Parahatçylygyň we dostlugyň Watany

11 Dekabr 2021
1453

Eziz Diýarymyz 1995-nji ýylyň nur eçilýän ak gününde ak bagtyna — hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 12-nji dekabr Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnamanyň kabul edilen güni hökmünde döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarymyz bolan Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz döwletimiziň asudalygyny, abadançylygyny, halkymyzyň agzybirligini, erkinligini üpjün edýär. Bu günki gün agzybir halkymyz Magtymguly Pyragynyň: «Türkmen ilim, eý, adamzat! /Azat il, güzer gözlär men» diýip arzuw eden ajap döwranynyň gujagyna doldy. Biz Gahryman Arkadagly gül Diýarymyzy, gözel tebigatymyzy, berk binýatly berkarar döwletimizi, arassa asmanymyzy, genji-hazynaly topragymyzy, dertlere şypa bolan tämiz howamyzy, jana tenekar suwumyzy, şonuň ýaly-da dünýä ýüzünde agzybirlikli, dost-doganlykly gatnaşyklarymyzy, umuman, bütin adamzadyň ykbalyny ynsanperwer syýasatymyz bilen goraýarys. Çünki bu Watan bagtyýar adamlaryň ýaşaýan Watany. Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewanyň buýsançly setirlerde wasp edişi ýaly:

— Bu ýerde eşretli ömür sürülýär,
Ýatlar tanyş, tanyş dost deý görülýär.

Züleýha ALLABERDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar