Miweler we saglyk

9 Awgust 2023
450

Bazarlarymyzyň berekedi bolan ir-iýmişler, miweler, gök we bakja önümleri peýdaly maddalara, witaminlere baý bolup, saglygyň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýärler. Tomus paslynda çogly güneşiň astynda kemsiz bişen bu önümleriň peýdasy barada gürrüň etmegi makul bildik.

Bilşimiz ýaly, miweleriň adam bedeniniň immunitetini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uludyr. Iýmit siňdiriş agzalarynyň işine, deriniň ýagdaýyna oňyn täsiri bardyr. Olar içegäniň sagdyn bolmagyna we artykmaç agramdan saplanmaga ýardam edýärler. Miwelerde kaliniň, demriň, magniniň köp bolmagy olaryň gymmatyny artdyrýar. Tebigatyň eçilen serpaýy bolan miweler antibakterial täsire eýe bolup, alyş-çalyş hadysasyny kadalaşdyrýar. Almany alyp göreliň. Ol immun ulgamyny berkitmek üçin peýdalydyr. Gandaky şekeriň mukdarynyň deňagramly bolmagynda, ýürek-damar kesellerinden goranmakda almanyň täsiri uludyr. Sitrus miwelerindäki A, C, P, PP, B2 witaminleri, şeker, turşular, efir ýaglary wiruslara garşy göreşmäge ýardam edýär. Şeýle-de nerw ulgamynyň we beýniniň işini goldaýar. Ter we guradylan erigiň bedene berkidiji täsiriniň bardygyny bellemek gerek. Lukmanlar ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän adamlara, peşew çykaryjy serişdeleri ulanýanlara erik kişdesini iýmegi maslahat berýärler. Böwürslen barada aýdylanda, onuň köki, iýmişi, ýapragy melhemlik häsiýetine eýedir. Organiki turşulyklar, şeker, witaminler saklanýan böwürslen deriniň garramagynyň, görejiň peselmeginiň öňüni alýar. Ol süňküň berk bolmagynda hem peýdalydyr. Adam üçin ýokumly miweleriň biri-de garalydyr. Ol ýatkeşligiňi gowulandyrýar, aşgazan-içege ulgamynyň işini kadalaşdyrýar: işdäni açýar, aşgazandaky duz turşularynyň derejesini azaldýar. Ýertudanada A, C witaminleri, kaliý we kalsiý ýaly elementler bardyr. Ol keýpiňi çaglaýar, ýüregiň sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Smorodina kletçatkalara baýdyr. Ol ýürege peýdaly bolmak bilen, göreje, deriniň çeýe, ýüzüň dury bolmagyna täsir edýär. 

Beýleki habarlar