"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Parahatlyk dünýäsini wasp edip

Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp çäre geçirildi. «Parahatlyk dünýäsini wasp edip» ady bilen geçirilen çärä kitaphana işgärleri hem-de lukmanlar gatnaşdylar. Çärede edilen çykyşlarda ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan uly ösüşleriň gözbaşynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň durýandygy, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň döwletimiziň, halkymyzyň dünýädäki abraýyny belende göterýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynda bitaraplyk ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygy barada buýsanç bilen söhbet edildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda dünýä nusgalyk beýik işleriň amala aşyrylýandygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň bedew bady bilen okgunly öňe barýandygy buýsanç bilen nygtalyp, ýurdumyzyň asudalygy, ilimiziň eşretli durmuşy ugrunda ýadawsyz alada edýän eziz Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýaşlaryň ýürek joşguny

Türkmenbaşy etrap medeniýet öýünde ýaşlaryň gatnaşmaklarynda baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk — guwanjym, Bitaraplyk — buýsanjym» ady bilen duşuşyk geçirdik. Duşuşykda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülendigi, halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan bu taglymatyň sebitde durnuklylygyň saklanmagyna hyzmat edýändigi, berkarar döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň, parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň bütin dünýäde dabaralanýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny öňküdenem belende galdyrmak, halkymyzy has-da eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda beýik işleri amala aşyrýan milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasynda gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

12.12.2021. Şu gün türkmenistanlylar Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny kabul etmeginiň 26 ýyllygyny belleýärler. Bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Baş şäherimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda halkymyzyň belent binýatlaýyn ýörelgeleriniň—parahatçylyk söýüjiligiň, hoşmeýilliligiň hem-de ynsanperwerligiň dabaralanmagynyň nyşanyna öwrülen Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda belleýşi ýaly, biziň alyp barýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatymyz halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýadydyr. Turkmenistan gysga taryhy döwrüň içinde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda, halkara bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmakda gymmatly tejribe toplady.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar! Sizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bitaraplyk dünýäniň abadançylygyna, döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygyň, dostlugyň hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, adamzadyň bagtly geljegine gönükdirilen taglymatdyr. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş

“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň (Parahatçylyk we ynanyşmak forumy) Jemleýji resminamasy

“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata (Parahatçylyk we ynanyşmak forumy) gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde ýygnanyşyp; Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygymyzy tassyklap;

Zeminde asudalygyň hatyrasyna

Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär. * * *

Halkara Bitaraplyk güni — dostlugyň we ynanyşmagyň baýramy

Pan Gi MUN,Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň ýolbaşçysy, BMG-niň ozalky Baş sekretary: — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň 26 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin örän ýakymly. Türkmenistanyň taryhynda täze sahypany açan 12-nji dekabr türkmen halky üçin möhüm seneleriň biridir. Bitaraplyk ýurduň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär. Şu pursatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasy barada ýatlamak isleýärin. 11-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen parahatçylyk we ynanyşmak forumy hem 2019-njy ýylda biragyzdan tassyklanylan şol Kararnamada göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. BMG-niň ozalky Baş sekretary hökmünde men Türkmenistanyň syýasy gepleşikler, özara düşünişmek hem-de hyzmatdaşlyk esasynda halklaryň arasyndaky parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmek boýunça edýän tagallalaryny doly goldaýandygymy aýtmak isleýärin.

Abadançylygyň ak ýoly

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürüp başlady. Bu bolsa Watanymyzyň dünýäde durnukly ykdysady ösüşi gazanýan, düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän ýurt hökmünde giňden tanalmagyna getirdi. Bitaraplyk parahatçylyk, asudalyk, ählumumy howpsuzlyk, dostlukly gatnaşyklar, ykdysady hyzmatdaşlykdyr. Bu halkara hukuk derejesi Türkmenistana beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyna eýerip, netijeli daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirýär, özüniň parahatçylykly ýörelgelerini bütin adamzadyň bähbidine goýmaga çalyşýar. Munuň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy barha beýgelýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän parasatly içeri hem-de daşary syýasatyň netijesinde bu gün Türkmenistan dünýäniň syýasy giňişliginde güýçli depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşyjy, ynamdar hyzmatdaşlaryň hatarynda giňden tanalýar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji we 75-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlary

Sahawatly işler dowamat-dowam

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşi, jemgyýetdäki agzybirlik we parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlar bu günki günde taryhy çözgütleriň halkyň ykbalyna edýän kesgitli täsirlerinden habar berýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty hemişe parahatçylyga hem hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ymtylýan türkmen halkynyň milli däpleriniň döwrebap ýüze çykmasy boldy. Parahatçylyk ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, agzybirlige sarpa goýmak, birek-birege ýardam bermek biziň döwletli ýörelgelerimizden gözbaş alýar. “Agzybir syrgynyň tamdyry bir”, “Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr” ýaly nakyllarymyz hem türkmen halkynyň hemişe agzybir, birek-birek bilen oňşukly, sylaşykly ýaşamalydygy hakyndaky düşünjäni gursagynda göterip gelendigine şaýatlyk edýär. Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, baş maksady dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bolan BMG-niň başlangyçlaryna işjeň goşulyşýar. Goňşy döwlet bolan Owganystana berýän yzygiderli ynsanperwerlik kömekleri halkymyzyň goňşy we beýleki döwletler bilen has-da ysnyşykly gatnaşykda bolmagyny kepillendirdi. Halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze nusgasyny kemala getirmek bilen, XXI asyrda häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerine täzeçe çemeleşmek ýörelgesini ugur edinen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tu

Rowaçlyklaryň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda her ýylyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi. Bu sene halkara we döwlet derejesinde parahatçylyk söýüjiligiň, asudalygyň, ynsanperwerligiň, ösüşiň baýramy hökmünde giňden bellenilýär. Bitaraplyk syýasatynyň ykdysady jähetleriniň ähmiýeti barada gürrüň edilende, onuň mümkinçilikleri giňdir. Diňe bir gurluşyk pudagynda bitirilen işler barada aýdylanda, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda durmuş we senagat maksatly döwrebap taslamalar amala aşyrylýar.

Bitaraplyk — parahatçylygyň belent taglymy

10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwletimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasaty bilen bagly käbir meseleler girizildi. Pederlerimiziň rehimdarlyk ýörelgesi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

(2021-nji ýylyň 10-njy dekabry) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY

(2021-nji ýylyň 10-njy dekabry) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly diplomatlar!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Şa serpaýly watandaşlarymyzyň ýürek buýsanjy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň öňüsyrasynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ildeşlerimiziň birtoparyna hormatly atlar dakylyp, serpaýlar ýapyldy. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp bolan ildeşlerimiz bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik:

Jebisligiň berk binýady

Halklaryň, milletleriň, döwletleriň arasyndaky arabaglanyşyk öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. 1995-nji ýylda täzeden kök uran Bitaraplyk syýasatymyz munuň aýdyň nyşany bolmak bilen, türkmen halkynyň asudalygyny şöhlelendirýär, ony dünýä nusga alarlyk derejä eýe edýär. Agzybirligiň, asudalygyň netijesinde durnukly ösüşlere beslenýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlarynyň halkara hukuk kadalaryna öwrülip, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara hukugynyň ösüşine mynasyp goşandyny goşýandygyny aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär. Munuň şeýledigine ýaňy-ýakynda Türkmenistan döwletimiziň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda geçirilen YHG-nyň XV sammitinde milli Liderimiziň dünýäde parahat, asuda durmuşyň höküm sürmegi ugrunda öňe süren birnäçe oňyn başlangyçlarynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Parahatçylygyň we dostlugyň Watany

Eziz Diýarymyz 1995-nji ýylyň nur eçilýän ak gününde ak bagtyna — hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 12-nji dekabr Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnamanyň kabul edilen güni hökmünde döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarymyz bolan Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz döwletimiziň asudalygyny, abadançylygyny, halkymyzyň agzybirligini, erkinligini üpjün edýär. Bu günki gün agzybir halkymyz Magtymguly Pyragynyň: «Türkmen ilim, eý, adamzat! /Azat il, güzer gözlär men» diýip arzuw eden ajap döwranynyň gujagyna doldy. Biz Gahryman Arkadagly gül Diýarymyzy, gözel tebigatymyzy, berk binýatly berkarar döwletimizi, arassa asmanymyzy, genji-hazynaly topragymyzy, dertlere şypa bolan tämiz howamyzy, jana tenekar suwumyzy, şonuň ýaly-da dünýä ýüzünde agzybirlikli, dost-doganlykly gatnaşyklarymyzy, umuman, bütin adamzadyň ykbalyny ynsanperwer syýasatymyz bilen goraýarys. Çünki bu Watan bagtyýar adamlaryň ýaşaýan Watany. Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewanyň buýsançly setirlerde wasp edişi ýaly: — Bu ýerde eşretli ömür sürülýär,Ýatlar tanyş, tanyş dost deý görülýär.

Parahatçylygyň simfoniýasy

«Dünýä dursun parahat!» atly türkmen aýdymy türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edildi 10-njy dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Dünýä dursun parahat!» atly türkmen aýdymynyň türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara agzybirligiň hem-de jebisligiň, iň gowy milli däplerimiziň halkara derejede dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti

Gadymy pähimleri dünýä beren millet hökmünde halkymyz «Goňşyň rahat bolsa, günüň parahat», «Bagtyňy paýlaş, artar!» diýen paýhasy umumadamzat bähbitlerini aramak bilen durmuşa geçirýär. Ynsanperwerligiň belent maksatlaryna ygrarly türkmeniň edebi mirasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik ýaly gadymy ýol-ýörelgeleri bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilen bitaraplyk syýasaty hökmünde giň äleme ýaýylýar. Garaşsyzlyk halkyň ýagşy umyt-islegleriniň hasyl bolan ajap eýýamydyr. Özbaşdak döwlet hökmünde syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygaryny baýdak edinen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi Garaşsyzlygyň beren iň datly miwesidir. Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy bilen bagly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Rezolýusiýalar halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň taryhynda halkara hukugynyň instituty hökmünde hemişelik Bitaraplygy resmileşdirýän resminamalar bolup durýar. Bu hukuk ýagdaýy ýurdumyza 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýa arkaly berildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama ikinji gezek kabul edildi. Häzirki wagtda Bitaraplyk baýramy halkara derejesine eýe boldy. Munuň özi Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýy bilen baglan

Agzybirligiň hem bagtyň baýramy

Häzirki döwürde bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgelerimiz milli Liderimiziň ynsanperwer daşary syýasatynyň netijesinde hil taýdan täze derejä eýe bolýar. Baky Bitaraplygymyzyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýeti has-da artýar. Halkara ýagdaýlara oňaýly täsir edýän türkmen Bitaraplygy söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we hukuk ulgamlaryndaky halkara hyzmatdaşlygynyň esasynda durýar. Bitaraplygyň Türkmenistanyň we türkmen halkynyň durmuş-ykdysady gazananlarynyň binýadynda durýan möhüm syýasy-hukuk ähmiýeti alymlardyr halkara bilermenleri tarapyndan doly ykrar edilýär. Biziň ýurdumyz öz Bitaraplyk derejesini ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitleri üçin peýdalanýar. Dünýäniň birnäçe döwletini özüne birleşdirýän iň kuwwatly we abraýly halkara bileleşigi bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolan Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasatynyň esasynda tutuş Aziýa yklymyndaky ylalaşdyryjy merkez hökmünde bütin adamzadyň uly ynamyna eýe boldy.