"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Diňe saglyk hakynda

Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun. * * *

Iň uly gymmatlyk

Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň aşa gyzmagy sebäpli, Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly. Bu döwürde arassaçylyk we sagdynlyk kadalaryny dogry berjaý etmek aýratyn ähmiýete eýedir. Ýiti Gün şöhlesinden goranmak üçin hökman kelläňizde başgap bolmaly we saýawan ulanmaly. Ýanyňyz bilen arassa agyz suwuny almaly. Daşardan gyzyp gelip, sowadyjynyň öňünde oturmak we sowuk suwlary içmek maslahat berilmeýär. Şeýle hem bedeniň kesellerden goraýjylyk ukybyny ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmeli. Miweleri, gök we bakja önümlerini köpräk iýmäge çalyşmaly. Dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan çaýlary, şerbetleri içmek örän peýdalydyr. Limon, apelsin we mandarin ýaly önümlerden taýýarlanylan içgileri peýdalanmak ýerliklidir. Bulardan başga-da gün tertibini berjaý etmeli. Rahat uklamaly, işjeň hereketde bolmaly we sport bilen meşgullanmaly.

Il saglygy — ýurt baýlygy

YSSY HOWADA ÖZÜŇI NÄDIP GORAMALY? Özüňize amatly, endamyňyza ýakymly, giňiş, nah matadan tikilen egin-eşikleri geýmeli.

Lukmanyň maslahaty

Arassaçylyk — saglygyň sakasy Adam bedeniniň kesellere we dürli sökelliklere garşy durujylyk ukybyny berkitmek üçin her bir adamyň şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegi zerurdyr. Muňa ir bilen fiziki maşklary ýerine ýetirmek, dogry iýmitlenmek kadalaryny berjaý etmek ýaly peýdaly endikler uly ýardam edýär.

Derde derman — buýan

Bilşimiz ýaly, ýurdumyz diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem, derde derman topragy bilen hem dünýäni haýrana goýýar. Her bir ot-çöpi melhem bolan Diýarymyzda dermanlyk ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşi bar. Ata-babalarymyzyň dürli kesellerde we ýarawsyzlyklarda giňden ulanan bu ösümlikleri özleri bilen birlikde arkama-arka kemala gelýän nesilleriň hem beden berkliginde we topragymyzyň dermanlyk serişdelerinden peýdalanmaklarynda uly orna eýe bolup durýar. Halk arasynda adam saglygyna peýdaly bolan ösümlikler irki döwürlerden bäri ulanylýar. Bu günki günde ol jana şypaly ösümlikler Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda öz beýanyny tapýar. Tutuş halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesinde, ylaýta-da, lukmanlaryň arasynda baş görelde mekdebine öwrülen bu kitabyň birinji jildinde beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriniň biri-de buýandyr. Alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu ösümligiň dünýäde 15, ýurdumyzda bolsa 4 görnüşi duş gelýär. Tohumynyň gögerijiligi 10 ýyla çenli saklanyp bilýän buýan, tohumy arkaly köpelende, ömrüniň üçünji ýylynda gülleýär. Awgust-sentýabr aýlarynda miwesi ýetişýän bu ösümlige halk arasynda süýji buýan hem diýilýär. Esasan, sowuklama kesellerinde, ýagny içdäki ýaraly keselleriň, üsgülewügiň, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň, onkibarmak içegäniň sökelliklerinde peýdalanylýan bu ösümlik gyş aýlarynda

Tomsuň çogly günlerinde

Günurma ýylylyk urmanyň aýratyn görnüşi bolup, Gün şöhleleriniň gönüden-göni beýnä täsir etmeginiň netijesinde ýüze çykýar. Beýniniň aşa gyzmagy sebäpli, onuň gan damarlary giňäp, beýniniň gan bilen dolmagy bolup geçýär. Onuň netijesinde beýniniň çişmegi ýüze çykýar. Uly bolmadyk gan inmeler merkezi nerw ulgamynyň işine şikes ýetirip bilýär. Merkezi nerw ulgamynyň dürli şikeslenmeleri, semizlik ýagdaýy, serhoş ýa-da çendenaşa dok ýagdaýda Günüň aşagynda gezmek, fiziki zähmet bilen meşgullanmak, tomus paslyna görä geýinilmedik ýagdaýynda, ýokary temperaturada iýmit we suwuklyk kabul etmek düzgüni bozulanda Günurmanyň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Şeýle-de Günurmanyň ilkinji alamatlary, uzak wagt Günüň aşagynda bolnandan 2–— 10 sagatdan soň ýüze çykýar. Ilkibada umumy ysgynsyzlyk, kellagyry, başyň aýlanmagy, arkada we aýakda agyrylar, gulagyň şaňlamagy, gözüň garaňkylamagy ýaly alamatlar döreýär. Gün uran adamyny howa ýetmeýän ýaly duýgy gurşap alýar, ýüregi çalt urup başlaýar, güýçli teşnelik duýýar. Agyr ýagdaýlarda adamyň ýüzi gögerip, dem alşy bir minutda 60 — 70 gezege ýetýär we adam huşuny ýitirýär. Nerw ulgamynyň zeperlenmegi netijesinde tutgaýlar, samrama, gözüňe zatlaryň görünmegi (gallýusinasiýalar) ýaly ýagdaýlar döräp biler. Bedeniň gyzgynlygy ýokarlanýar. Onuň yzysüre adamda dem alşyň we ýüregiň işiniň kynlaşmagy ýüze çykýar.

Sapaly kenardaky şypahana

Gojaman Hazaryň kenaryndaky «Awaza» şypahanasy birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenendir. şypahananyň ýöriteleşdirilen bölümleri dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze saglygy bejeriş-dikeldiş hyzmatlarynyň giň görnüşini hödürlemek üçin niýetlenen lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir.

Ýene-de saglyk barada paýhasly setirler

Kimiň saglygy bar bolsa, onuň umydy bar, umydy bolanyň ähli zady bar. *  *  *

Saglygy goraýyş ulgamy täze belentlikleri nazarlaýar

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilen we geçirilýän özgertmeleriň netijesinde onuň berk binýady kemala geldi. Munuň özi berkarar döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamyna dünýäniň gazanan iň oňat tejribeleriniň ornaşdyrylýandygynyň kepilidir.  «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamy belent sepgitleri nazarlaýar. Ata Watanymyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek boýunça köptaraplaýyn işler durmuşa geçirilýär. Muňa mysallar örän köp. Jana hoştap howaly Köpetdagyň eteginde gurlan, özboluşly binagärligi bilen tapawutlanýan Arkadag şäherinde ylmyň gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar ulanylyp gurlan saglygy goraýyş binalary adam saglygy barada uly alada edilýändiginiň subutnamasy bolup dabaralandy. Olaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş m

Tomusda bedeni taplamak — sagdynlygyň çeşmesi

Güýz-gyş aýlarynda sagdyn ýaşamak, sowuklama keselleriniň öňüni almak maksady bilen, immuniteti pugtalandyrmak üçin iň amatly wagt tomus paslydyr. Tomusda sagdyn durmuş ýörelgesiniň düzgünlerini berjaý etmek üçin ähli mümkinçilikler bardyr. Işjeň hereket etmek, dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden saklanmak, arassa howadan dem almak sagdyn ýaşamagyň möhüm şerti bolup durýar. Her gün ir bilen howanyň salkyn wagtynda daşarda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeli, irden ýa-da agşam pyýada ýöremegi, ylgamagy, welosiped sürmegi endige öwürmeli. Günüň onçakly köp gyzmaýan wagtynda  otlaryň, çagyllaryň üstünde aýakýalaňaç gezmelemek saglyga, esasanam, nerw ulgamyna peýdalydyr. Yssy günlerde gan damarlarynyň giňemegi bilen, derleme hadysasynyň güýçlenýändigini bellemek gerek. Beden artykmaç gyzgyny daşary çykarýar, der mäzleri arkaly özüni ýokary gyzgynlykdan goraýar. Ýöne aşa köp derlemek hem peýdaly däldir.

Miweler we saglyk

Bazarlarymyzyň berekedi bolan ir-iýmişler, miweler, gök we bakja önümleri peýdaly maddalara, witaminlere baý bolup, saglygyň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýärler. Tomus paslynda çogly güneşiň astynda kemsiz bişen bu önümleriň peýdasy barada gürrüň etmegi makul bildik. Bilşimiz ýaly, miweleriň adam bedeniniň immunitetini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uludyr. Iýmit siňdiriş agzalarynyň işine, deriniň ýagdaýyna oňyn täsiri bardyr. Olar içegäniň sagdyn bolmagyna we artykmaç agramdan saplanmaga ýardam edýärler. Miwelerde kaliniň, demriň, magniniň köp bolmagy olaryň gymmatyny artdyrýar. Tebigatyň eçilen serpaýy bolan miweler antibakterial täsire eýe bolup, alyş-çalyş hadysasyny kadalaşdyrýar. Almany alyp göreliň. Ol immun ulgamyny berkitmek üçin peýdalydyr. Gandaky şekeriň mukdarynyň deňagramly bolmagynda, ýürek-damar kesellerinden goranmakda almanyň täsiri uludyr. Sitrus miwelerindäki A, C, P, PP, B2 witaminleri, şeker, turşular, efir ýaglary wiruslara garşy göreşmäge ýardam edýär. Şeýle-de nerw ulgamynyň we beýniniň işini goldaýar. Ter we guradylan erigiň bedene berkidiji täsiriniň bardygyny bellemek gerek. Lukmanlar ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän adamlara, peşew çykaryjy serişdeleri ulanýanlara erik kişdesini iýmegi maslahat berýärler. Böwürslen barada aýdylanda, onuň köki, iýmişi, ýapragy melhemlik häsiýetine eýedir. Organiki turşulyklar, şeker, witaminler sakla

Gawun

Tomus möwsümi dürli bakja we gök önümlerine, miwelere baýdyr. Türkmeniň mele topragynyň mährinden, nurly Günüň çogundan, ilimizde altyn damja deňelýän suwuň neminden geregini inine siňdiren jana şypaly ösümlikler melhemlik häsiýeti bilen-de tapawutlanýarlar. Şu günler, esasan-da, gawun-garpyz möwsümi bolup, şol nygmatlar saçaklarymyzyň berekedini artdyrýar, teşneligiňi gandyrýar, datly tagamy paýlaýar. Gawun diňe datly tagamy bilen däl, eýsem, adam saglygyna peýdalydygy bilen hem ähmiýetlidir. Onuň düzüminde A, C, E, PP, B witaminleri, foliý turşusy, marganes, kaliý, magniý, demir we kalsiý ýaly mineral maddalar bar. Gawunyň düzümindäki kaliý we magniý ýüregiň işleýşini, gan basyşyny kadalaşdyrýar. Önümdäki A witamini gözüň, deriniň, süňkleriň sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Düzümi dürli witaminlere, mineral maddalara, ýeňil özleşýän uglewodlara baý bolan gawun böwrekde daşlaryň bolmagynda, bagyr keselinde, ýokary gan basyşynda, rewmatizmde, nerw dartgynlylygyň öňüni almakda peýdalydyr. Bary-ýogy 100 gram gawunda adama günüň dowamynda gerek bolan С witaminiň dörtden bir bölegi bolup, ol kesellere garşy göreşijilik ukybyňy artdyrýar, bedeni wiruslardan hem-de bakteriýalardan goraýar, ýaranyň bitmegine gowy täsir edýär, sowuklamanyň öňüni alýar. Gawun ganazlykda, aterosklerozda örän peýdalydyr, gan damarlarynda dykyn emele gelmesiniň öňüni alýar.

Saglyk – baş baýlyk

Güneşli Diýarymyzda howanyň aşa gyzýan günlerinde özümizi Günüň göni düşýän şöhlesinden goramalydyrys. Munuň üçin: – Tomus paslynda geýilýän egin-eşikler ak, açyk reňkli, rahat nah matadan tikilen bolmaly.

Gün urmasyndan goranyň!

Tomus paslynyň yssy günlerinde saglyk üçin zyýanly bolan ýagdaýlaryň — Gün urmanyň ýüze çykýan halatlary duş gelýär. Gün urma adam üçin howpludyr. Ol, köplenç, uzak wagtlap yssy howada gezilende Günüň ýiti şöhlesiniň adama göni täsir etmegi zerarly ýüze çykýar. Gün urma, esasan, kiçi ýaşly çagalarda, ýetginjeklerde, uly ýaşly gartaşan adamlarda duş gelýär. Käbir ýagdaýlarda Gün şöhlesiniň bedene güýçli täsiriniň netijesinde, näsagda huş ýitirme ýagdaýynyň ýüze çykmagy hem mümkin. Gün urma ýüze çykanda ilkinji kömek:

«Baýramaly» — hem sapaly, hem şypaly

Mary welaýatynyň Baýramaly şäheri diňe bir özüniň kuwwatly senagat kärhanalary, gadymy ýadygärlikleri bilen däl-de, eýsem, çawy alyslara ýaýran adybir «Baýramaly» şypahanasy bilen hem bellidir. Şypahana, aslynda, ýürek, gan-damar, böwrek kesellerinden ejir çekýänleriň saglygyny berkitmek maksady bilen açylan bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Garaşsyzlyk ýyllarynda, has takygy, 2010-njy ýylda onuň örüsi giňäp, dünýä halklarynyň arasyndaky at-owazasy has-da ýokary göterildi. Bu ýere Ýewropa döwletlerinden, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlaryndan, şonuň ýaly-da, Diýarymyzyň çar künjeginden dynç almaga, saglygyny berkitmäge gelýänleriň sany artdy. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, şypahananyň durky düýpgöter täzelenip, döwrebap ýagdaýa getirildi. Bu ýerde öňden bar bolan sagaldyş merkezlerinde, wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynda we gaýry binalarynda düýpli abatlaýyş, bejergi işleri geçirilip, her biri 250 orunlyk iki sany döwrebap wagtlaýyn ýaşaýyş jaý toplumy guruldy. Bu hem şypahana gelýän müşderileriň sanynyň 800 adama çenli artmagyna we onda berilýän bejergileriň görnüşleriniň 60-dan aşmagyna ýol açdy. Şu günki gün bu şypahanada 800 töweregi adam dynç almak bilen, öz saglygyny berkidýär. Müşderilere lukmanlar d

Tomus: düzgünleri berjaý ediň!

Tomus — dynç alşyň, gezelençleriň, dürli miwedir gök önümleriň ýetişýän döwri. Dynç alşyň lezzetli, gezelençleriň gyzykly bolmagy üçin bolsa, ilki bilen, janymyz sag bolmaly. Hut şonuň üçin hem tomsuň yssy günlerinde saglygyňy durnukly saklamak, kesellerden goranmak esasy wezipe bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli.

Saglygyň gadyryny bilgil...

1. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. 2. Zyýanly endiklerden daşda durmaly.

Yssy howada özüňizi goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär ■ Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde Gün urma hadysalarynyň, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator-ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň!

Awazada çagalaryň gülküsi ýaňlanýar

«Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýip nygtaýan Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil üçin döredilýän şert-mümkinçilikleriň dünýä nusgalykdygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Munuň şeýledigine häzirki wagtda gyzykly hem-de ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş bermek bilen gyzgalaňly dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň çar künjegindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döredilen döwrebap şertler bilen tanyş bolanyňda hem aňryýany bilen göz ýetirmek bolýar. Şeýle unudylmajak ýakymly pursatlar Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky gözelligi bilen görenleri haýrana goýýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda-da biri-birine ulaşýar. Bu ýerdäki amatlyklar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň arzuwlaryň hasyl bolýan mekanydygy baradaky hakykatyň ajaýyp dabaralanmasydyr.

Gün urmasyndan goranyň!

Gün şöhlesiniň adam saglygyna peýdasy uludyr. Ýaş çagalarda igleme keseliniň öňüni almaga ýardamly D witamini Gün şöhlesiniň täsiri arkaly emele gelýär. Munuň üçin ýaş çaga bilen her gün irden sagat 9:00-a çenli, agşam 18:00-dan soň 15 – 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Çagalar kölegede oýnamaly. Olara nah matadan tikilen eşikleri geýdirmeli. Başgapsyz gezdirmeli däl. Gün şöhlesi uly adam üçinem gerekdir. Haçan-da bedende Gün şöhlesi ýetmezçilik edende, keýpsizlik, ukynyň bozulmagy we gaharjaňlyk ýüze çykýar. Ýöne şu günler howanyň aşa gyzýandygyny nazara alyp, Günüň ultramelewşe şöhlesiniň astynda aşa köp bolmakdan saklanmaly. Jöwzaly yssyda özüňi nädogry alyp barmak bedende dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Ýiti Gün şöhlesinden goranylmadyk ýagdaýynda, deride ýanyk, tegmil we ýygyrt peýda bolýar. Gözüň şikes almak ähtimallygy artýar. Tomsuna bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Köp mukdarda suwuklygyň der üsti bilen bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna, insult, infarkt keselleriniň döremegine-de sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin yssy howada günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý suw içmeli. Özem gazlandyrylan ýa-da şireli suwlara, kofä derek arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. 2 ýaşamadyk çagalar, gartaşan adamlar, käbir öýken, ýürek, nerw kesellerinden ejir çekýänler Günüň ýiti şöhlesiniň düşýän wagtynda