Köňlümiziň çyragy

20 Dekabr 2023
1028

Ajaýyp zamanamyzda asylly däbe görä, her bir ýylyň özüne mahsus şygar bilen atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny belende galdyryp, öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ugrukdyrýan ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlaryň durmuşynda ajaýyp taryhy wakalara diýseň baý bolan, tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri, şu günki hem-de geljek nesilleriň abadan we ösüşlerden doly nurana geljegini üpjün etmek ugrundaky taýsyz tagallalary bilen dabaralandy.

Bilşimiz ýaly, Täze — 2024-nji ýylda halkymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan baýram eder. Akyldar şahyrymyzyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan döredijilik mirasy ähli halkymyz, aýratyn hem, ýaş nesiller üçin nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Ýaşlary belent watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, arassa ahlaklylyk ýaly halkymyzyň milli ruhuna siňen belent häsiýetleri kemala getirmekde möhüm orun eýeleýär.

Dürnabat BAÝLAKOWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar