Farabyň Gyzgalasy

23 Dekabr 2023
890

Arheologik ýadygärlikler taryha, syrly maglumatlara baý. Geçmişiň şöhratly wakalaryny gujagynda ýygşyran ýadygärlikleriň käbirleri gojaman Jeýhunyň sag we çep kenarýakalarynda ýerleşýär. Şolaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky «Farap» şypahanasyna barýan ýoluň ugrunda uzakdan seleňläp görünýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň biri — Farabyň Gyzgalasy hem bar.

Ylmy maglumatlarda beýan edilişi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň Farapdan Köneürgenje uzaýan şahasynyň ugrunda Gadymgala, Soltan Bibi ene, Ostygala, Nergyzgala, Gyzgala ýaly orta asyr ýadygärlikleri gojaman Jeýhunyň kenaryna seteran düzülipdir. Munuň özi bu halkara kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşýän oturymly ýaşaýyş ýerlerinde suw üpjünçilik ulgamynyň kämil derejede gurlandygyny, ikinjiden, bu ýadygärlikleriň halkara söwda ýolunyň ugrunda ýerleşen düşelge — söwda merkezleri bolandygyny äşgär edýär.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar