Rowaçlyklaryň gözbaşy

12 Dekabr 2021
1561

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda her ýylyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi. Bu sene halkara we döwlet derejesinde parahatçylyk söýüjiligiň, asudalygyň, ynsanperwerligiň, ösüşiň baýramy hökmünde giňden bellenilýär.

Bitaraplyk syýasatynyň ykdysady jähetleriniň ähmiýeti barada gürrüň edilende, onuň mümkinçilikleri giňdir. Diňe bir gurluşyk pudagynda bitirilen işler barada aýdylanda, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda durmuş we senagat maksatly döwrebap taslamalar amala aşyrylýar.

Gülnar TEKÄÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar