Akyldardan nakyllar

20 Dekabr 2023
904

Türkmeniň taryhyny, ahlak sypatlaryny, beýik häsiýetlerini döredijiliginde wasp edip, geljekki nesillere ýetirmekde, türkmeni türkmen hökmünde dünýä halklaryna tanatmakda ussatlyk görkezen şahyryň eserleri öwrenilmäge mynasyp.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde nakyllara aýratyn uly orun berilýär. Munuň özi şahyryň eserleriniň has-da «şireliligini» artdyryp, okyja ýakymly duýgulary bagyşlaýar, onuň ruhy älemine siňýär. Çünki atalar sözleridir nakyllar halkymyzyň durmuşyny, pähim-paýhasyny, pelsepesini, dünýägaraýşyny, synçylygyny, watançylygyny hem-de ahlak ýörelgelerini, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän nesilleri terbiýeleýji söz sungatydyr. Muňa şahyryň şygyrlaryndan birnäçe nakyllary mysal getirmek bolar: «Edebiň ýagşysy ulyny syla», «Bir ýaman söz ýürek bular, ýagşyny älem arzuwlar», «Owal akan ýerden akarmyş aryk», «Ten agyrsa, jan çykar», «Ýekäniň çaňy çykmaz», «Nadan dostdan dana duşman ýagşydyr», «Dostuňy egleme nepden galmasyn, duşmanyň saklama, syryň bilmesin», «Men-menlik edeniň tanapy çüýrük», «Ýagmyr bilen ýer gögär», «Müň gaýgy bir iş bitirmez», «Gawunyň ýagşysyn şagal iýr diýrler» diýlen ýaly nakyllaryň köp sanlysyna duşmak bolýar.

Gülşen ÇARYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar