Iň uly gymmatlyk

9 Awgust 2023
389

Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň aşa gyzmagy sebäpli, Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly. Bu döwürde arassaçylyk we sagdynlyk kadalaryny dogry berjaý etmek aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýiti Gün şöhlesinden goranmak üçin hökman kelläňizde başgap bolmaly we saýawan ulanmaly. Ýanyňyz bilen arassa agyz suwuny almaly. Daşardan gyzyp gelip, sowadyjynyň öňünde oturmak we sowuk suwlary içmek maslahat berilmeýär. Şeýle hem bedeniň kesellerden goraýjylyk ukybyny ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmeli. Miweleri, gök we bakja önümlerini köpräk iýmäge çalyşmaly. Dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan çaýlary, şerbetleri içmek örän peýdalydyr. Limon, apelsin we mandarin ýaly önümlerden taýýarlanylan içgileri peýdalanmak ýerliklidir. Bulardan başga-da gün tertibini berjaý etmeli. Rahat uklamaly, işjeň hereketde bolmaly we sport bilen meşgullanmaly.

Dilaram GURBANOWA,
Saýat etrabynyň Sakar şäher hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary.
Beýleki habarlar