygyny, watançylygyny hem-de ahlak ýörelgelerini, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän nesilleri terbiýeleýji söz sungatydyr. Muňa şahyryň şygyrlaryndan birnäçe nakyllary mysal getirmek bolar: «Edebiň ýagşysy ulyny syla», «Bir ýaman söz ýürek bular, ýagşyny älem arzuwlar», «Owal akan ýerden akarmyş aryk», «Ten agyrsa, jan çykar», «Ýekäniň çaňy çykmaz», «Nadan dostdan dana duşman ýagşydyr», «Dostuňy egleme nepden galmasyn, duşmanyň saklama, syryň bilmesin», «Men-menlik edeniň tanapy çüýrük», «Ýagmyr bilen ýer gögär», «Müň gaýgy bir iş bitirmez», «Gawunyň ýagşysyn şagal iýr diýrler» diýlen ýaly nakyllaryň köp sanlysyna duşmak bolýar.

«Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine»

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna 2008-nji ýylyň 16-njy maýynda

Köňlümiziň çyragy

Ajaýyp zamanamyzda asylly däbe görä, her bir ýylyň özüne mahsus şygar bilen atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny belende galdyryp, öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ugrukdyrýan ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlaryň durmuşynda ajaýyp taryhy wakalara diýseň baý bolan, tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri, şu günki hem-de geljek nesilleriň abadan we ösüşlerden doly nurana geljegini üpjün etmek ugrundaky taýsyz tagallalary bilen dabaralandy. Bilşimiz ýaly, Täze — 2024-nji ýylda halkymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan baýram eder. Akyldar şahyrymyzyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan döredijilik mirasy ähli halkymyz, aýratyn hem, ýaş nesiller üçin nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Ýaşlary belent watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, arassa ahlaklylyk ýaly halkymyzyň milli ruhuna siňen belent häsiýetleri kemala getirmekde möhüm orun eýeleýär.

Toý däpleri

Milli ýörelgelere sarpa Gelin alma toýy halkymyzda köp däpleri, dessurlary özünde jemleýär. Guda bolan iki maşgala toý sähedini belleýär. Sähet bellemek üçin hem ýaşululara sala salynýar. Sähetli gün barada il arasynda:

Ýagşydan at galar

OL EŞREPI ÝALY ADAMDY Ýaşan ömründe ýagşy işleri bitiren adamlar hemişe ýagşylykda ýatlanýar. Şeýle adamlaryň biri öz gysga, manyly ömrüni mugallymçylyk kärine bagyş edip, adamlaryň hakydasynda ýagşy ynsan hökmünde ýatlanyp ýörlen Berdimyrat Baýramowdyr. Il-halk üçin amal edilen işler hiç mahal undulmaýar. Halk paýhasynda aýdylyşy ýaly, «Ýagşylyk iňňäniň gözünden görner». Şeýle bolansoň, Berdimyrat mugallym diýlende, öňi bilen Mary etrabyndaky 22-nji orta mekdepde iňlis dili mugallymy bolup işlän döwründe mekdepde halkymyzyň geçmiş taryhy bilen baglanyşykly muzeýi döretmäge goşan goşandy, öz gujur-gaýraty bilen Akybaý obasynyň adyny alyslyklarda tanadan, obadaşlarynyň bitiren işleri bilen baglanyşykly toplan maglumatlary hem-de huşy metda ýaşululardan ýazyp alan kişiniň geň-enaýy gürrüňleri hakydaňa dolýar.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Ynsan kalbynyň ruhy lukmany Söhbetini etseň, saz bolup eşidilýän gürrüňleriň ýumagyny näçe çözleseň çözläbermeli. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy barada aýtdygyňça ol hakyndaky sözler bir-birine sepleşip, beýik dagy emele getirýär. Dana atamyzyň ylham çeşmesi umman ýaly giň, deňiz deýin çuň, derýa kimin akgynly. Onuň kenaryna baryp, akyl gämisini kürekläp, ylham dünýäňi näçe baýatsaň baýadybermeli. Pyragynyň ynsan kalbynyň ruhy lukmany bolan pähim-parasada ýugrulan edebi mirasy hiç haçan esgilmezdir. Şol edebi mirasy susup alyp, aňyňa guýanyňda kalbyň gözelleşip, sende täzeçe dünýägaraýyş kemala gelýär. Ol dünýägaraýyş bolsa sende ruhy güýç döredip, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, adalatlylyk, bir-birege hormat goýmak, halallyk, zähmetsöýerlik ýaly beýik adamkärçilik sypatlaryny oýarýar. Şahyryň döredijilik dünýäsinde beýik güýç, ruhy päklik bar. Ol dünýä aralaşdygyňça dünýäňe gözellik çaýylýar. Gözellik bolsa bu barlyga, durmuşa baky söýgi döredýär.

Sungat äleminiň ýyldyzlary

AÝDYMLY DÜNÝÄNIŇ ÄGIRDI Dünýä ýüzünde her döwletiň paýtagty hakynda aýdymlaryň döredilendigi köplere mälimdir. Ýurdumyzyň göwher jygasy Aşgabat hakynda döredilen ajaýyp aýdymlar akgynlylygy, duýga baýlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Şeýle ajaýyp aýdymlaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň “Aşgabat” aýdymydyr.

Paryzdepe Änew medeniýetiniň döwründe

Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda kabul edilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak üçin Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe taryhy-medeni ýadygärliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary tarapyndan gazuw-agtaryş hem-de ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz 2016-njy ýylyň 13-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň günorta-gündogar çägini jähekläp oturan, Köpetdagyň etegindäki ýaýlada ýerleşýän Paryzdepe taryhy-medeni ýadygärligine baryp görüpdi. Şonda Milli Liderimiz gadymy şäheriň galyndylaryny synlap, bu toprakda iri şäherleriň, belent binalaryň gurlandygyny nygtapdy. Ýurdumyzda Paryzdepe ýaly taryhy ýadygärlikleriň başga-da ençemesiniň bolup, olary düýpli öwrenmegiň hem-de giňden ýaýmagyň möhümdigine üns çekipdi. Şondan bäri hem bu ýerde gazuw-agtaryş işleri yzygiderli geçirilip, gymmatly tapyndylar ýüze çykarylýar.

Behişdi bedewlerimiz — dünýä gymmatlygy

Halkymyzyň behişdi bedewlerine söýgüsi aňyrdan. Iň bolmanda, hyýalda ata atlanmadygymyz ýokdur. Bu bolsa eýýäm sallançakdaka, balasyny şirin hüwdüleri bilen huwwalaýan enelerimiziň mähri bilen geçýän bolmaly. Ol hüwdüler gulaklarymyzda hemişelik ýaňlanyp durandyr: Meniň ballym atlanar,Atlary haýbatlanar.

Ke­rem-ke­ra­mat­lyk­lar

Garagumuň ak ýaýlalarynda, seleň sähralarynda ömür süren ata-babalarymyzyň geçen ýoly müňýyllyklaryň dowamynda özüniň milli däp-dessurlary, edim-gylymlary bilen gojaman taryhyň sahypalarynda görnükli yz galdyrypdyr.  Beýik Biribar türkmen topragyna ähli naz-u-nygmaty sahylyk bilen eçilipdir. Bu toprakda önýän guşgursak bugdaýydyr «ak altyny» diýjekmiň ýa-da süýji ir-iýmişleridir gök-bakja önümlerini diýjekmiň, garaz, sanasaň, sanap oturmaly. Bugdaý, un, tamdyr, kendirik, çörek, saçak — bular bir kökene düzülen mukaddeslikler. Şonuň üçin hem pederlerimiziň paýhas ummany bolan halk döredijiliginde-de bu mukaddeslikler bilen baglanyşykly nakyllar, rowaýatlar, yrymlar näçe diýseň bar. Ýere urdum paltany,Agzy gyzyl haltany,Ýerden bir oglan çykdy,Uly iliň soltany.

Ýadygärlikler — syrlar hazynasy

Geçmişde dünýä halklarynyň ençemesiniň medeniýetine, sungatyna, umuman, taryhy ösüşine uly goşant goşan ata-babalarymyzyň bize miras goýan gymmatlyklary barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, milli aýratynlyklarymyza mahsus bolan edim-gylymlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz bilen bir hatarda taryhy ýadygärliklerimiz dogrusynda hem söz açmalydyrys. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndaky: «Türkmenler ähli eýýamlarda ýeňişli ýollaryň sakasynda, medeni we aňyýet ösüşleriniň merkezinde, yklymlary birleşdiriji güýçleriň — umumy ynsan ähmiýetli başlangyçlaryň başynda durýar. Her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga mynasyp hasaplanylýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de işjeň hereket etmeginde hem esasy orunlaryň biri türkmenlere degişlidir» diýen jümlelerini seriňde aýlanyňda, pederlerimiziň asyrlaryň gatlarynda goýup giden yzlary baradaky söhbetleriň şu günki nesil üçin näderejede wajypdygyna göz ýetirýärsiň. Çünki geçmiş — syrdan doly hazyna. Onuň her bir ownuk bölegini gözläp tapyp, öwrenip, dünýä ýaýmak bolsa şu günki nesilleriň borjy bolup durýar. Her bir menzilinde geçmişiň syrlaryny saklap oturan galalar, kümmetler... ýerleşýän ýurdy tapaýmagyň aňsat däldigini syýahatçylar, taryhçylar, arheologlar geçen asyrlarda hem aýdypdyrlar. Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallala