Ýaşlaryň ýürek joşguny

13 Dekabr 2021
1386

Türkmenbaşy etrap medeniýet öýünde ýaşlaryň gatnaşmaklarynda baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk — guwanjym, Bitaraplyk — buýsanjym» ady bilen duşuşyk geçirdik. Duşuşykda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülendigi, halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan bu taglymatyň sebitde durnuklylygyň saklanmagyna hyzmat edýändigi, berkarar döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň, parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň bütin dünýäde dabaralanýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny öňküdenem belende galdyrmak, halkymyzy has-da eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda beýik işleri amala aşyrýan milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýbölek HALNEPESOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap geňeşiniň uly buhgalteri.
Beýleki habarlar