Bagtyýarlygyň röwşen nury

26 Dekabr 2023
973

2023-nji ýyl Türkmenistan dünýä giňişliginde uly üstünliklere eýe bolýan, halkara abraýynyň has-da ýokarlanýan ýyly boldy. Şu ýyl Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýyly dabaraly bellenilip geçildi. Ýurdumyz bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamakda, ösdürmekde hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny dünýä wagyz etmek maksadyndan ugur alyp, ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi 2023-nji ýylyň buýsandyryjy wakalarynyň biri hökmünde taryha girer.

Köpetdagyň eteginde döwrüň täsin gudraty bolup dörän Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagy bolsa diňe birinji ýarym ýyllygyň däl, eýsem, garaşsyz ösüşiň bütin taryhynyň iň şanly wakalarynyň biri hökmünde hem nygtalmaga mynasyp. Bu ýyl hormatly Prezidentimiziň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek hakynda Permana we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň meseleleri hakynda Karara gol çekmegi atşynaslygy sungat derejesine ýetiren ata-babalarymyzyň seýisçilige, çapyksuwarlyga siňdiren milli paýhaslaryny has-da çuňňur öwrenmäge täze mümkinçilikleri açdy. Şu okuw ýylynda täze Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ilkinji talyplaryny kabul etdi.

Annaguly BABAÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar