Ýokary netijeli kämil usul

29 Iýul 2023
493

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde atmos enjamynyň kömegi bilen ýaralary bejermegiň täze usuly üstünlikli özleşdirildi. Otrisatel basyş astynda ýaralary bejermek innowasion usul bolup, ol beýleki usullar arkaly bejerip bolmaýan ýaralary çalt we doly bejermäge mümkinçilik berýär.

Fizikada «otrisatel basyş» diýen adalga belli bir ýerdäki (ýerli) basyş daş-töwerekdäki (daşky) basyşdan pes bolýan ýagdaýy aňladýar. Atmos enjamynyň kömegi bilen ýaralary bejermegiň täze usulynda ondan başga «wakuum terapiýa» diýen adalga ulanylýar. Bu tötänden däldir. Ýerli, ýagny ýaranyň dörän ýerindäki basyş töwerekdäki basyşdan pes bolanda wakuum täsiri döreýär. Şeýle täsiriň astynda atmos enjamynyň ýarany özüne çekijiligi ýokarlanyp, ýara enjam arkaly goýlan plýonka bilen germetiki ýagdaýda (jebis) ýapylýar.

Azatberdi KELJÄÝEW,
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar