Hala örklenen ykbal

28 Dekabr 2023
1125

Alym Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ajaýyp halylarymyz, olaryň aýratynlyklary hakynda gyzykly gürrüňler berilýär. Kitapdaky: «Gül-gunçasy gara gözüňe, gara daglary daýanjyňa, ýelleri sabanyň nepesine, çölüniň çägesi zer dänesine, mukamdyr aýdym-sazlary älemiň sedasyna meňzeýän eziz Diýarymyzyň her ertiri meniň kalbymy heýjana getirýär» diýen şahyrana setirler kalbyňy joşdurýar.

Asly kärim mugallymçylyk bolsa-da, meniň üçin halyçylyk sungaty-da ýat hünär däl. Obamyzyň, ýagny Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Börme obasynyň ähli gelin-gyzlary diýen ýaly haly dokaýar. Meniň ejem, aýal doganlarym, daýzalarym haly dokaýar. Ejemiň ulugyz wagty haly dokanda ulanan synnysy, keseri, daragy häzir hem öýümizde arzylanyp saklanýar. Ejem: «Ulugyzlar durmuşa çykmanka, öz sepini özi dokamaly, öz bukjasyny öz elleri bilen taýýarlamaly» diýip, hemişe sargaýardy.

Göwhertäç GYLYJOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar