Türkmenistanda derman serişdelerini öndürmegiň geljegi uly

29 Iýul 2023
534

Keremli türkmen topragynda ösýän ösümlikleriň ählisiniň ýokary gymmatlyga eýedigi, aýratyn-da, olaryň dermanlyk häsiýetleri boýunça ähmiýetiniň örän uludygy mälimdir. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikler barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem giňişleýin beýan edilýär. Ynsan saglygyny gorap saklamakda tebigy esasly derman serişdeleriniň ähmiýeti has-da ýokarydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde bar bolan dermanlyk ösümlikleriň ekologik derejesini, olaryň dermanlyk häsiýetlerini öwrenmek babatynda köp işler alnyp barylýar. Ýerli çig mallardan saglygy goraýyş ulgamynda zerur bolan derman serişdelerini öndürmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Batyr DAŇATAROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasynyň müdiri.
Beýleki habarlar