Tomusda bedeni taplamak — sagdynlygyň çeşmesi

9 Awgust 2023
508

Güýz-gyş aýlarynda sagdyn ýaşamak, sowuklama keselleriniň öňüni almak maksady bilen, immuniteti pugtalandyrmak üçin iň amatly wagt tomus paslydyr. Tomusda sagdyn durmuş ýörelgesiniň düzgünlerini berjaý etmek üçin ähli mümkinçilikler bardyr. Işjeň hereket etmek, dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden saklanmak, arassa howadan dem almak sagdyn ýaşamagyň möhüm şerti bolup durýar. Her gün ir bilen howanyň salkyn wagtynda daşarda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeli, irden ýa-da agşam pyýada ýöremegi, ylgamagy, welosiped sürmegi endige öwürmeli. Günüň onçakly köp gyzmaýan wagtynda  otlaryň, çagyllaryň üstünde aýakýalaňaç gezmelemek saglyga, esasanam, nerw ulgamyna peýdalydyr.

Yssy günlerde gan damarlarynyň giňemegi bilen, derleme hadysasynyň güýçlenýändigini bellemek gerek. Beden artykmaç gyzgyny daşary çykarýar, der mäzleri arkaly özüni ýokary gyzgynlykdan goraýar. Ýöne aşa köp derlemek hem peýdaly däldir.

Toýbibi Gulmämmedowa,
welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň baş lukmany.
Beýleki habarlar