Bokurdakdaky agyry nämäniň alamaty?

29 Iýul 2023
1035

Bokurdak adam üçin iň wajyp agzanyň biri bolup durýar. Ol ýuwudynma, ses emele getiriş, dem alyş, gorag işlerine işjeň gatnaşýar.

Bokurdagyň iň köp ýaýran keselleri şulardyr: faringit, laringit, tonzillit we basyk. Olaryň alamatlary biri-birine meňzeşdir. Çagalaryň ene-atalary, köplenç, bu kesel alamatlary öz-özünden aýrylyp gider diýip, ýalňyş pikir edýärler. Bu keselleriň her biriniň aýry-aýry bejergini talap edýändigini, wagtynda dogry bejergi geçirilmese dowamly häsiýete eýe bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir.

Rufat KLYÇEW,
Aşgabat şäheriniň 12-nji saglyk öýüniň gulak-burun-bokurdak lukmany.
Beýleki habarlar