Halkara Bitaraplyk güni — dostlugyň we ynanyşmagyň baýramy

12 Dekabr 2021
1442

Pan Gi MUN,
Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň ýolbaşçysy, BMG-niň ozalky Baş sekretary:

— Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň 26 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin örän ýakymly. Türkmenistanyň taryhynda täze sahypany açan 12-nji dekabr türkmen halky üçin möhüm seneleriň biridir. Bitaraplyk ýurduň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär. Şu pursatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasy barada ýatlamak isleýärin. 11-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen parahatçylyk we ynanyşmak forumy hem 2019-njy ýylda biragyzdan tassyklanylan şol Kararnamada göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. BMG-niň ozalky Baş sekretary hökmünde men Türkmenistanyň syýasy gepleşikler, özara düşünişmek hem-de hyzmatdaşlyk esasynda halklaryň arasyndaky parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmek boýunça edýän tagallalaryny doly goldaýandygymy aýtmak isleýärin.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar