Parahatlyk dünýäsini wasp edip

13 Dekabr 2021
1349

Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp çäre geçirildi. «Parahatlyk dünýäsini wasp edip» ady bilen geçirilen çärä kitaphana işgärleri hem-de lukmanlar gatnaşdylar.

Çärede edilen çykyşlarda ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan uly ösüşleriň gözbaşynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň durýandygy, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň döwletimiziň, halkymyzyň dünýädäki abraýyny belende göterýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynda bitaraplyk ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygy barada buýsanç bilen söhbet edildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda dünýä nusgalyk beýik işleriň amala aşyrylýandygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň bedew bady bilen okgunly öňe barýandygy buýsanç bilen nygtalyp, ýurdumyzyň asudalygy, ilimiziň eşretli durmuşy ugrunda ýadawsyz alada edýän eziz Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ogulbagt ELÝASOWA,
welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar