"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Ulgamlaýyn gyzylgurt keselini anyklamagyň aýratynlyklary

Ulgamlaýyn gyzylgurt (UGG) – bu näbelli sebäpli, içki agzalaryň dokumalarynyň alawlama zeperlenmegi we dürli öýjük komponentlere antitelolaryň öndürilmeginiň ýokarlanmagy bilen häsiýetlenýän dowamly autoimmun keselidir [4-6]. Dürli maglumatlara görä, UGG-nyň ýaýramagy 100 müň ilatyň 30-250 adamsynda duşýar.

Öýkeniň köp kistaly gaýra üzülen ehinokokkozynyň kiçi kesimli torakotomiýa usulda bejergisi

Iki öýkeniň köp kistaly (4-den köp) ehinokokkozynyň bronha we plewral boşlugyna ýarylymagy, gidropnewmotoraks ýaly gaýra üzülmesi 1,3%-de duşýar we näsagyň umumy ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýar [1, 4]. Operatiw bejerginiň az zeperli usulda amala aşyrylmagy torakal hirurgiýada geçirilýän bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrýar [2, 5].

Krukenbergiň täze döremesi

Krukenbergiň täze döremesi (metastazy) – bu aşgazanyň, içegäniň, öt haltanyň we aşgazanasty mäziniň täze döremeleriniň bir ýa-da iki ýumurtgalyga metastaz bermegine aýdylýar [1, 2, 6]. Ilkinji gezek bu kesel 1896-njy ýylda F. E. Krukenberg tarapyndan beýan edildi. Häzirki wagtda Krukenbergiň metastazy (KM) ýumurtgalyklaryň ähli täze döremeleriniň arasynda 5-10% ýagdaýlarda bellenilýär. KM, esasan, aşgazan-içege ýollarynyň we öt haltanyň täze döremeleri bilen orta hem uly ýaşly aýallarda duş gelýär [3-5].

Halkyň saglygynyň goragynda

Arkadag şäheriniň açylyş dabaralarynyň yzysüre bu döwrebap şäheriň kaşaň binalarynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň ugurlaryna degişli birnäçe forumlardyr halkara ylmy maslahatlar geçirildi. Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň halkara maslahatynyň geçirilmegi «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň dowamyna öwrüldi. Foruma ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, professorlar, mugallymlar, daşary ýurtly myhmanlar — kompaniýalaryň wekilleri, Germaniýanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Türkiýäniň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy hassahanalarynyň, institutlarynyň professorlary we hünärmenleri gatnaşdylar. Arkadag şäheri jemgyýetçilik saglygyny goraýyşda öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary, şol sanda sanly lukmançylygy üstünlikli ornaşdyrmak babatda görülýän düýpli çäreleriň aýdyň görkezijisidir. Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «KTQ International GmbH» kompaniýasynyň şahadatnamasynyň, şeýle hem «Phillips» enjamlary bilen üpjün edilen sebitiň ýokary tehnologiýaly hassahanasy» atly güwänamanyň berilmegi munuň subutnamasydyr.

Türkmenistanda derman serişdelerini öndürmegiň geljegi uly

Keremli türkmen topragynda ösýän ösümlikleriň ählisiniň ýokary gymmatlyga eýedigi, aýratyn-da, olaryň dermanlyk häsiýetleri boýunça ähmiýetiniň örän uludygy mälimdir. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikler barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem giňişleýin beýan edilýär. Ynsan saglygyny gorap saklamakda tebigy esasly derman serişdeleriniň ähmiýeti has-da ýokarydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde bar bolan dermanlyk ösümlikleriň ekologik derejesini, olaryň dermanlyk häsiýetlerini öwrenmek babatynda köp işler alnyp barylýar. Ýerli çig mallardan saglygy goraýyş ulgamynda zerur bolan derman serişdelerini öndürmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Adaty aýgül

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Adaty aýgül — myhaklar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 30-70 sm ikiýyllyk otjumak wekili. Baldagynyň aşaky bölegi tas çogdam güle çenli tüýsüz, ýönekeý ýa-da birneme şahalanan. Aşaky ýapragy kepjeliçyzykly ýa-da kepjeli gysylan sähelçe uzyn sapakly. Gülleri iki öýli, tüýsüz gül sapagy okarajygyna deň ýa-da 2-3 esse uzynrak. Okarajygynyň uzynlygy 3,5-4 mm, ýylmanak, kütek dişlije.

Ýokary netijeli kämil usul

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde atmos enjamynyň kömegi bilen ýaralary bejermegiň täze usuly üstünlikli özleşdirildi. Otrisatel basyş astynda ýaralary bejermek innowasion usul bolup, ol beýleki usullar arkaly bejerip bolmaýan ýaralary çalt we doly bejermäge mümkinçilik berýär. Fizikada «otrisatel basyş» diýen adalga belli bir ýerdäki (ýerli) basyş daş-töwerekdäki (daşky) basyşdan pes bolýan ýagdaýy aňladýar. Atmos enjamynyň kömegi bilen ýaralary bejermegiň täze usulynda ondan başga «wakuum terapiýa» diýen adalga ulanylýar. Bu tötänden däldir. Ýerli, ýagny ýaranyň dörän ýerindäki basyş töwerekdäki basyşdan pes bolanda wakuum täsiri döreýär. Şeýle täsiriň astynda atmos enjamynyň ýarany özüne çekijiligi ýokarlanyp, ýara enjam arkaly goýlan plýonka bilen germetiki ýagdaýda (jebis) ýapylýar.

Sorag-jogap

Sagdyn çaga gusýarmy? «Ogul agtygym göbek tanapy boýnuna çolaşyp doguldy. Kelle beýnisiniň ultrases barlagy kelleçanakda içki basyşyň ýokarlanandygyny görkezdi. Agtygym köp aglaýar, emenden soň gusýar. Bu ýagdaý agtygymyň saglygyna düýpli zyýan ýetirdimikä diýip howatyrlanýaryn. Maňa maslahat beriň».

Tomusda iýmit önümleriniň saklanylyşy

Önümleriň, aýratyn-da, tomus paslynda dogry saklanylmagy möhümdir. temperatura üýtgände sowadyjyda hem iýmit önümleri zaýalanyp biler. Beýle ýagdaýlaryň bolmazlygy üçin, iýmit önümleriniň saklanyş tertibini bilmeli we olary ýerine ýetirmeli. Sowadyjynyň ähli ýerinde temperaturanyň deň ýagdaýda däldigi sebäpli, her bir iýmit önümi görnüşine baglylykda onuň degişli tekjelerinde saklanmaly.

D witamini we onuň süýjüli diabetiň öňüni almakdaky ähmiýeti

Süýjüli diabetiň ýüze çykmagynyň birnäçe sebäpleri bardyr. Şolaryň içinde iň köp ýaýrany hem semizlikdir. Şeýle-de D witamininiň ýetmezçiligi süýjüli diabetiň ýüze çykmagyna getirýän esasy sebäpleriň biridir. D witamini iki usul bilen adam bedenine düşüp bilýär: holekalsiferol görnüşinde deride Günüň ultramelewşe şöhleleriniň täsiri netijesinde emele gelýär we ergokalsiferol görnüşinde iýmit arkaly kabul edilýär. Ýöne olaryň ikisi-de prowitamin bolup durýar. Ýagny D witaminiň işjeň däl görnüşidir. Onuň işjeň görnüşine geçmegi üçin holekalsiferol ilki bagyrda 25-gidroksiholekalsiferola, soňra böwreklerde digidroholekalsiferola öwrülýär. Diňe şondan soňra D witamini bedende özleşip başlaýar. Kadada ol sagdyn adamlarda 30-dan 100 ng/ml çenli aralykdadyr.

Düýe çaly

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — melhemler mekany» atly gymmatly eserinde düýe çalynyň bedeniň goraglylygyny ýokarlandyrmakda, immuniteti pugtalandyrmakda, köp keselleriň öňüni almakda deňi-taýy bolmadyk içgi hökmünde asyrlarboýy uly meşhurlyga eýe bolup gelendigini belleýär. Hakykatdan-da, düýe çaly diňe bir ajaýyp, tagamly iýmit önümi däl-de, eýsem, keselleri bejeriji we olaryň öňüni alyjy serişde bolup durýar. Bu içgi yzygiderli içilende bedeniň kesellere garşylyk görkezijiligi ýokarlanýar, adamyň özüni duýşy gowulanýar, sklerozyň, süýjüli diabetiň, awitaminozyň (witamin ýetmezçiligi), guragyrynyň, dowamly gastritiň, kolitiň we beýleki aşgazan-içege keselleriniň döremek howpy azalýar. Ol inçekeseliň, howply we howpsuz çişleriň, köp sanly nerw, ýürek-damar, öýken keselleriniň bejergisiniň netijeliligini artdyrýar, olara garşy durmaga ýardam edýär.

Göwrelilik döwründe nähili iýmitlenmeli?

Mälim bolşuna görä, entek dogulmadyk çaga ýatgydaky kadaly ösüşi üçin zerur gerek bolan peýdaly maddalary enäniň gany arkaly kabul edýär. Diýmek, göwreli aýalyň gündelik iýmiti diňe bir özüniň däl-de, eýsem, çaga bedenjiginiň hem talabyny ödeýän derejede kämil bolmaly. Munuň özi geljekki enäniň göwrelilik döwründe adatdakysyndan köp iýmelidigini däl-de, onuň gündelik iýmitiniň dürli-dürli, ýokary hilli, peýdaly maddalara baý, zyýanly garyndylar goşulmadyk tebigy önümlerden ybarat bolmalydygyny aňladýar. Göwreli aýalyň gündelik iýmitiniň energetiki gymmatlylygy takmynan 2400 kilokaloriýa barabar bolup, onuň düzüminde beloklar, uglewodlar, ýaglar, witaminler, makro-mikroelementler ýeterlik mukdarda saklanmalydyr. Göwreliligiň birinji ýarymynda iýmit arkaly beloklary 100 gramdan az bolmadyk mukdarda, ikinji ýarymynda bu maddalaryň 120 grama golaýyny kabul etmeli. Şeýle talaby kanagatlandyrmak üçin ýagsyz etiň ýa-da balygyň 150 gramyny buglap ýa-da gaýnadyp iýmeli. Allergiýa döretmeýän bolsa günüň dowamynda 1 sany ýumurtga iýmek mümkindir. Ýarym litre çenli gatyk (kefir, rýaženka) içmek peýdalydyr. Beloklar peýnirde, doragda, kösükli ösümlikleriň önümlerinde, hozuň dürli görnüşlerinde, çigitde hem bardyr.

Bokurdakdaky agyry nämäniň alamaty?

Bokurdak adam üçin iň wajyp agzanyň biri bolup durýar. Ol ýuwudynma, ses emele getiriş, dem alyş, gorag işlerine işjeň gatnaşýar. Bokurdagyň iň köp ýaýran keselleri şulardyr: faringit, laringit, tonzillit we basyk. Olaryň alamatlary biri-birine meňzeşdir. Çagalaryň ene-atalary, köplenç, bu kesel alamatlary öz-özünden aýrylyp gider diýip, ýalňyş pikir edýärler. Bu keselleriň her biriniň aýry-aýry bejergini talap edýändigini, wagtynda dogry bejergi geçirilmese dowamly häsiýete eýe bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir.

Çaganyň boýunyň ösüşine iýmitiň täsiri

«Çaganyň boýunyň ösüşine nähili täsir edip bolýar?» diýen sowal, köplenç, ene-atalary gyzyklandyrýar. Boýuň ösüşine neslegeçijilik, bedeniň gurluş özboluşlylygy we saglygy öz täsirlerini ýetirýär. Sagdyn ösüş üçin çaganyň iýmitleriniň düzüminde gerekli ýokumly serişdeleriň, ýagny beloklaryň, uglewodlaryň, ýaglaryň, witaminleriň, minerallaryň ýeterlikli bolmagy hem möhümdir. Witaminler we minerallar

Pomidor

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda giňişleýin beýan edilýän pomidoryň häzirki wagtda ölçegi, reňki, tagamy bilen tapawutlanýan dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Pomidorlar görnüşi bilen tapawutlanýan hem bolsa, olaryň hemmesiniň düzümi takmynan birmeňzeşdir. Olar düzüminde B, A, K, С witaminleriniň köp mukdaryny saklaýarlar. Bir sany pomidor bedeniň С witamine bolan bir gije-gündizlik zerurlygynyň 40%-e golaýyny üpjün edýär.

Näme üçin antibiotiklere durnuklylyk döreýär?

Antibiotikler bakteriýaly ýokançlara garşy täsire eýe bolan derman serişdeleridir. Olar köp ýyllaryň dowamynda kesel dörediji mikroorganizmlere garşy bejergide üstünlikli ulanylyp gelinýär. Şeýle-de bolsa, bu dermanlaryň uzak wagtlap we köp mukdarda peýdalanylmagy bedene zyýanly täsir edip, içegäniň mikroflorasynyň zeperlenmegine, peýdaly bakteriýalaryň azalmagyna, immunitetiň peselmegine getirip bilýär. Olaryň käbir görnüşleri beden öýjükleriniň diwarjyklaryny zeperlendirýär. Antibiotikleriň iň uly zyýany bolsa kesel dörediji bakteriýalaryň bu dermanlara durnukly ştammlarynyň (görnüş) döremegine sebäp bolýandygy bilen baglanyşyklydyr. Başgaça aýdylanda, mikroblara garşy bejergide dermanlara durnuklylyk döreýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) hünärmenleri bakteriýalaryň antibiotiklere durnuklylygyny adamlaryň we haýwanlaryň saglygyna uly howp salýan ýagdaý diýip hasaplaýarlar. Iýmit önümleriniň howpsuzlygy boýunça Ýewropa lukmançylyk gullugynyň hem-de Keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Ýewropa merkeziniň hasabatlarynda iýmit önümlerinde, ot-iýmde, mal biomateriallarynda ýüze çykarylan salmonellalaryň, kampilobakteriýalaryň, içege taýajyklarynyň, altynsow stafilokoklaryň ampisilline, streptomisine, siprofloksasine, norfloksasine, doksisikline, tetrasikline ýokary durnuklylyga eýe bolup durýandygy bellenildi.

Kömelejikli keselleriň öňüni alyp bolýandyr

Habarçymyz Narjan Ilmyradowa janly ösümlik dünýäsiniň iň köp görnüşli wekili bolan kömelejikler bilen baglanyşykly soraglara jogap bermegi Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasy boýunça orunbasary Serdar Baýrammuhammedowdan haýyş etdi. Kömelejikler — bu näme? Näme üçin olara «mugthor bedenjikler» diýilýär?

Göz üçin maşklar

Häzirki wagtda kompýuterler we el telefonlarydyr planşetleri durmuşymyza ymykly ornaşdy. Munuň birnäçe oňyn taraplarynyň bolmagy bilen birlikde, biraz gözlere agram düşmegine-de sebäp bolýandygy düşnüklidir. Dowamly hat ýazylanda, kitap okalanda ýa-da el işleri edilende, ýagny haly dokalanda, keşde gaýalanda hem gözlere belli bir derejede agram düşýär. Şol sebäpli, şunuň ýaly ýagdaýlarda, gözleriň saglygyny goramaga jogapkärçilikli çemeleşmeli. Gözüň saglygy üçin peýdaly iýmitleri iýmäge ýykgyn etmeli, gözüň ýadawlygyny aýyrýan, görşüni ýitileşdirýän maşklary ýerine ýetirmeli. Geliň, gözüň saglygyny goramaga degişli käbir maşklaryň ýerine ýetirilişi bilen tanşalyň.

Deňiz çagyrýar...

Amyderýa bilen Hazar deňziniň arasynda ýerleşen ägirt uly giňişligi eýeleýän ülkämiziň tebigatynyň waspy beýik akyldar, türkmen halkynyň parasatly nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde görnükli orny eýeleýär. Şahyr özüniň «Türkmeniň» atly şygrynda Diýarymyzyň tebigy gözelligini türkmeniň gara dagdan inýän siliniň, al-ýaşyl öwüsýän, anbar ysly ýaýlasynyň, reýhana gark bolan sährada çyrpynyşýan ner-u maýasynyň keşbi arkaly suratlandyrýar. Akyldar şahyrymyzyň «Jeýhun bilen, bahry — Hazar arasy» diýen setirlerinde Köpetdagdyr Köýtendagyň, Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, kölleridir çeşmeleri, Amyderýanyň, Murgabyň, Hazaryň suw ösümlikleridir jandarlary hem-de olaryň adam saglygyna täsiri, ýurdumyzyň tebigy goraghanalary göz öňüňe gelýär. Deňziň ynsan saglygyna fiziki we ruhy taýdan sagaldyjy täsir edýändigi mälimdir. Bu babatda Hazar deňzi öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Tomusda sagdyn ýaşamakçymy?

Žurnalist Narjan Kasymowa tomusda sagdyn ýaşamagyň ugur-ýollary barada gürrüň bermegi Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň gospital hirurgiýasy kafedrasynyň öwreniji mugallymy Nurýagdy Gylyjowdan haýyş etdi. Yssy tomus aýlarynda howanyň temperaturasynyň biçak ýokarlanmagy islendik bir adamyň bedenine täsir edýär. Aýratyn hem ýürek-damar ulgamyna, ýagny jöwzaly yssyda gan damarlary giňelip, arterial gan basyşy peselýär. Ýüregiň işjeňligi kadadakydan ýokarlanýar. Gan goýalyp, tromblaryň döremek, infarkt, insult keselleriniň ýüze çykmak howpy peýda bolýar.