Derde derman — buýan

9 Awgust 2023
402

Bilşimiz ýaly, ýurdumyz diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem, derde derman topragy bilen hem dünýäni haýrana goýýar. Her bir ot-çöpi melhem bolan Diýarymyzda dermanlyk ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşi bar. Ata-babalarymyzyň dürli kesellerde we ýarawsyzlyklarda giňden ulanan bu ösümlikleri özleri bilen birlikde arkama-arka kemala gelýän nesilleriň hem beden berkliginde we topragymyzyň dermanlyk serişdelerinden peýdalanmaklarynda uly orna eýe bolup durýar.

Halk arasynda adam saglygyna peýdaly bolan ösümlikler irki döwürlerden bäri ulanylýar. Bu günki günde ol jana şypaly ösümlikler Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda öz beýanyny tapýar. Tutuş halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesinde, ylaýta-da, lukmanlaryň arasynda baş görelde mekdebine öwrülen bu kitabyň birinji jildinde beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriniň biri-de buýandyr. Alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu ösümligiň dünýäde 15, ýurdumyzda bolsa 4 görnüşi duş gelýär. Tohumynyň gögerijiligi 10 ýyla çenli saklanyp bilýän buýan, tohumy arkaly köpelende, ömrüniň üçünji ýylynda gülleýär. Awgust-sentýabr aýlarynda miwesi ýetişýän bu ösümlige halk arasynda süýji buýan hem diýilýär. Esasan, sowuklama kesellerinde, ýagny içdäki ýaraly keselleriň, üsgülewügiň, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň, onkibarmak içegäniň sökelliklerinde peýdalanylýan bu ösümlik gyş aýlarynda has hem ýokary ähmiýete eýedir.

Röwşen GORDYÝEW,
lukmançylyk gullugynyň maýory.
Beýleki habarlar